Türkmenistan gaz meselede ýentäk Russiýanyň tarapdary bolýär.
Türkmenistan gaz meselede ýentäk Russiýanyň tarapdary bolýär.
Ewropanyň energoresurs bilen bagly meselesiniň çykalgasy bolup “Nabukko”gaz trubalary bolmaly diýip Estoniýanyň ykdysadyýet we aragatnaşyk (komunikasiýa) ministry Ýuhan Partiss ýanwar aýynyň 14-ne beýan etdi
Azerbaýjandan we Türkmenistandan satyn alynjak gazy Tursiýanyň üstünden aşyryp gundogar we merkezi Ewropa Russiýanyň daşyndan çekmek üçin “Nabukko” gaz turba geçirijileri gurmak meýilleşdirilýär.Türkmen gazyny daşamak üçin Kaspiý denziniň gündogar kenarynyň düýbinden ikinji turba geçirijini geçirip Azerbaýjan we Gruziýanyň üstünden “Nabukko” bilen birikdirilmegi meýilleşdirilýär.
ABŞ-nyň döwlet kätibiniň wezipesine dalaşgär Hillari Klinton senator Riçard Lugaryň soraglaryna ýazan ýazmaça jogaplarynda “Ewropanyň Russiýadan energetika baglygy syýasy baglylyga öwrilip biler” diýip howlanýandygy we alternatiw gaz turba geçirijileriň gurluşyklaryny çaltlaşdyrylmaly diýen pikirirni aýdan.
Taýms britan gazeti 12 ýanwardaky çykan sanynda 2009 ýylyň “çün dondurmasy” kaspiýa ýakyň döwletlerden gazyň satyn alynmagynyň zerurlygyny görkezýär diýip ýazdy, Trend Kapital maglumatlar agentstwosy bolsa bu gazna Türkmenistan energegöterijileriň satuw bazarynda diwersifikasiýa has hem uly daýanç eder diýip çaklaýar.
Nebide we tebigy gaza baý bolan Türkmenistan her ýylda 80 milliard kub metr tebigy gazy çykaryp olardan diňe 20 milliardy ulanyp galany daşyna satýar.
Russiýa Ewropa uglewodorodlaryň esasy üpjünçisi, we 25 ýyllyk möhleti bilen baglaşylan şertnamasy esasynda her ýyl 50 milliard kub metrden gowrak türkmen gazyny satyn alyp, ukraina we belorus gaz turba geçirijileriniň üstünden öz uglewodorodlary bilen daşaýar.
Her ýyl Kreml Günbatara 120 milliard kub metr tebigy gazy satýar, emma Russiýa we Ukrainanyň arasyndaky baha üstünde dörän dawa esasynda ýanwaryň 7-nden başlap gaz üpjünçiligi besse dildi.
Aşgabatdaky synçy aýdýär “Bu hakykat günbatar jemgyýeti ýaga galdyrdy, olar Aşgabadyň gujagyna özlerini oklasy geldi Moskwanyň daşyndan geçmek üçin emma nädip? ”
Günbatar Türkmenistandan haýsyda bolsa energetika tekliplere garaşmaly däl diýip NBCA-nyň bilermenleri öz çaklamalarynda aýdýarlar.
“Prezident Gurbanguly Berdymuhamedow name teklip edip biler? Ulgam ýok, hemme üpjünçiligi rusiýa turbalary bilen çäklenýär, şol sebäpli hem gürrünlerden aňryk iş gitmez” diýip NBCA-nyň merkezi Aziýa boýunça synçylaryň biri aýdýar.
Bakuwyň Gafgaz uniwersitetynyň halkara gatnaşyklar kafedrasynyň müdüri Rowşan Ibragimow kaspiý gazynyň esasy öndürüjisi Türkmenistan Russiýa bilen baglaşylan şertnamalary bilen kanagatlandy. Russiýa Aşgabatdan ýangyjy dünýa bahalary bilen satyn almaga, ýagny bir mün kub metr üçin ABŞ-nyň 300 dollardan gowrak baha ylalaşdy diýip hem aýdýar.
Şu sebäp bilen hem hökümet ewropa bazarlaryna çykmak üçin özbaşdak ädimleri etmez.
“Bu (kaspiý) döwletler Russiýa bilen gatnaşyklary ýitiresi gelmez, olaryň bu ýurtdan transport baglylygyny, Gruziýa we Ukrainanyň gynançly tejribesini göründiklerini nazara aldylar ” diýip Ibragimow kesgitleýar.
Oň bilen hem ‘migrasiýadaky türkmen ykdysady synçysy Annadurdy Hajiýew ylalaşýär.
Ol hem Ewropa tarap uglewodorodlaryň diwersifikasiýasyny geçirmek barada hiç hili hereket bolmaz, sebäbi Kreml Berdimuhamedowa Russiýanyň daşyndan gitmäge “ýol bermez” hem-de Aşgabadyň özi hem buny islemez diýip belleýar.
“Şu ýyl kaspiý gaz geçirijiniň gurluşygy başlar (Russiýanyň Kaspiýyň gabady bilen turba geçirmek taslamasy) Nabukko soragy bolsa- bu mümkin däl zatlaryň biri ”diýip Hajiýew ynandyrýar.
(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)