Türkmenistan: ýene bir ýyl, ýene-de ýokary hasyl

Türkmenistan: ýene bir ýyl, ýene-de ýokary hasyl

Комбайнер из Дашогузского велаята. (Фото: NBCA)
Комбайнер из Дашогузского велаята. (Фото: NBCA)

Sowet döwrüni ýatladýan, her ýyl däp bolan düzgüne laýyklykda, Türkmenistanyň hökümedi ýene bir gezek galla hasylynyň ähli garaşylýan plandan artyk bolandygyny yglan etdi. Daýhanlar bolsa hasylyň pes bolandygyny aýdýarlar. Köp adamlar geljekde özlerine çörek tapmagyň aladasyny edýärler.

15-nji iýulda geçirilen ministrler kabinetiniň ýygnagynda Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň aýtmagyna görä, tomusky hasyl möwsüminde ýygnalan 1,3 million tonna hasyl ýurduň “özüniň azyk howpsyzlygyny doly üpjün edýän güýçli döwlete” öwrülendigini görkezýär.

Eksperler munuň bilen razylaşmazlar. Bir tarapdan, iň ýerlikli garaşsyz çaklamalara görä, Türkmenistan her ýylda gallanyň 2,5 million tonnasyny sarp edýär. Bu Berdimuhammedowyň aýdan mukdaryndan iki esse diýen ýaly köp. Beýleki tarapdan, görünýän alamatlara görä, hasylyň hakyky möçberi aýdylanyndan has pesde bolup, görkezijiler “plan dolmagy” we öz lideriniň göwnüne ýetmegi maksat edinýän ýolbaşçylar tarapyndan artdyrylyp ýazylan bolmaly. Ondan başga-da, Türkmenistanyň gurak çöl ýurdydygy sebäpli bugdaý ýetişdirmek kyn we alnan hasylyň uly bölegi diňe mal iými üçin ulanmaga ýaramly.

Bugdaýa bolan talap bilen hakykatda bar bolan hasylyň arasyndaky tapawudy ýapmak üçin häkimiýetler ýuwaşlyk bilen bugdaýy Gazagystandan we Russiýadan import edýärler.

Türkmenistanda daýhanlar kagyz ýüzünde hususyýetçiler, ýöne olar üçin döwlet trapyndan hakykatdan daş bolan planlar goýulýar we olardan bu planlary doldurmak berk talap edilýär. Sebäbi döwlet ýolbaşçylaryna häkimiýet zynjyry boýunça özünden ýokarkylara üstünlikleri habar bermek zerur.

Ýöne, içgin gürrüňdeşlikde, daýhanlar ýazky doňakçylyklaryň, möwsümiň tutuş dowamynda bolan suw ýetmezçiliginiň, hem-de dowam edip gelýän topragyň duzlaşmagynyň oba hojalygynda ýene bir erbet ýylyň bolandygyny görkezýändigini aýdýarlar.

“Bu ýyl ähli ýerde hasylyň ugry ýok” diýip Ahal welaýatyndan bolan kombaýnçy aýtdy. “Eger men öz Keýs kombaýnymyň bunkerini doldurjak bolsam, atyzyň o çetinden bu çetine birnäçe gezek gezek geçmeli bolýaryn. Geçen ýyl bunkerimi has tiz-tizden boşatmaly bolýardym”.

Ahaldaky galla kabul ediş merkeziniň başlygy we döwlet galla edarasynyň satyn alyş hünärmeni bolan iki ekspert hem bu ýyl hasylyň pes bolanyny we galla saklaýyş ýerleriniň diňe ýarysynyň doldurylandygyny aýtdylar.

“Kombaýnlar köplenç boş meýdanlary aýlandylar” diýip galla edarasynyň işgäri aýtdy. “Bugdaý ösmedi, käbir ýerlerde onuň boýy 30 santimetrden ýokary däl we hasyl hatda gektardan bir tonna hem ýetenok.”

Mary welaýatyndan bolan daýhan hasyl hasabatlarynyň nähili ýokarlandyrylýandygyny düşündirdi.

“Bu ýyl gurak gelendigini we dökünleriň ogurlanýandygyny hemmeler bilýär. Ýöne, dayhan birleşikleriň başlyklaryndan başlap wise-premýere çenli hemmeler edil öňkileri ýaly ýokaryk hemme zat oňat diýip hasabat bermegi dowam etdirdiler” diýip ol aýtdy.

Ýurtdaky metbugat synçysynyň aýtmagyna görä ýazylan zatlaryň gizlin manysyny okamak we ähli zadyň gowy däldigini aňmak mümkin. Sebäbi bu ýyl öňki ýyllara seredeniňde hasyl we “ýerine ýetirilen tabşyryk” barasynda habarlarda gaty az aýdyldy.

“Metbugatyň we tele-radionyň äheňi bu ýyl ýagdaýyň gaty bir ýerlikli däldigini aňladýar” diýip ol aýtdy. “Öňkiler ýaly dabaraly habarlar ýok, hem-de üstünlikler baradaky täzelikler hem aýratyn daýhanlara ýa kiçi hojalyklara ünsi çekmäge ýykgyn edýär.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Economy
Frontline Updates
Support local journalists