Türkmen topary Bütindünýä Iýmit Forumyna gatnaşar.

Türkmen topary Bütindünýä Iýmit Forumyna gatnaşar.

Friday, 30 October, 2009
Dänäniň importyna berk garaşly bolup galýan Türkmenistan, noýabryň ortasynda geçiriljek Bütindünýa Iýmit Forumyna öz delegasiýasyny ibermekçi bolýar.



Birleşen Milletler Guramasynyň Iýmit we Oba-hojalyk Guramasynyň (FAO) ýolbaşçysy Žak Diof Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 24-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda bolup geçen sessiýasynda duşuşdy we ony noýabryň 14-18-i aralygynda geçjek bu çärä çagyrdy.



Turkmenistanyň ýapyk ykdysady sistemasynyň ony global ykdysady krizisiň köp täsirinden gorandygyna seretmezden, NBCA-nyň synçylarynyň aýtmagyna görä, Türkmen hökümeti öz ýurdunyň iýmit gytçylygyna sezawar bolmagyndan howatyrlanýar.



Türkmenistan bugdaý ekip ýetişdirýär, ýöne onuň köp bölegi adamyň sarp etmegi üçin ýaramly däl. Şol sebäpli ýokary hilli dänäniň uly möçberi Gazagystandan we Russiýadan import edilýär. Ýokary hilli dänäniň çäklidigi sebäpli Türkmenistanda un ilata kortoçkalar esasynda paýlanylýar.



Öz şahsynyň aýan edilmegini islemedik türkmen döwlet işgäri şeýle diýdi: “Biz iki ýyl mundan öň başlanan oba-hojalyk reformalaryny öňe süýşürmek üçin, hem-de oba-hojalygyna we azyk senagatyna inwestisiýalar çekmek üçin FAO bilen has köp işleşmäge gyzyklanma bildirýäris”.



Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists