Bikanun Salgytlar

Şäher administratsiyasynyň emeldarlarynyň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peydalanýandyklary, hökumet edaralarynyň ve hususy kärhanalarynyň üstlerine göşmaça bikanun salgyt salmak ýaly düzgüne gelmejek işler ýagdaýy has hem kynlaşdyrýar.

Bikanun Salgytlar

Şäher administratsiyasynyň emeldarlarynyň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peydalanýandyklary, hökumet edaralarynyň ve hususy kärhanalarynyň üstlerine göşmaça bikanun salgyt salmak ýaly düzgüne gelmejek işler ýagdaýy has hem kynlaşdyrýar.

Monday, 18 December, 2006
IWPR

IWPR

Institute for War & Peace Reporting

ol salgyt bolsa öz ýaşaýan töwerekleriniň abadanlaşdyrylmagy babatda edilmeli işlerden ybarat bolup durýar.



Ilatyň sosial üpçünçiligine pul tygşytlamak üçin, döwlet ve hususy kärhanalara şäherleriň ve ýaşaýyş ýerleriniň abadanlaşdyrmagy tabşyrylýandygy Türkmenistanda adaty ýagdaýa öwrüldi. Ýagny kärhanalar öz girdejileriniň ujyndan bag ekmeli ve köçeleri asfaltlamalydylar. Emma häzir, Turkmenistanyň garaşsyzlyk bayramynyň öň yanynda, çinovniklar şu usul bilen öz jübileri üçin hem pul ýygnamagy kem görmeýändiklerine meňzeýär.



Mysal üçin, öňki Çarjow, häzirki Türkmenabat şäheriniň häkimliginde, hemme kärhanalara reklama tagtasyny 7 ýarym million manatdan satyn almaklygy tabşyrylypdyr. “Avtotrans” atly şol reklama tagtalaryny öndurýän kärhanadan, olaryň bahasynyň öz gymmatyndan iki esse arzandygyny anyklapdyrlar. “Avtotrans” agentlygynyň wekiliniň aýtmagyna göra, şäher häkimligi, bahasy 2 ýarymdan 3 ýarym million manat aralygynda durýan reklama tagtalarynyň 200 sanysyny satyn alandyklaryny aýdypdyr.



Şeylelikde, bu reklama tagtalarynyň söwdasyndan düşýän 600 million manat göşmaça girdeji, şäher häkimliginiň çinovniklarynyň jübisinde galar, diýip garaşsyz ekspertler çaklaýarlar.



Şäher häkimlikleriniň, şäheriň abadanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly pul çykdayjylaryny, döwlet ve hususy kärhanalaryň hasabyna çözmeklik praktikasy, bir näçe ýyl bundan ozal Turkmenistanyň Prezidentynyň çykaran karary esasynda kanunlaşdyrylypdy.



Bu içki salgyt baradaky karardan soň her zähmetkeşiň aýlygyndan 5 müň manat şäheriň abadanlaşdyrylmagyna alynýar, diýip maglumatda ýazylýar.



Şeylelikde, parklar üçin demir diwarlar, ekskawator ve gämi remont kärhanalarynda ýasalýar. Şäheriň fontanlary bolsa demir beton konstruktsiýalary zawodynda öndürilýär.



Ýöne, girdeji getirýän kärhanalaryň azdygyny ve döwlet kärhanasyndan köp zat alyp bolmaýandygyny göz öňunde tutsak, bikanun salgytlaryň agramy esasan hususy kärhanalara düşýär.



Diňe 2 adamdan ybarat bolan Aşgabadyň hususy dellekhanasynyň işkäri, içgi salgytdan başga-da, öz dellekhanasynyň ýanyndaky ýanýoluň daş örtügini öz hasabyna goýmaga mejbur bolandygyny gürrüň edip beripdir. Ondan başga reklama tagtasyny we oturtmaly nahallary satyn almaga çykdajy edendigi barada zeýrenipdir.



Agzalan reklama tagtalaryny diňe uly kärhanalar däl de, az girdejili kiçi hususy kärhanalar hem satyn almaga mejbur edilýärler. Bularyň hataryna kiçi çörek bişirijiler, gözellik salonlary, video ve audeo kassety wagytlaynça berýän punktlar hem girýärler.



Emma reklama tagtalaryny satyn almak bir çykdajy bolsa, ony ornaşdyrmaga ýene goşmaça pul tölemeli bolýarlar diýip bir Universam dükanynyň hojaýny Ahmet Bazarov gürrüň beripdir. Reklama tagtalaryny ornaşdyrmak uguryndaky işlere bolsa, ol goşmaça 10 million manat töläpdir.



Telekeçi Batyr Hallyýew bolsa, şäher häkimliginiň bikanun salgytlaryndan ýadap, şol ýere tölemeli puluny bank üsti bilen geçirip başlapdyr.



Şeýlede, bikanun salgyda çykaran çykdajysyny ýörite kitapçada ýazyp başlapdyr.



Şeýlelikde, bankyň kagyzlarynda näçe pulyň nire tölenendigi görkezilýär. Bu kagyzlar bolsa, Milli howpsyzlyk komitetyna ýüzlenmek üçin ýeterlikli esas döredýär diýip maglumatda aýdylýar.



Şular ýaly mejbury hereketlerden soň bolsa, öň telekeçi Hallyýewyň ýanyna aýyna 2 gezek gatnan çinowniklar, seýrek baryp başladylar.

Frontline Updates
Support local journalists