Türkmenistan we Özbegistan Owganistana NATO-nyň ýüklerine ýol açýarlar

Türkmenistan we Özbegistan Owganistana NATO-nyň ýüklerine ýol açýarlar

Friday, 27 February, 2009
Owganistan bilen umumy serhedi bolan iki merkezi-aziýa ýurtlary Demirgazykatlantik birleşmesi (NATO) Owganistana ýukleri daşamak üçin guryýer we howa ginişligini berýarler.



Taşkente fewral aýynyň 25-ne geçirilen Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň duşuşyklarynyň netijesinde resmi Aşgabat NATO-nyň harby däl ýuklerini daşamak üçin howa koridoryny, özbek häkimiýetiň bolsa öz çäkleriniň üstünden guryýer boýunça rugsat bermek barada ylalaşandyklary mälim boldy.



NATO-nyň harby däl ýer ýükleriniň aglabasy “Egilmesiz azatlyk” operasiýasy üçin niýet bilen daşaljak ýuki Özbegistanyň üstünden iki ugur boýunça daşalar.



Demir ýol arkaly Täjigistasyň üästünden Demirgazyk Owganistana NATO-nyň meýilnamalary boýunça her hepdede iki ýüz konteýnere çenli geçirmek, gury ýer boýunça günorta özbek şäheri Termezden Haýraton owgan şäherine ol Mazari-Şarif şäherinden 100 km aralalykda ýerleşen.



Bilermenler Islam Karimowyň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň NATO üçin ýukleri üstiaşyr daşamaga ýardam bermek boýunça beýanlary iki goňşy döwletleriň bu wajyp meselede pikirleriniň menzeşdigini belemege isleg bildirindiklerini mälim etdi.



Seljermeçiler NATO bilen bu ylalaşyklaryň ozal bardyklaryny prezidentler ön beýan etmediler.



Mysal üçin NATOnyň ýuklerini daşamak meselesi Taşkent bilen fewral aýynyň 17-ne Özbegistana ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň Merkezi komandowaniýasynyň serkerdebaşysynyň Dewid Petreusyň resmi sapary wagtynda çözüldi, Aşgabat bilen bolsa bir aý mundan ozal Petreus Berdimuhamedowyň goldawyny aldy.



Taşkentdaky syýasatçylaryň biri “Karimow we Berdimuhamedow NATO bilen owgan meselesinde hyzmatdaşlygy boýunça güýçli görünmek üçin bile çykyş etdiler” diýip hasap edýar.



Ol Özbegistan üçin 2005-nji ýylda bolan andijandaky ganly wakalar boýunça goýulan sanksiýalaryň gowşamagy we Türkmenistanda ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykandan soňra köp ýyllyk gawagyndan soňra Berdimuhamedowyň häkimiýete gelini bilen bagly gowşamagynyň netijelerinde wajyplygy ýüze çykdy diýip belleýar.



Iki yurt hem günbatar hyzmatdaşlar bilen ähli merkezi-aziýa gazyny satyn alýan we uglewodorod serişdelerine baý bolan Türkmenistanda we Özbegistanda öz ykdysady bähbitlerini öne sürýan Kreml bilen bagly bolmadyk syýasatyny geçirmege isleg bildirdiler.



“Birbada ABŞ- we Günbatara tarap prezidentlar tarapyndan edilýan dostlukly gadamlar Russiýanyň täsirini deňlemek maksadyny yzarlaýar (Türkmenistanda we Özbegistanda)” - diýip Taşkentde synçy belleýär.



Geçen ýylda Özbegistan birnäçe gezek owgan içindäki dawany ýatyrmak boýunça çäreleri köpeltmege çagyrdy we Owganistan boýunça hyzmatdaş topary dikeltmek we oňa Demirgazykatlantik birleşmesiniň wekillerini goşmaga çagyrdy. Ozal ol topara Owganistanyň goňşy ýurtlary Russiýa we ABŞ girýardiler.



Türkmenistan bolsa bitaraplyk derejesine eýe bolup Owganistana ynsanperwerlik kömek maksatnamalara gatnaşyp, öz hasabyna owgan serhedine çenli demir ýol çekip, yzana almasyz elektrogeçirijileri gurýar.



“Türkmenistany we Özbegistany NATO tarapyndan hyzmatdaşlyga çekmek dowam etdirjek hereketleri öz içine alar” - diýip Taşkentden syýasatçy goşýar. – “Bu Günbatar üçin gowy düýdyryjy”.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWPR-nyň taslamasy. Taslama 2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)

Central Asia
Frontline Updates
Support local journalists