ABŞ Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ýakynlaşmagyna ýardam edyär
ABŞ Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ýakynlaşmagyna ýardam edyär
28-ji fewralda Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň energetika diplomatiýasy meseleleri boýunça döwlet sekretarynyň kömekçisiniň birinji orunbasary Stiwen Mann bilen gepleşikleri bolup geçdi.
Maslahatyň esasy temasy ýangyç-energetika kompleksini ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlyk we Aşgabadyň Günbatar tarapyndan aktiw goldanylýan, energiýaly maddalary Orsýediň daşyndan aýlap akdyrmak üçin niýetlenen Transhazar turbaly geçirijiniň gurluşygyna gatnaşmagy hakda boldy.
Transhazar taslamasyna esasy gatnaşyjylar hökmünde görülýän Türkmenistan bilen Azerbaýjana gezek-gezegine gatnaýan amerikan diplomatynyň Aşgabada şu ýylyň başyndan bäri eýýäm ikinji gezek gelişi.
Aşgabada saparynyň üç gün öň ýany amerikan diplomaty eýýäm taslamanyň tehniki-ykdysady delillerini taýarlamak boýunça tenderiň geçirilen ýeri Bakuwda boldy.
Uzynlygy 2000 kilometire, kuwwaty ýylda 30-32 milýard kubometr tebigy gaza deň bolan Transhazar turbaly geçirijini Hazaryň türkmen kenaryndan başlap, denziň asty bilen hem Azerbaýjanyň hem Türkiýeniň üsti bilen çekip, Günorta hem Merkezi Ýewropa gidýän “Nabukko” gaz geçirijisi bilen birleşdirmek planlaşdyrylýar.
Bu turbany esasan türkmen hem Azerbaýjan gazy bilen doldurmak niýet edilýär.
Orsýediň daşyndan aýlanyp geçýän gaz geçirijini gurmak ideýasy Günbatarda 1998-ji ýylda döräpdi, emma birnäçe sebäplere görä henize çenli durmuşa geçirilmän gelipdi.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine sowet döwründen galan ýeke-täk tranzit turba bilen akýan türkmen gazynyň esasy alyjysy bolan Kreml aktiwlik bilen päsgel berip gelýär we ýenede bu taslamaa Hazar deňzindaki “Käpäz”-“Serdar” nebitgaz ýatagynyň üstünde türkmen-azerbaýjan aradaky heniz çözülmedik dawwa päsgel berýär.
Bu ýataklaryň kime degişlidigi baradaky jedel Hazar deňziniň status durumy kesgitlenenden soň çözülip biliner, emma şu wagta çenli bu mesele babatda Aşgabat bilen Bakuw biri-birine ters gelýän garaýyşda durup geldiler.
Azerbaýjan deňizi iki kenarada deň orta çyzykdan bölüşmegi özüne peýdaly görýär, çünki bu oňa nebit känlerine eýe bolmakda artykmaçlyk berýär, Türkmenistan bolsa Hazary kenarýaka nebit skwajynalaryny hasaba alyp bölüşmegi adyl görýär.
Yne indi bu iş amerikan diplomatiýasynyň ýardamy bilen “öli nokatdan” üýtgäp biljek şekilli.
Synçylar türkmen energiýa maddalaryny dürli ugurlardan akdyrmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin “şowly zamanyň” gelendigi barada gürrün edýärler.
NBCA-nyň syýasy bilermeni Mars Saryýew Stiwen Mannyň saparynyň Orsýetde prezident saýlawlarynyň geçirilmegi netijesinde “düýpli kararlary” kabul edýän häkimiýet edaralaryndaky kadyrlar çalşygy bilen bagly “Kreml häkimiýetiniň ysmaz bolan” wagtyna gabat gelendigine ünsi çekýär.
“Mann, pursatdan peýdalanyp, Azerbaýjan bilen dawwaly meseläni çözmek niýeti bilen, Orsýet tarapa göwünjeň bolup duran Aşgabada basyş etdi we indi, mümkin, Berdimuhamedow bilen Alyýew ikisi amerikan tarapynyň hemaýaty astynda we Günbataryň uly mukdarly maýa goýumlary ýatyrylaýan yagdaýynda bir ortak geleşige gelip bilerler” – diýip Saryýew aýdýar.
Bu pikiri şondan birnäçe gün soň, 5-ji martda, Bakuwda başlanan hökümedara türkmen-azerbaýjan gepleşikleri hemde Berdimuhamedowyň 2008-ji ýylyň birinji ýarymyna bellenen Azerbaýjan sapary babatda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gidýän geňeşlerem gytaklaýyn tassyk edýär.
“Berdimuhamedowyň Bakuwa sapary başlaýança Hazaryň dawwaly ýerleri baradaky mesele çözüler” – diýip, Sariýew sözüniň üstüne goşýar.
Düýbi Türküýede ýerleşýän Halkara strategiki barlaglary guramasynyň (USAK) bilermeni Röwşen İbrahimow hem amerikan diplomatiýasynyň bu jan çekişligi tizara Bakuw bilen Aşgabadyň ýakynlaşmagynda bir “impuls roluny oýnar” – diýen pikirde.
“Egerde çaklamalar çyn bolup çyksa, Transhazar turbaly geçirijinin durmuşa geçirilmegi üçin diýseň zerur bolan Hazar durumy hem ony bölüşmek baradaky gepleşikleriň öňündäki in soňky böwet ýykylar” – diýip bilermen aýdýar.
Amerikan diplomatiýasy Türkmenistanda Transhazar turbaly geçirijiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly “has hem aýgytly hereketleriň” edilmeginede ýardam berer diýip analitikler çak urýarlar.
Bu turbany gaz bilen doldurmak üçin tebigy gazyň çykarlyşyny artdyrmaly, muny bolsa gaz känlerini işlemek üçin uly daşary ýurt kapitalyny getirmän edip boljak däl.
“Şu yerde ABŞ potensiýal bir maýa goýujynyň rolunda orta çykyp biler” – diýip, İbrahimow tekrarlaýar.
(NBCA – Merkezi Azyýa ýurtlarynyň täzeliklerini tutuş regiýonyň synçylarynyň giň köpçüliginiň gatnaşmağynda analiz edýän hem teswirleýän dürli dilli gullugy döretmek ugrunda YWPR-iň bir proýektidir. Bu proýekt 2006-jy ýylyň awgusty bilen 2007-ji ýylyň sentýabry aralykda regionyň bäş ýurdunyň bäşisindede ýerine ýetirildi. İndi yaňadan maliýeleşdirilmegi bilen gulluk täzeden Özbegistan hem Türkmenistan wakalaryny beýan etmek işine başlaýar.)