Özbek we Türkmen hökümetleriniň zyýarat döwründäki doňuz dümewinden gorkulary tapawutly
Özbek we Türkmen hökümetleriniň zyýarat döwründäki doňuz dümewinden gorkulary tapawutly
Daşkentiň köpçülikleýin waksinasiýa ýüz uran wagty, türkmen ýolbaşçylygy zyýaratçylaryň ýurtdan çykmagyny düýbünden gadagan etdi.
Özbek musurmanlary 10-njy noýabrdan başlap, hajy ýerine ýetirmek üçin we soňra aýyň soňunda “Aýd al-Adha” baýramçylygyny bellemek üçin syýahata ugrarlar. 5 000 töweregi adam zyýarata gatnaşar, olaryň köpüsi üçin yslamyň iň keramatly ýerleriniň öýi bolan Mekgä bu syýarat ömründe bir gezek bolýan waka bolar.
H1N1 doňuz dümewi epidemiýasy gorkusy, Saud hakimiýetlerini her ýurda berlen kwotalary azaltmaga, hem-de zyýaratçylardan ýurda gelen wagty mediki sertifikaty talap etmäge alyp bardy.
Özbegistanda H1N1 waksinanyň ýokdugyna seretmezden, zyýaratçylardan adaty pasyllaýyn dümewiň garşysyna waksinasiýa almak talap edilýär, hem-de olara keseliň simptomlary we ägälik çäreleri görkezilen broşýuralar berilýär. Gerek bolaýjak ähli dermanlar ýanynda bolan doktorlaryň topary olar bilen bile gider.
Bu çäreler sapara gidýänleri biynjalyk edenok.
“Men öz umudymy hudaýa bagladym we men haja arkaýyn ýürek bilen gitjek” diýip 63 ýaşly Daşkentli aýal Hadija aýtdy. “Eger biz kesellesek, onda bu allanyň emri bilen.”
Gündogardaky Ferganaly 55 ýaşly Munawwar doňuz dümewi bilen kesellemek howpunyň hakykydygyna ynamsyzlyk bildirdi.
“Zyýaratçylara alada edenok” diýip ol aýtdy.
Bütündünýä Saglyk Guramasynyň hasabatyna görä, şu wagta çenli doňuz dümewini hasaba alan ýeke-täk Merkezi Aziýa döwleti Gazagystan bolup, ol ýerde kesellänleriň 17 sanysy anyklanyldy. Regionyň beýleki döwletleri entegem keseliň bolmagy mümkin ýagdaýlary barlagdan geçirýärler.
Türkmenistanda döwletiň Dini Işler boýunça Geňeşi H1N1 ýagdaýlary baradaky hasabatyň elýeterli bolmagyna garaşyp durmady.
Onuň ýerine, bu türkmen raýatlaryna haja gitmegi gadagan etdi.
Resmi taýdan hukulandyrylan musurman işlerine seredýän Muftiýetdäki çeşmäniň aýtmagyna görä, adamlara başga alternatiwa, ýagny Türkmenistandaky keramatly ýerlere zyýarat etmek hödürlenildi.
“Gurban baýramyň [Eýd al-Adha] birinji güni, iň keramatly ýer bolan Ak Işan öwlýasynyň ýanynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň adyndan sadaka berler” diýip çeşme aýtdy.
Türkmenistan zyýarata gitmegi gadagan etmäni ulanan ilkinji döwlet däldir. Tunisiýa hem şeýle çärä baş urdy.
(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)