Türkmen-Özbek söwdasy gaty pes ýagdaýda
Türkmen-Özbek söwdasy gaty pes ýagdaýda
Özbegistandan we Türkmenistandan bolan söwda we ykdysadyýet işgärleri ýanwar aýynyň soňunda Daşkentde duşuşarlar, emma ekspertler bu iki döwletiň arasyndaky seresaply gatnaşyklarda uly öňe gidişlige garaşmaýarlar.
Annadurdy Hajjyýew, Ýewropada ýerleşýän türkmen ykdysady analitigi, bu gepleşikleriň umumy regional meseleler bolan suw, energiýa we bilelikde ulanylýan turbaprowodlar ýaly zatlara üns berjekdigini belleýär.
Özbegistan bu meselelerde öňe gitmäge taýýar bolsada, Türkmenistan şol duran ýerinde saklanýar we mesele çözmegiň ýerine hyzmatdaşlyk we medeni baglanyşyklar barada umumy gürrüňler edýär.
Ýene bir çözülmedik mesele serhet-ara söwdasy bolup, bu esasan özbek oba hojalyk önümleriniň eksportyna we türkmen benziniň satuwyna degişli bolup durýar.
Hajyýewiň pikirine görä iki hökümediň hiç-birisem iki taraplaýyn söwdanyň möçberini giňeltmek islänok.
Onuň aýtmagyna görä, ýetip gelýän bilelikdäki ykdysady geňeşiň ýygnagy ýaly duşuşyklar köplenç praktiki meselelerden gaça durýar, hem-de geljeki hyzmatdaşlyga we gowy gatnaşyklara bolan islegi beýan etmek üçin ulanylýar.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.