Türkmenistanyň telekeçilik kanuny esasy problemalary çözenok.

Türkmenistanyň telekeçilik kanuny esasy problemalary çözenok.

Thursday, 27 August, 2009
NBCA-nyň kommentatorlarynyň aýtmagyna görä telekeçilik baradaky täze kanun Türkmenistanyň ykdysadyýetini galdyrmak üçin ýeterlik bolmaz.



Awgustyň 15-inde türkmen parlamenti kiçi we orta telekeçilige köpüräk döwlet kömegini üpjün etjek kanuny kabul etdi. Bu kanunyň tarapdarlarynyň aýtmagyna görä bu çalt ösüşe we global ykdysadyýet bilen has uly integrasiýa ýol açar.



Parlamentdäki çeşmeler kanunyň telekeçiligi hasaba almak üçin ýönekeýleşdirilen proseduralary işe girizjekdigini äydýarlar. Bu häzirki köpsanly barlaglary we dokumentleriň uly toplumyny tabşyrmagy talap edýän býurokratiki prosesiň ýerini çalyşar.



Kanun şeýle-de telekeçilik üçin amatly boljak salgyt ýeňilliklerini esaslandyrýar. Olar kanunda görkezilenok, ýöne goşmaça düzgünnamalarda beýan ediler.



Gümrükhana düzgünleri hem ýeňilleşdiriler, netijede harytlaryň käbir görnüşlerini el goşy we bagaž hökmünde çäklendirilmedik mukdarda getirip bolar. Mundan öň söwdegärler her syýahaty üçin 60 kg bilen çäklendirilýärdi.



Paýtagt Aşgabatdaky synçy ýerli telekeçileriň köp wagtdan bäri düzgünleriň gowşadylmagyna umyt edendiklerini aýtdy, sebäbi bu olaryň pikiriçe hususy kärhanalaryň pese gaçmagyny yza gaýtarar.



Hususy sektor entegem kiçi göwrümde bolup, senegatda bolmagyň ýerine esasan söwda, hyzmat ediş, oba hojalyk, transport, ýaşaýyş jaý kärendesi we okuw ýaly ugurlarda saklanyp galýar.



Hereket edýän kanun ilki başda kiçi telekeçiligi goldajak ýaly bolup görünse hem, hakykat ýüzünde telekeçiler päsgelçilikleriň birnäçesine duş gelýärler.



Gündogardaky Mary welaýatyndan bolan aýal maliýe päsgelçilikleriň ony eşikleri dizaýn etmek we öndürmek arzuwyny durmuşa geçirmekden saklaýandygyny aýtdy.



Ol “Maňa başlan wagtym salgytlary tölemek kyn düşer. Maňa käbir salgyt ýeňillikleri gerek” diýdi.



On ýyldan gowrak wagt bäri towukçylyk bilen meşgullanýan we towuk etini satýan telekeçiniň aýtmagyna görä onuň problemasy öz işini giňeldip bilmeýänligidir. Sebäbi bu täze jaýlary we kredit serişdelerini almagy talap eder – olaryň hiç birisi häzirki wagtda mümkin däl.



Onuň kömek soran ýerli ýolbaşcylary oňa kömek etmekden boýun gaçyrypdyrlar.



“Eger-de olar diňe kredit birleşiklerini döretmäge rugsat berseler, onda biznese başlamak aňsat bolar” diýip ol aýtdy.



Ekspertler täze kanun kiçi söwdegärler üçin durmuşy ýeňilleşdirer, ýöne bu giň möçberli reformalara mätäçlik çekýän tutuş ykdysadyýete kän bir täsir edip bilmez diýip aladalanýarlar.



“Eger-de olar biznesiň esasan harytlary satyn almaga we satmaga degişli diňe bir ugruna kömek bermek tutuş bazara täsir eder we ösdürer diýip piker edýän bolsalar, bu gaty sadalyk” diýip Bolgariýada ýerleşen türkmen ykdysadyýetçisi Annadurdy Hajyýew aýtdy.



Onuň aýtmagyna görä gümrük tölegleri we hasaba alyş prosesini üytgedişdirmek ykdysadyýeti dolylygyna gowy tarapa gönükdirmez.



Döwlet tarapyndan berk kontrollyk edilýän, ejiz türkmen ykdysadyýetini düzetmek üçin sistematiki üýtgetmeleriň programmasy, ýüzlerçe adamy iş bilen üpjün edýäň uly kärhanalary gurmagyň serişdeleri, hem-de eksporta niýetlenen önümçilik üçin ýeňillikler zerurdygyny hem ykdysadyýetçi belledi.



“Mejlisiň seredýän kanunlary ýüzleý” diýip ol aýtdy. “Olar bazar talaplaryna uýgunlaşmagyň ýerine bar bolan administratiw sistemany diňe sähel üýtgetmäge (ýöne ýerinde saklamaga) synanyşyk”.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)
Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists