Türkmenistan we Özbegystan “ejiz” döwletleriň toparynda

Türkmenistan we Özbegystan “ejiz” döwletleriň toparynda

Monday, 30 June, 2008
Uglewodoroda baý bolan iki Merkezi Aziýadaky döwlet, amerikan barlag merkeziniň düşündiriş bermegine görä, regionyň iň gowşak döwletlerine barabardyr, ýerli synçylaryň pikirine görä, bu ýagdaý ilki bilen döwlet dolandyryşyň pes hili we awtoritar syýasy klimat bilen baglydyr.



Apreliň başynda ösýän ýurtlaryň ejizliginiň derejesini görkezmek üçin ABŞ-da ýerleşýän Brookings Institution barlag merkezi maglumat çap etdi. Şol maglumata görä, 141 dünýä döwletleriň hatarynda Türkmenistan we Özbegystan iň aşaky 35 we 36-njy sanda ýerleşýändigini görkezýär.



Somali we Owganystan döwletleriň hatarda baştutanlygyny görkezip, Merkezi Aziýa döwletlerinden Gazagystan we Gyrgyzystan 89 we 73-nji ýerlerde ýerleşýändigini deňeşdirip, şol sany mysal üçin görkezýär.



Bu görkezijiler her döwletde bar bolan durmuşy-ykdysady we jemgyýet-syýasy klimatyna, häkimiýetiň iş netijeligine, olaryň açyklygyna we hasabat berşine esaslanýar.



NBCA-nyň geçiren soragnamasyna görä, ýerli synçylar daşary ýurt ekspertleriň bu beren bahasy bilen ylalaşýarlar. Sebäbi bu bahalandyrma Özbegystan we Türkmenistan döwletlerinde ýaşaýyş derejesi örän pes hilli, raýatlar syýasy azatlyklardan kesilendigi we wezipe eýeleýän işgärleriň para satylmagy – korrupsiýanyň ösendigini görkezýär.



Şeýle hem dikleýin berk tabynlyk görnüşde gurlan türkmen we özbek häkimiýetleri bu döwletleriň raýatlaryna güýçli we durnukly bolup görünýärler.



Prezident Islam Karimowyň awtoritar häkimiýeti sowet döwletlerinden soň dörän giňişliklerinde, bazar nyrhyna geçmedik, ejiz ykdysadyýete, wagtal-wagtal gaýtalanýan sosial nägileligiň döremegine garamazdan, iň durnuklylaryň biri bolup, döwlet gurluşy syýasy durnuklylygyny görkezýär. “17-di ýyl häkumuýetlik edip, prezidentiň ýene-de nobatdaky möhlete saýlanmagy muňa mysal bolup dur” – diýip, Özbegystandaky media-synçy aýdýar.



Türkmen we özbek döwlet dolandyryş shemasynyň aýratynlyklarynyň biri bolan – bu hem hemişe bolup geçýän aýlaw hereketi we ýokary derejeli wezipeli adamlaryň işden boşadylmagydyr.



Meselem, Özbegystanyň prezidenti Yslam Karimow diňe soňky üç ýarym aýyň dowamynda dört welaýatyň – Fergana, Horezm, Surhandarýa we Samarkand welaýatlaryň ýolbaşçylaryny çalyşdy. Ýolbaşçylaryň iş hiliniň ýeterlik derejede bolmadygy, durmuşy meýilnamalarda we reformalary geçirmekde kemçilikler bolandygy we gös-göni korrupsiýada günäkärlemek bilen işden boşatmagy bahana hökmünde görkezýär.

Edil şeýle bahanalar bilen, 6 aý synag möhleti bilen wezipä bellenýändigine garamazdan, Türkmenistanyň welaýat we pudak ýolbaşçylary hem çalşyrlyp durlar. Elbetde, prezidentiň ýüze çykaran kemçilikleri sebäpli bu ýolbaşçylar öz gulluk ýerini synag möhletiniň tamamlanmagyndan öň ýitirýärler.



“Jemagatyň öňünde ýolbaşçylary dergemekligi döwlet baştutanynyň adalat we kanunçylyk ugrunda alada edýändigini görkezmek üçin edilýär, emma bu hereketler döwlet dolandyrşynyň reformalaryna, kanun çykaryjy häkimiýete hasabat bermeýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň gurluş sistemasyny üýtgetmeýär” – diýip, NBCA-nyň Aşgabatdaky synçysy belleýär.



Giň taryplanýan dürli durmuşy meýilnamalar arkaly – ilatyň garyp gatlagyna niýetlenen kömek, pensiýalary we sosial tölegleri köpeltmek ýollar bilen ykdysadyýet kynçylyklary, işsizlik sebäpli adamlarda döreýän durmuşy närazylyklary bolsa bölekleýin üstüni ýapýarlar.



“Häkimiýetini has güýçlendirip saklamak üçin, Prezidentleriň (Özbegystanyň we Türkmenistanyň) hut şahsy gözegçiliginde bolan, uglewodorody, altyn gazyp alýan we pagta öndürýän senagatlaryň daşary ýurda sytalmagy arkaly gelýän girdejisi naýbaşy häkimiýet kökünde duran adamlaryň işdämenlik isleglerini kanagatlandyrmak, şeýle hem äpet uly jezaly apparaty ýöretmek üçin döwlet býujetine girizilýär” – diýip, Daşkentdäki synçy öz pikirini aýdýar.



Bu ýagdaýy diňe toparlaýyn özgertmeler, ýagny sistemalaýyn reformalar arkaly üýtgedip bolar, diýip ekspertler hasap edýärler. Onuň üçin, iň bolmanda döwlet baştutanlaryň syýasy erjelligi - erk-islegi gerekdir. Hakykatda bolsa, iki döwletiň liderlary beýle islege ymtylmaýarlar, atly halkara institutlaryň beren formal synag bahalary bolsa, ekspertleriň pikirine görä, netije bermeýär.



“Özüni gaty ynamly alyp barmakda we häkimiýete bolan howpy aýyrmaga kömek edýän zatlaryň biri, bu hem köptaraply daşarky syýasat, ýagny Rosiýanyň, Günbataryň, Hytaýyň we, ýakyn wagtlardan başlap, arap ýurtlaryň regional geopolitik gyzyklanmalary arasynda hemişe sapalak atmak hereketi bilen ýerine ýetirilýär”- diýip, synçylaryň biri düşündirýär.



(NBCA – IWPR tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleri boýunça täzeliklere we kommentariý takyklamalara ähli region boýunça synçylaryň giňden gatnaşmagynda syn etmek üçin köp dilli gulluk döretmek maksady bilen döredilen taslama. Taslama 2006-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli regionyň bäş döwletinde dowam etdi. Täzeden maliýeleşdirmegi bilen gulluk Özbegystanda we Türkmenistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegini dowam edýär.)
Central Asia
Frontline Updates
Support local journalists