Regional hukuk goraýjy guramanyň Merkezi Aziýa üns bermegi zerur

Täze döredilen musulman döwletlerinde adam hukuklaryna seretjek gözegçi gurama üçin Merkezi Aziýa döwletlerine gözegçilik edip başlamak ýerlikli bolar diýip hukuk aktiwistleri aýdýarlar.

Regional hukuk goraýjy guramanyň Merkezi Aziýa üns bermegi zerur

Täze döredilen musulman döwletlerinde adam hukuklaryna seretjek gözegçi gurama üçin Merkezi Aziýa döwletlerine gözegçilik edip başlamak ýerlikli bolar diýip hukuk aktiwistleri aýdýarlar.

Thursday, 7 July, 2011

Gazagystanyň paýtagtynda 30-njy iýunda geçirilen Islam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda 18 sany agzaly adam hukuklary komissiýasynyň plany tassyklanyldy.

Bu çärede çykyş edenler Demirgazyk Afrikada we Ýakyn Gündogardaky protestleriň tolkunynyň musulman dünýäsinde köpüräk demokratiýa we adam hukuklaryna hormat üçin düýpli reformalara zerurlyk bardygyny görkezendigini bellediler.

YHG-nyň Dialog we Hyzmatdaşlyk üçin Ýaşlar Forumynyň ýolbaşçysy Elşat Iskandarowyň bize (IWPR-a) aýtmagyna görä, Arab ýurtlaryndaky köpçülikleýin çykyşlar adamlary öz döwletlerini dolandyrmaga gatnaşdyrmagyň başa barmandygyny görkezýär.

Iskandarow YHG-nyň adam hukuklary strukturasynyň döredilmegini goldap şeýle diýdi: “Başgalaryň ony biziň üçin etmezligi üçin, bize öz adam hukuklary ýagdaýymyzyň üstünde işlemek gerek”.

Merkezi Aziýadan bolan adam hukuklaryny goraýjylaryň aýtmagyna görä komissiýanyň öz ünsüni Özbegistana we Türkmenistana gönükdirmegi gerek. Ol ýurtlaryň ikisinde hem köpüräk musulmanlar ýaşaýar we ikisen YHG-nyň agzalary.

ABŞ-da ýerleşen Fridom Haus (Freedom House) guramasy özüniň “Dünýädäki Azatlyk 2011” hasabatynda Türkmenistany we Özbegistany “iň erbetleriň erbedi” atly ýurtlaryň arasynda goýýar.

Özbegistanyň Garaşsyz Adam Hukuklaryny Goraýjylarynyň Inisiatiwa Toparynyň ýolbaşçysy Surat Ikramowyň aýtmagyna görä YHG komissiýasynyň dine uýýan musulmanlaryň yzyrlanmagy we gynalmagy ýagdaýlaryna seretmegi gerek.

“Musulmanlar diňe hudaýa çukunýany üçin köpçülikleýin tussag we sud edilýärler. Olar käbir dini hereketler bilen bagly bolmakda aýyplanýarlar, ýöne bu hiç wagt sudda subut eilen zat däl,” diýip Ikramow aýtdy. “Muňa hiç-hili delil ýok bolsada, olar yslam terroristleri hökmünde beýan edilýärler.”

YHG-nyň adam hukuklary guramasyna Özbek we Türkmen häkimiýetlerine basyş etmek aňsat bolmaz.

“BMG, YHHG we Yewropa Birleşigi ýaly adam hukuklaryny goramakda uly iş edýän çynlakaý guramalar hem Özbegistanda we Türkmenistanda bu ugurda uly progres edip bilmediler” diýip Ikramow aýtdy. “Häkimiýetler mundan gaçmak üçin her zat edýärler we temmi bermegi we gynamalary dowam etdirýärler.”

Niderlandlarda ýerleşýän Türkmenistanyň graždan demokratiki soýuzynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedowyň pikirine görä täze komissiýany döretmek köp wagta çeker we YHG-nyň 57 agzasynyň arasynda koordinirlemek köp wagty talap eder.

“Men bu komissiýanyň rekomendasiýalaryny Türkmenistanyň häkimiýetleriniň haçanam bolsa diňlejegine ynanyp duramok” diýip Mamedow aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Frontline Updates
Support local journalists