Özbek-Türkmen gepleşikleri iki etniki toparyňam ynamyny ödemedi
Özbek-Türkmen gepleşikleri iki etniki toparyňam ynamyny ödemedi
Özbegistanyň prezidenti Islam Karimowyň Türkmenistana wiziti ol ýerde ýaşaýan az sanly özbek toparlarynyň problemalaryna ünsi çekmegi başarmady.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar çylşyrymly bolup gelýärdi we şol sebäpli Karimowyň 19-20-nji oktýabrdaky sapary gaty wajyp bolup, saparyň dowamynda iki täze ylalaşyga gol çekildi we şeýle-de ykdysady we hopsyzlyk hyzmatdaşlygyna deglip geçildi.
"Özbegistan we Türkmenistan biri-birine ýakyn bolmaga ymtylyş boýunça bir ugurda barýar" diýip Karimow Aşgabatda jemleýji metbugat konferensiýasynda aýtdy.
Onuň wizitiniň dowamynda türkmen-özbek “dostluk festiwaly” Türkmenistanyň demirgazygyndaky Özbegistana degip duran Daşoguz welaýatynda geçirildi.
Daşoguz we Lebap welaýatlary etniki Özbekleriň uly toparynyň ýaşaýan ýeri bolup durýar. Özbegistandaky adam hukuklary topary bolan Nažot Türkmenistanyň tutuş 5 million ilatynyň 9,2 %-ni özbeler tutýar diýip çaklaýar. Şol bir wagtda Özbegistanyň serhede ýakyn Horezm, Surhandarýa we Garagalpagystan regionlarynda 150 000-den gowrak etniki türkmenler ýaşaýar.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow özbek jemgyýetine şübheli seredýärdi. Bu ýagdaý 2002-nji ýyldaky Nyýazowy ýok etmäge edilen başa barmadyk synanyşyklardan soň has-da erbetleşdi, sebäbi ol Daşkendi ony gurnamaga gatnaşmakda aýyplady. Ol soňlugyça etniki özbekleri ýokary wezipelerden aýyrdy.
2006-njy ýylda özbek dilinde bilim berýän mekdepler we özbek dilinde çap edilýän ýeke-täk gazet bolan “Dustluk Baýrogi” ýapyldy.
2008-nji ýylda serhet zonalarynda ýaşaýan köp özbekler deportasiýa edildi, maşgalalar bölündi, olaryň köpüsine pasport bermekden ýüz döndürildi, hem-de diskriminasiýanyň beýleki formalary ulanyldy.
Diňe Daşoguz welaýatynda iň azyndan müň sany milleti özbek bolan adamlar wagtlaýyn rugsatnama esasynda ýaşaýarlar. Eger Türkmenistanda maşgala guran bolsa kanuny taýdan olary deportasiýa etmegiň gadagandygyna seretmezden, asly Özbegistandan bolan adamlar üçin yzyna ugradylmak howpy hemişelik saklanyp galýar.
“Eger wiza üçin pul tölemeseň, deportasiýa edip bilýärler” diýip ýerli kommentator aýdýar.
Özbekler häkimiýetleriň alyp barýan “türkmenleşdiriş” syýasatyna razy däl. Bu syýasat olaryň çagalaryny mekdepde özbekçe däl-de türkmençe öwrenmäge, şeýle-de olar üçin başga milletiňki bolan türkmen eşikleri giýmäge mejbur edýär. Olarda öz dilini we medeniýetini gorap saklamaga hiç-hili hukuk ýok we türkmen eşikleri mekdeplerde etniki gelip çykyşyna seretmezden hemmeler üçin hökmany zat bolup durýär.
Özbegistanyň etniki türkmen ýaşaýjylary beýle giň möçberli diskriminasiýadan ejir çekenoklar, hem-de olaryň öz dillerini öňe sürýän medeiýet merkezleri we mekdepleri bar.
Haçan-da president Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylda döwlet başyna geçeninde gatnaşyklar iň bolmanda diplomatiki derejede gowulaşyp başlady.
Karimow şol ýyl Aşgabata geldi we Berdimuhammedow 2008-nji ýylda jogap saparyny amala aşyrdy. Iki liderem gatnaşyklary gowulandyrmagy wada berdiler. Şonuň üçin şu hepde Karimow Aşgabada geleninde serhediň iki tarapynda ýaşaýan adamlaram bu sapar özleri üçinem ýagdaýyň gowulanmagyna getirer diýip umyt etdiler.
Türkmenistanda ýaşaýan özbekleriň garşysyna diskriminasiýadan başga serhet ýakasyndaky jemgyýetleriň esasy şikaýatlaryň birisi olar üçin çäklendirmeleriň gaty berklgi bolup durýar. Serhediň bir tarapynda ýaşaýan özbekler we türkmenler beýleki tarapdaky garyndaşlaryna diňe aýda bir gezek, her gezekde üç günden köp bolmadyk möhlet bilen baryp bilýärler.
Türkmenistanyň Nyýazow etrabyndan bolan bir aýal maşgalanyň aýtmagyna görä, bu diplomatiki gatnaşyklaryň gowulanmagyndan öňki ýagdaýdanam erbetleşdi.
“Soňky özbek-türkmen gepleşiklerinden öň biz her gidenimizde ýedi günlük ol ýerde bolup bilýärdik we bir aýyň dowamynda näçe gezek geçip bilýänimiz çäklendirilmeýärdi” diýip ol aýtdy.
Özbegistanyň Horezm regionynda ýaşaýan etniki türkmen hem serhet düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegini isleýär.
“Biz özümiziň taryhy watanymyzda ýaşaýan bir milletli adamlarymyz bilen peselip barýan gatnaşyklary gowy derejede saklamak isleýäris” diýip ol aýtdy we serhetden geçmegiň sanynyň çäklendirilmeginiň muny kynlaşdyrandygyny belledi.
Beýleki pikiri soralanlar her gezek serhetden geçende töleýän tölegleriniň gaty ulydygyny aýtdylar.
“Biz Türkmenistanda üç gün bolmak üçin ýedi dollar tölemeli bolýarys” diýip Horezm oblastynyň Koşkupyr raýonynyň trkmen ýaşaýjysy Alty aýtdy. “Bu biziň üçin gaty uly pul.”
Horezm oblastynyň Şawot şäherçesiniň ýaşaýjysy onuň türkmen we özbek prezidentlerinden eşiden ebedi dostluk baradaky sözleriniň ýeterlik däldigini, hem-de olar tarapyndan anyk hereketleriň zerurdygyny aýtdy.
Daşkentli syýasy analitik Kahramon Aliýew az sanly etniki toparlar baradaky soragyň giňişleýin diplomatiki gatnaşyklarda uly orny eýelemeýändigini aýtdy. Özbegistan we Türkmenistan diňe regional suw, energiýa we turbaprowod meselelerine gezek gelende umumy pozisiýany tapmaga çalyşýarlar.
“Türkmenistandaky özbeklere bu şertlerde bir zat edip ýaşamagy öwrenmek gerek bolar” diýip ol aýtdy.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.