Türkmenistan: bugdaý ýetmezçiliginiň bolaýmagy howsalalyk getirýär.
Türkmenistan: bugdaý ýetmezçiliginiň bolaýmagy howsalalyk getirýär.
20 iýulda Türkmenistan her ýylda geçirilýän Galla baýramyny dabaraly belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bugdaý ýygylyşynyň gutarylmagyny beýan edip ýer eýelerini gutlady, ýone ýygylan bugdaý barada köp ýyllap beýan resmi maglumatlar ilkinji gezek çap edilmedi.
NBCA-nyň Aşgabatdaky synçylarynyň birisi bu diňe bugdaý barada beýan edilen meýilnamanyň ýerine ýetirilmedigini aňladýär diýip guman etdi.
2008-nji ýylda hökümet 1 million 800 mün tonna bugdaý almagy meýilleşdirdiler, bu olaryň pikiri boýunça yurdyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýeterlik.
Resmi statistika görä geçen ýylda alynan hasyl 1,2 million tonna barabar, garaşsyz hasaplamalara görä – bir million tonna barabaк boldy.
2005-nji ýyldaky ABŞ-nyň oba hojalyk ministrliginiň hünärmenleriniň garaşsyz bahalandyryşyna laýyklykda Türkmenistanyň gallada zerurlygynyň ýyllyk möçberi 2,5 million tonna barabar.
21-nji ýulda geçirilen ministrler kabinetiniň maslahatynda ykdysadyýet we ösüş ministry Gurbanmyrat Gurbanmyradow häzirki wagtda ilatyň 2008-2012-nji ýyllar aralykdaky azyk üpjünçiligiň Maksatnamasy işlenýär, ol hem adamlaryň maldarçylyk, gök, çörek önümlerdäki zerurlyklaryny öz içine alýar diýip habar berdi.
Hökümet bu mesele bilen dünýä bazarlarda azyga bahalaryň galmagy we galla eksporter ýurtlaryň üpjünçiliginiň azaltmagy esasynda Türkmenistanda un bilen üpjünçiliginiň agsamagy başlananson aladalandy.
Türkmenistan her ýyl azyk gallany Kazagystandan we Russiýadan getirýär, ýurdyň gurak klimatly şertlerinde esasy galla kormowoý sortlary ýetişdirilýär olar hem un öndürmek üçin ýaramaz we gallan ýeterlik derejede hasylynyň alnan ýagdaýynda-da daşyndan getirmekden ýüz döndürip bolmaz.
Türkmenistandaky dürli kunjeklerindäki NBCA-nyň synçylary häzirki wagtdaky un we galla bilen bagly ýgdaýyn agyrlygy hakynda bu önümlere bazarlarda bahalaryn galmagy, we çörel dukanlardaky nobatlar hem-de bişirilýän çöregiň hilinden aňyp bolýär diýip aýdýärlar.
“Aşgabatdaky dukanlarda çörek elmydama diýen ýaly bar, welaýat merkezlerde- Türkmenabat, Daşoguz, Maryda çörek dukanlarda galanok” – diýip Türkmenistan boýunça NBCA-nyň synçylarynyň biri gürrün berýär. “Has çalt arzan buhankalar 1000 manatdan (ABŞ 7 sent töweregi) satyn alynýärlar, haçanda dukanlarda bu çörek gutaranda, onda adamlar ak undan lawaş we buhankalary iki esse gymmat bahalardan almaly bolýärlar.”
Häzirki döwürde ýurdyň ähli künjeklerinde paýtagdan başga un kadalaşdyrylan ulgam boýunça paýlanýär, kada laýyklykda maşgalan bir agzasyna 4-6 kg un aýda berilýär. Kartoçka boýuça arzan ýerli birinji sort uny bahasy 3 mün manatdan (21 sent) bir kile üçin satylýär.
Bazarlarda we täjirçilik dukanlarda esasy rusiiýanyň we kazahstanyň ýokary sort ununy bir bäş kilelik pakedi üçin 75 mün manat (5 ýarym dollary) baha bilen satylýär.
Emma ýokary hilli uny diňe baý şäherliler satyn alýarlar.
Şäherdäki öý hojalykçylaryň biri “Men russiýa ununy halaýan hemde 5 kileden kän alamok, men iki adamdan ybarat bolan maşgalama bir näçe aýa etýär. Ýöne köp çagaly maşgala özüne bular ýaly mümkin çilige ýol berip bilenok, sebäbi örän gymmat ” diýip pikirini bilen paýlaşdy.
Oba ýerlerde çörek adatça öýde bişirilýär, şu sebäpli her maşgala uny uly haltalarda ýagny 50 kg almaly bolýär, olaryň her birisi bir-bir ýarym aýda sarp edilýär.
Teswirleýjiler oba ýaşaýjylar gelýän güýz-gyş möwsüminde ýurdyň azyk üpjünçilik meýilnamalaryna ruhy peslik bilen garaýandyklaryny belläp. Daýhanlaryň aç gyşyn bolmagyndan howlanyp, döwletiň goldawyna ymyt etmän öz galladaky zerurlyklaryny özbaşdak üpjün etmege çemeleşýärler.
Ýurdyň demir gazyk Daşoguz welaýatyndan NBCA-nyň güründeşi “adamlar öz melleklerine çenli ýerleri bugdaý bilen ekýärler,” –diýär.
(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)