Bütinleý yzarlama tertibinde
Türkmenistanda internet ulanan, daşary ýurtlara çykan, ýa-da nähili de bolsa bir şübheli zat eden adam milli howpsyzlyk ministrliginiň gözegçiliginiň astyna düşýär.
Bütinleý yzarlama tertibinde
Türkmenistanda internet ulanan, daşary ýurtlara çykan, ýa-da nähili de bolsa bir şübheli zat eden adam milli howpsyzlyk ministrliginiň gözegçiliginiň astyna düşýär.
Aragatnaşyk Ministrligi bir taraplaýyn tertipde bäş hususy internet prowaýderiň lisenziýalary yzyna çagyrylyp bar baglanyşyk hyzmatlary döwlet monopoliýasyna geçen soň Internet tsenzurasy barha berkleşdi. Yzy bilen kem-kemden bar internet klublar bilen kafeler ýapyldylar.
Bir näçe hususy internet ulanyjydan özgesi, köp adamlar halkara guramalaryň goldamasy bilen işleýän 5 resurs merkeziniň hyzmatlaryny ulanýarlar. Emma, hatda bu merkezlerinde işgärleri işinden atylmak gorkysy astynda ulanyjylara gadagan bolan saýtlara girmäge rugsat bermeýärler.
Ady gizli galmasyny islän Aragatnaşyk Ministrliginiň bir işgäriniň pikri boýunça, bu çäreleri häkimiýetler özboluşly maglumat wakuumy döretmek üçin görýärler, ýagny ilat häkimiýet edýän rejime ýaramaýan maglumaty alyp bilmesin diýip edilýär. Bu işgäriň aýdyşyna görä, Aragatnaşyk Ministrligi Milli howpsyzlyk Ministrliginiň maslahatyna eýerip täze bölüm açdy, bu bölümde ýörite taýarlyk gören hünärmenler bar saýtlary gözegçilikden geçirip, ilat haýsy saýtyny ulanyp bilýär, haýsyny ýok, karar berýärler.
Hemişe doldurulýan gadagan saýtlaryň spisogy daşary ýurtlardaky türkmen oppozitsiýasynyň web-saýtlary hem-de rus informatsýon saýtlaryň Türkmenistan barada berýän maglumatlaryndan ybarat.
Bir türk kompaniýasynyň terjimeçiniň aýdyp berişine görä, ol işleýän kompaniýa işgärlerine internet ulanmak mümkinçiligini berýär. Emma terjimeçiniň aýdyşy ýaly, ol ýakynda bir ýewropa ýokary okuw jaýyna magistraturada okamak üçin arza göýberjekdi. Onuň haýran galmagyna, ol şol ýokary okuw jaýynyň saýtyny açmana synanyşanda ekranda – saýt gadagan ýazgysy çykdy.
Yzarlamanyň her hili ýollary bar, meselem gizzli diňleme. Žurnalistleriň aýdyp berişi ýaly, olar telefonda makalalar üçin maglumat toplamaga synanyşanda, baglanyş tiz-tiz kesilip durýar.
Emma şüphelenmegiň astynda diňe köpçülik maglumat usullaryň işgärleri hem-de graždan jemgyýeti däl. Häkimiýetleriň gullugynda bolan adamlara hem ynanmaýarlar gerek.
Ministrleriň, şäher häkimleriň hem-de başga wekilleriň telefonlary hem hemişe gizli diňlenilýärler.
Telefonlaryň gizli diňlenilmegi eýýäm häkimiýetleriň syýasatynyň resmi bir bölegi boldy gerek, çünki ministrleriň kabinetiniň ýygnaklarynda Prezident Saparmurat Niýazow diňlenilen gürrüňleriň mazmunyny aýdyp berýär. Milli telewideniýesinde görkezilýän bunuň ýaly ýygnaklarda president wekilleri masgaralap, olar kime hem-de name üçin jaň edenlerini aýdyp berip, diňlenilen gürrüňleriň jikme-jiklerini aýdyp berýär.
Welaýat häkimleri hem seresaply bolmalylar. Howpsyzlyk gulluklary hakimliklere ýörite öwredilen adamlary, ýada öz işgärlerini işe girizýärler. Welaýat häkiminiň her ädimi, her sözi bellenip barlanýar.
Öňki welaýat häkiminiň aýdyşyna görä, ol wezipesinden boşalanda gaty begendi. Onuň aýdyşy ýaly, ony hemise yzarlaýardylar, hem-de ol hemişe özüni kontrol etmelidi, kime näme aýdanyny we kime myhmançylyga gidenini.
We ýokary wezipeli adamlaryň tiz-tiz tussag astyna galanlaryny ýadyňa salanyňda bu welaýat häkimiň çyndan begenmäne sebabi bolandygyny düşünýarsin.