Türkmenistan: Hökümet Interneta bahalary peseldýär, ýone giriş çäklenen

Türkmenistan: Hökümet Interneta bahalary peseldýär, ýone giriş çäklenen

Saturday, 7 February, 2009
NBCA-nyň synçylary Internetiň arzandygyna garamazdan köp türkmenistanlylar üçin heniz hem eterli däl.



26-njy ýanwarda köpçülik habar beriş serişdeler Internet hyzmatlarynyň iki esse arzanlandygyny we bütün dünýä kerebi bilen aragatnaşygyň bir sagady kyrk sente barabar boldy diýip habar berdiler.



Şol bada hem Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşen Milli kitaphanada kitaphana müşderleri üçin niýetlenen 18 sany kompýuter bilen üpjün edilen internet-merkezi açyldy. Bu bolsa häkimiýetleriň Internete erkin boljakdygy barada beren wadalarynda tapyljakdyklaryny subut etdi.



Bu barada kararyny ozalky türkmen baştutany Saparmyrat Nyýazowyň Internet we daşary yurt metbugaty gadagan edendigi we aradan çykandan soňra hökümete gelen prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda beýan edipdi.



Berdimuhamedow şeýle hem täze ulanyşa girizilýän desgalary, mekdepleri we çagalar bagyny Interneta birikmek üçin goýulan enjamlaryň diňe bolan mahaly kabul etmegi karar etdi.



Ilkinji internet-kafelar Türkmenistanda 2007-nji ýylyň mart aýynda açyldylar, häzirki wagtda ýurtda odan gowrak internet-hyzmatlary berýän klublar bar we halkara guramalary tarapyndan maliýeşdirilýän birnäçe jemgyýetçilik merkezler bar, olar hem isleg bildirýänleriň zerurlyklaryny üpjün edip bilenoklar.



Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň biri “ýaşlaryň Amerikan merkezinde ýarym sagat internet bilen peýdalanmak üçin iki sagat nobatda otyrmaly” - diýip şikaýat edýär.



NBCA-yň synçylary belleýärler, ýagny Internete bahalar ýurtda iki ýilda iki gezek arzanlady. Bu gezek bahan arzanlamagy internet-klublaryň işinу oňat täsir etdi, olar arzanlan hyzmatlardan peýdalanjak bolýanlar tarapyndan dolyp başladylar. “Bu günler nobatlar hem bar-diýip aşgabatly media-bilermen gürrün berýär. Men üç kafenyň hyzmatlaryndan peýdalandym we gördüm ýagny (ozal) mydama iki kompýuter bolan dördin içinden bahan ýokary bolandygy (1 dollar) sebäpli boşdy adamlar hem internet-kafe baranokdy.”



Käbir ýaş türkmenistanlylar Internet hyzmatlaryň arzanlandygyny gowy kabul etdiler hem-de ene bu babatda azatlyklara garaşýarlar.



“Internet-kefe baranda şahsyýeti barlamagy besetsediler (resminamalaryň barlagyny) hem-de tizligini artdyrsalar,” – diýip nobata garaşyp duran talib teklibini aýtdy.



“Men torda irdenden agşama cenli mümkin çilik bolsa oturjakdym, tölegi hem arzan” diýip ýaş gyz öz arzwlary bilen paýlaşdy.



Emma başga teswirleýjiler Türkmenistanyň 2008-nji ýylda “Serhetsiz habarçylar” Halkara guramasynyň “Internetiň duşmany” diýen sanawynda ýer eýeleýändigini ýatladýärlar.



Hökümetiň jar eden çärelerine garamazdan bütün dünýä toryna ýurtda girizmegi çäklenen, hyzmatlary Türkmenistanda eketäk prowaýderi Türkmentelekom üpjün edýär, ol hem hökümete ýaramaz resurslary kesýär, hususiýetde Gündogar,Watan,TM-iskra,TIPÇ opozisiýada türkmen web sahypalary we günbatar – RFE/RL, IWPR, BBC we sebit-Centrasiýa.ru, Fergana.ru.



Ýerli jurnalist “Biz doly maglumatlaryň wakumynda galýarys, ýone hökümet düýpgöter üýtgemelere karara gelip bilenok” – diýip gynaç bilen aýdýär.



Jurnalist Türkmenistanyň adamlaryna web resurslara erkin girilmegi “mugt gaz, elektrik togy, duzdan” has wajyp diýip pikir edýär.



“Bundan ýaşaýyş gowlanmady, ” – ol diýýar.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)



Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists