Türkmenistanda ýaşaýyş jaý ýetmezçiligini aradan aýyrmak.

Türkmenistanda ýaşaýyş jaý ýetmezçiligini aradan aýyrmak.

Friday, 18 September, 2009
Türkmenistanda täze ýaşaýyş jaý gurmak programmasyny synçylar şatlykly kabul etdiler, ýöne olar ýurtda köp adamlaryň iň arzan ýaşaýýş jaýy almaga hem gurbunyň ýetmejegini duýdurýarlar.



Ýurduň ministrler kabinetiniň 9-njy sentýabrdaky mejlisinde wise-primýer Tuwakmämmet Japarow ýaşaýyş jay üçin berilýän karzlaryň möçberiniň artdyrylandygyny, hem-de häzirki wagtda 656 sany türkmenistanlynyň ýokary amatlylykly jaýlardaky otaglar üçin şeýle ylalaşyklary baglaşandygyny habar berdi. Mundan bärnäçe gün öň, Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow ýurduň şäherlerinde we posýoloklarynda 4-gatly köp otagly ýaşaýyş jaýlary gurmagy, hem-de jaýlaryň geljeki eýeleriniň öňünden aljak karz serişdelerini gurluşyga çekmegi tabşyrdy.



Bu planyň täze tarapy ýerli gurluşykçylara işiň beriljekligidir. Mundan öň ýaşaýyş jaý gurluşyk kontraktlary diňe uly döwlet gurluşyk ederalaryna ýa-da daşary yurt kompaniýalaryna berilýärdi. Karzlaryň (kreditleriň) öňunden tölenýän töleg hökmünde ulanylamagy hem täze zat, öň tölegler merkezi döwlet býudjetinden geçirilýärdi.



Islege esaslanmadyk öňki sistemanyň netijesinde ýokary amatlylykly köp-gatly ýaşaýyş jaýlarynyň hatarlary emele geldi, ýöne olarda ýaşamaga hiç kimiň gurby ýetmeýänligi sebäpli olar boşlugyna galdy.



Täze gurulýän ýaşaýyş jaýlardaky kwartiralaryň hem edil öňki ýaly has gymmat bolmak howpy gürrüňsiz saklanyp galýar.



“Türkmenistanda durnukly işi we girdejisi bar bolan gaty az adamyň bu kwartiralary almaga güýji ýeter” diýip paýtagt Aşgabatda bir ykdysadyýetçi belledi.



Häzirki wagtda, ýurduň köp böleginde ortaça aýlygyň 210 dollar töweregidigine seretmezden iki otagly kwartiralar ortaça 35 000 amerikan dollaryna satylýar.



Käbir beýleki synçylar has optimistiki pikirde we alyjylaryň uzyn nobatynyň döremegini çaklaýarlar. Olaryň pikiriçe gurluşyk üçin birnäçe kompaniýalara öz teklibini hödürlemäge rugsat bermek köp sanly jaýlaryň gurulmagyna getirer.



Aşgabatda täze kwartira almagy göz öňünde tutýan adam: “Jaý bazarynda teklip artar we netijede bahalar pese gaçar” diýdi.



Ol şeýle-de hökümediň täze karz bermek pikiriniň alyjylar üçin gowy boljakdygyny hem belledi.



Jaý söwdasy bilen meşgullanýan agent täze jaýlara islegiň uly boljakdygy bilen razylaşdy.



Ol “Mysal üçin Änewde (Aşgabatdan 10 km uzaklykda) bir we iki etažly kottežler gurulýär, olaryň bahasynyň (planlaşdyrylýan kwartiralardan) has gymmatdygyna seretmezden olar gaty gowy satylýar” diýdi.



Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysady analitigi Annadurdy Hajyýew bu gurluşyk programmasynyň çäklendirilen masştabdadygyny duýdurýar. Ol ýurtda hakyky zerurlyklara we ilatyň pes satyn alyş ukybyna esaslanan aç-açan ýaşaýyş jaý programmasynyň gerekdigini aýdýar.



Ol “Beýle hasaplamalar edilenok” diýdi.



Ýaşaýyş jaýa bolan islegiň resmi statistikasynyň ýokdugyna seretmezden, käbir synçylar ýüz müňlerçe adamyň zerurçylyk çekýändigine ynanýarlar.



“Köp jaýlar ýykylýar, köp çagalar dogulýar, hem-de özbaşyna jaý gerek maşgalalar gaty köpelýär” diýip Aşgabatdaky metbugat synçysy aýtdy.



2007-nji ýylda Prezident Berdimuhammedow şäherleri we obalary gaýtadan dikeltmek boýunça planlary tassyklady, bu bolsa köp köne ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ýykylmagyna alyp bardy. Ol jaýlardan çykarylanlaryň köpüsi öz garyndaşlary bilen ýaşamaly, ýa-da kwartiralary başgalar bilen paýlaşmaly boldular.



“Öz ene-atalary bilen ýaşaýan, otaglary ýa kwartiralary kärendä alýan, ýa-da dürli ministrliklere degişli wagtlaýyn ýaşaýyş ýerlerini we umumy ýaşaýyş jaýlaryny paýlaşýan adamlaryň sany näçe adama jaý gerekdiginiň görkezijisi” diýip Türkmenistanyň demirgazygyndaky Daşoguzdan bolan kommentator aýtdy.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists