Türkmenistan we Özbegystan azat Metbugat gününi 'bellediler'

Türkmenistan we Özbegystan azat Metbugat gününi 'bellediler'

Wednesday, 7 May, 2008
hlidünýä azat Metbugat güni Türkmenistanda köpçülikleýin maglumat beriş serişdeleriniň işleýşine prezidentiň tankydy bilen bellenildi, Özbegystanda bolsa häkimiýete wepalylygyny görkezen žurnalistlere prezident tarapdan sowgatlary gowşurmak bilen bellenildi. Ýerli synçylaryň pikirine görä, Özbegystan prezidentiniň bu hereketi azat sözüň hakyky manysyny özbaşdak düşünýändigini görkezýär.



Haçan-da BMG-nyň General Assambleýasy dünýä döwletleriň häkimiýetlerini metbugata azatlygy hem-de onuň demokratik häsiýetini üpjün etmeklige çagyryp, bu sene barada karar kabul edenden soň, Ählidünýä azat Metbugat güni 1993-nji ýylyň 3-nji maý gününden başlap, dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilip başlandy.



Ýylda bu senä bagyşlap, özbaşdak halkara institutlar metbugatyň azatlyk derejesiniň monitoringini we bahalandyrmany geçirýärler.



30 aprelde Freedom House amerikan kanun goraýjy gurama 2008-nji ýylda metbugatyň azatlygy barada maglumaty çap etdi. Bu doklat boýunça Türkmenistan Birma, Eritreý, Liwiýa we Demirgazyk Koreýa döwletleriň hataryndaky dünýä ýurtlaryň alty sany “iň pes” döwletlerine girýändigini belleýär, Özbegystan bolsa “maglumat beriş serişdelerine garşy iň jezaly” on döwletleiň hatarynda durandygyny görkezýär.



“Reportýorlar serhetsiz” («Репортеры без границ») atly halkara žurnalistik guramanyň 2007-nji ýylda çap edilen ýyldaky görkezijisine görä, Türkmenistandaky azatlyk derejesi 169 döwletleriň içinde 167-nji, Özbegystan bolsa 160-njy ýerde ýerleşýändigini görkezýär.



Ählidünýä azat Metbugat güni Türkmenistan we Özbegystan döwletlerinde bellenmeýändigine garamazdan, bu güni häkimiýetler žurnalistlere öz ünsüni bagyş etdiler.



Özbegystanda Ählidünýä azat Metbugat gününi “Altyn Galam” atly žurnalistleriň nobatdaky bäsleşiginiň netijelerini dabaraly bellemek bilen geçirildi. Bu bäsleşigiň esasy ýeňijileri bolup “Özbegyston” döwlet teleradio kanalynyň, “Ahborot” maglumat gepleşikleriň ýolbaşçylary we, şeýle hem, birnäçe döwlet gazetleriň žurnalistleri boldy.



Garaşsyz žurnalistler ýeňijileriň arasynda ýokdy.



“Ählidünýä azat Metbugat gününe bagyşlanan bolsa-da, bu bäsleşigiň geçiriliş usullary adatydy, sebäbi işine baha bermek we sylaglamak diňe döwlet häkimiýetine we prezident Yslam Karimowyň alyp barýan syýasatyna wepaly bolmakdan gelip çykýardy ”- diýip, Daşkentdäki media-synçylaryň biri aýdýar.



Aşgabatdaky synçynyň beren gürrüňine görä, ýerli maglumat beriş serişdelerinde Ählidünýä azat Metbugat güni barada ýekeje söz hem aýdylmady, emma 3-nji maýda çykan “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde ministrler kabinetiniň mejlisi barada maglumat çap edildi. Bu mejlisde prezident Gurbanguly Berdymuhammedow ýurtda bolup geçýän döwlet syýasatyny halka degerli we obýektiw düşündirip bilmeýän türkmen media ýolbaşçylaryna garşy tankyt bilen üstünden düşendigi barada bellenilýär.



Ählidünýä azat Metbugat gününe niýetlenen başga hiç hili çäreleriň bolmadygy belli.



Türkmenistandaky jemgyýet guramalaryň birinde işleýän ýurist, ýerli žurnalistleriň has işeňňirlik bilen gatnaşyp, öz hukuklaryny goramakda dürli usullardan, meselem, ählidünýä senelerinden, peýdalanmalydygyny nygtaýar.



“Žurnalistler döwlet tabşyrygy bilen ýazylýan çap etmeleriň iň bolmanda bir bölegini aýyrmagy talap etmeli, şonda, mümkin, özüni başlangyç demokrat diýip hasap edýän häkimiýet žurnalistlere tarap ädim ederdi” – diýip, ol aýdýar.



Aşgabatdaky media-ekspert “bu asla mümkin däl, sebäbi hemme ýerli žurnalistler döwlet maglumat beriş serişdelerinde işleýärler we ýolbaşçylaryň tabşyrygy boýunça maglumat ýazmaly bolýandygyna kanagatlanarly seredýärler” – diýip, düşündirýär.



Şeýle pikir bilen Daşkentdäki media-synçy hem razylaşýar. Onuň aýtmagyna görä, umumy raýat hukuklaryna biperwaý garamak şertlerinde, ýaşaýyş derejesiniň pes bolmagynda we durmuşy şowsuzlyk ýagdaýynda köp žurnalistler häkimiýete ýakyn durmaklyga isleg bildirýärler, “ideologiki işgärleriň” ýeňilliklerinden peýdalanyp, wezipeli adamlar bilen bolan ýakynlyklaryndan peýdalanyp öz hojalyk meselelerini çözmeklige ugrukdyrýarlar.



Ondan başga-da, žurnalist toparlarynda köpüsi döwletiň töweregini duşman gurşap alandygyna we Günbataryň “maglumat urşunda” nyşan bolup durandygyna hakykatdan hem ynanýarlar.



Bu adamlar söz azatlygynyň we metbugat azatlygynyň günbatar düşünjesi boýunça Özbegystanyň we Türkmenistanyň garaşsyzlygyna we durnuklylygyna howp ýetirýändigine tüýs ýürekden ynanýarlar, şonuň üçin hem başgaça işlemäge taýýar däldigini belleýär.



(NBCA – IWPR tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleri boýunça täzeliklere we kommentariý takyklamalara ähli region boýunça synçylaryň giňden gatnaşmagynda syn etmek üçin köp dilli gulluk döretmek maksady bilen döredilen taslama. Taslama 2006-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli regionyň bäş döwletinde dowam etdi. Täzeden maliýeleşdirmegi bilen gulluk Özbegystanda we Türkmenistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegini dowam edýär.)

Central Asia
Frontline Updates
Support local journalists