Türkmen mugallymlary köçeleri süpürmäge mejbur bolýarlar

Sowet döwründen galan subbotnik geçirmek adaty Türkmenistanda bu günleri hem ýaşaýar ekeni. Emma bu günler bu däp hakyky manysyzlyga alyp barýar. Adamlar işlenýän günleri hem işden soň subbotniga çykmaly bolýarlar, hatda, olaryň wezipesine hiç dogry gelme

Türkmen mugallymlary köçeleri süpürmäge mejbur bolýarlar

Sowet döwründen galan subbotnik geçirmek adaty Türkmenistanda bu günleri hem ýaşaýar ekeni. Emma bu günler bu däp hakyky manysyzlyga alyp barýar. Adamlar işlenýän günleri hem işden soň subbotniga çykmaly bolýarlar, hatda, olaryň wezipesine hiç dogry gelme

IWPR

Institute for War & Peace Reporting
Tuesday, 31 October, 2006
Mysal üçin, Türkmenabat şäheriniň munitsipal gullugynyň işgärlerini pagta meýdanlaryna pagta şinelerine seretmäge göýberýärler. Şonuň üçin hem olaryň islerini ýönekeý mugallymlar bilen döwlet edaralaryň işgärleri etmeli bolýarlar. Iş günleri iş sagatlaryndan soň hem-de dynç günleri olar köçeleri süpürüp, gurluşyk hapalaryny toplamaga we agaçlary gyrkmaga mejbur bolýarlar.



Elbetde, bu subbotnikler mugallymlar üçin goşmaça nagruzka bolýar. Aýratyn-da okuw ýylyň soňunda, ekzamen wagty ýakynlaşanda..



Türkmenabadyň şäher komitetiniň bir işgäriniň aýdyşy ýaly, mugallymlara hakykatdan-da kyn düşýär, çünki olaryň esasy borjy çagalara bilim bermek we olary gelejek durmuşa taýyn etmek.



Türkmenabadyň ýerli häkimiýetleri buny pul ýetmezligi sebäpli edýän bolmaly, cünki munitsipal gulluklaryň işgärlerini hemmesini pagta meýdanlaryna göýberenler. Başga işçileri hakyna almana bolsa maddy mümkinçilikleri ýok. Bu ýagdaý giň galdyrýar, cünki ýurdyň gaz bilen pagta eksporty gowy girdeji getirýär, emma bu pul döwlet hazynasyna gitmeýar gerek bolsa.



Büjet çykdajylaryny tygşytly harjamak üçin häkimiýetler bundan başga çäreleri hem görýärler. Mysal üçin, büjet edaralaryň işgärleriniň köpçülikleýin işden cykartmagy. Meselem, meditsina işgärleriniň ýerine hastahanalara harby bölümleriň esgerlerini sanitary hökmünde işlemäne göýberýärler.



Türkmenabat pagta işledilýän senagadynyň merkezi bolansoň, şäher häkimiýetleri munitsipal gulluklaryň işgärlerinden başga meýdan işlerine senagat kärhanalaryň işçilerini hem göýberýärler. Dokma fabrikasynyň bir işçisiniň aýdyşy ýaly, ony hem de onuň işgärlerini gruppalara bölüp 10-15 gün pagta meýdanynda işledýärler. Ýene-de olaryň özleri ýol bilen ýimide pul harjamaly bolýarlar.



Bu işçileriň käbirleri bolsa obadaşlaryna hakyny töläp özleriniň ýerine işlämage göýbermeli bolýarlar. Maşgalasyny bunuň ýaly uzyn wagta taşlap gidip bilmeýänler bolsa arza ýazyp işden gitmeli bolýarlar.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists