Kabel telewideniýe

2002-nji ýylda Prezident Türkmenbaşy kabel telewideniýesini gadagan edensoň, sputnik telewideniýesi halkyň dogruçyl maglumat almagy üçin ýalňyz mümkinçilik usuly boldy. Emma Türkmenistanyň ilaty häkimiýetler basym sputnik antenalaryň ulanmasyny da gadagan

Kabel telewideniýe

2002-nji ýylda Prezident Türkmenbaşy kabel telewideniýesini gadagan edensoň, sputnik telewideniýesi halkyň dogruçyl maglumat almagy üçin ýalňyz mümkinçilik usuly boldy. Emma Türkmenistanyň ilaty häkimiýetler basym sputnik antenalaryň ulanmasyny da gadagan

IWPR

Institute for War & Peace Reporting
Thursday, 27 April, 2006
Soňky 5 ýylyň içinde Türkmenistanyň häkimiýetleri türkmen halkynyň daşary dünýä bilen aragatnaşygyny kesmek üçin bir näçe karary kabul etdi. Bu kararlaryň netijesinde ilat bir topar rus hem de halkara kanallaryny görmek mümkinçiliginden mahrum boldy.



2005-nji ýylda Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurt metbugatlaryňy ýurda getirmegini hem de ýaýratmagyny gadagan eden karary kabul etdi. Bunuň bilen birlikde hökümet adamlaryň daşary ýurt kanallaryny görmegini çäklendirmek kararyna geldi.

Türkmenistanyň halky hemişe maglumat kemligini duyýardy, we kabel telewideniýesi işe girizilensoň adamlaryň ruhy biraz göterildi. Emma bu ýagdaý uzak dowam etmedi. 2002-nji ýylda käbir rus kanallaryndan Türkmenbaşyny tankytlaýan bir näçe gepleşik görkezilensoň häkimiýetler kabel telewideniýesini gadagan etdi.



Pensioner Gurban-aganyň aýdyşyna görä olarda sputnik antena ýok. Telewizory olar öýünde açmaýarlar, diňe käwagt goňşylaryna futbol ýa-da çeper film görmek üçin gidýärler. Öň kabel telewideniýesi bardy, örän oňaýlydy. Her aýyna diňe 50 000 manat, ýagny 3 dollar töläp näçe diýseň görewermelidi. Emma NTW-dan Türkmenbaşy hakynda bir näçe gepleşik görkezilenden bir hepde soň bar kabelleri aýyryp taşladylar. Gurban-aganyň aýdyşyna görä syýasatçylar tersleşýär, ýönekeý adamlar bolsa horlyk çekýärler.



Ýerli hem-de dasary ýurt ekspertleriň pikri boýunça hökümet halky islenmeýän informatsiýadan goramak üçin bu kesgitli çäreleri görýär. Şeýlelik bilen häkimlikler daşary ýurt metbugat bilen telewideniýesiniň türkmen halkyna täsirini öňüni alýär.



Şu wagt Türkmenistanda 4 milli kanaly işleýär. Emma türkmen telewideniýesiniň programmalaryn professional derejesi orän pes. Programmalar senzuradan geçirilýär. Hemme kanallaryň geplesikleri ýokary ideýa derejede taýarlanan.



Bu ýagdaýda ýurdyň ilaty köplenç sputnik antenasyny ulanmagyna mejbur bolýar. Ýurdyň 800 müň ilatly paýtagta ýaşaýjylaryň üç böleginden ikisi sputnik telewideniýesiniň gepleşiklerini seretýärler, başga welaýatlarynda bolsa jemi ilatyň 30 % den köpüsi, obalarda – 10 %.



Sputnik antena ulanýan adamlaryň sanynyň ösüşini antena enjamlaryň gummatly bahasy saklaýar. Sputnik antenanyň oturtmasy 180 amerikan dollaryna golaý bahada durýar, şonuň üçin hem her ýönekeý maşgala ony alyp bilmez. Emma adamlar bu ýagdaýdan da çykalga tapýarlar. Şäherdäki ýönekeý jaýlara bir nazar salmak ýeterlikdir: jaýlaryň üçeklerinde hem de penjerelerinde edil ýagyşdan soň ösüp çykan kemelek ýaly antenalar ýalpyldap durandyr.



Goňşylaryň biri antena almana pul tapyp ony oturdan bolsa, onuň ýokarky ýa-da aşakky gatdaky goňşylary onuň bilen parallel birikdirme barada razylaşýarlar. Käwagt pul tölegleri esasynda razylaşýarlar, ýagny her aý goňşylary onuň antenasyny ulanan üçin pul töleýärler. Käwagt bolsa goňşylaryň aragatnaşygy gowy bolsa mugt birikdirilýär.



Emma bunuň bir ýakymsyz tarapy da bar. Goňşylar antenanyň eýesi seretýän kanallary seretmäge mejbur bolýarlar. Antenanyň eýesi islän wagty başga kanala geçirip bilýär: käwagt habarlar gepleşiginiň ýa-da çeper filmiň ortasynda da geçirip bilýär. Emma goňşylary şikaýat etmeýärler, bu şertleri de kabul edýärler.



Ilat köplenç rus telewideniyesiniň kanallaryny seretýär. Adamlar diňe tomaşa gepleşiklerini ýa-da filmleri seretmän, köplenç analitik programmalaryny hem de habarlary seretmegini de ýagşy görýärler.



Halka başga näme gerek? Daşary ýurt kanallaryny seretmäge ýol tapyldy. Emma soňky wagtlar ilatyň arasynda hakimlikler sputnik antenalaryny gadagan etjek diýen myş-myşlar bar. Adamlar daşary dünýä bilen aragatnaşyklary kesiler diýip gorkýarlar.



Ilki häkimlikler antenalary penjerelerden aýyryp uçeklere geçiriň diýip duýdurdular. Indi bolsa olardan näme garaşmaly?

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists