Türkmenistanyň howply ýollary

Türkmenistanyň howply ýollary

 

Türkmenistanda häkimiýetleriň täze ýol hereketi düzgünlerini girizmek isleýän wagty, ýerli ilat ýollarda günde bolýan köpsanly hadysalar zerarly ýol hereketi howpsyzlygy çäreleriniň wagtynyň bireýýäm ýetendigini aýdýarlar.

Ýanwar aýynyň 1-inden bäri hereket edýän düzgünler Türkmenistany Birleşen Milletler Guramasynyň ýol hereketi we ýol bellikleri baradaky konwensiýasyna gabat getirmäge çalyşýar.

Täze düzgünler girizilen wagty, ýol hereketi polisiýasynyň ýolbaşçysy, Içeri Işler Ministriniň orunbasaryBerdimuhammed Rejepow "düýpli kemçilikleri" üçin wezipesinden boşadyldy. Bu ýollardaky hadysalaryň sanynyň artmagyna bagly zatýalybolup görünýär.

Hökümet ýol hadysalary baradaky statistikany çap etmeýär, ýöne garaşsyz çeşmeleriň çaklamagyna görä, 2011-nji ýylda ýol hadysalarynyň sany öňki ýyldakydan 25% köpelipdir.

Ahal welaýatyndan bolan ýol polisiýasynyň işgäriniň aýtmagyna görä, paýtagt Aşgabatdan ýurduň demirgazygyndaky Daşoguza gidýän ýol ýurtda "ölüm ýoly" ady bilen belli. 2010-njy ýylda, diňe şu ýolda 140 awariýa bolup olaryň 300-den gowrak adam pidasyna getirendigini ol habar berdi.

Adynyň tutulmazlygyny haýyş ýene bir ýol polisiýa ofiseriniň aýtmagyna görä, Aşgabatdan Mary tarapa gidýän ýolda her günde 5 töweregi ýol hadysasy bolýar.

Öňki türkmen lideri Saparmyrat Nyýazow ýol polisiýasyny dargadyp, onuň hukuklaryny harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän esgerlere tabşyrypdy. Häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylda ýurt başyna geleninden soň ýol polisiýasyny gaýtadan dikeltdi.

Ýollardaky tertipsizlige goşant goşýan faktorlaryň birisi korrupsiýadyr. Sürüjiler üçin 30 dollara çenli ýetýän jerimeleriň ýerine para bermek aňsadyrak.

"Radar tutup duran ýol polisiýa işgärinden töläp sypmak mümkin" diýip Aşgabatda mikro-awtobus sürýän Kakageldi aýtdy. Onuň pikirine görä, göňşy ýurt Gazagystanda ulanylýan tizlik kameralary ýaly kameralary ulanmak has adalatlyrak bolar.

Ýerli kommentatorlaryň biriniň aýtmagyna görä, heläkçilige getirýän has çynlakaý düzgün bozulmalar hem, bahasy dogry tölenen bolsa, gizlenip saklanyp bilinlýär.

"Eger-de sürüji adam ölümine däl-de diňe trawma getirýän hadysa üçin günäkär bolsa, ol işi ýäpdyrmak üçin 3 000 dollar töweregi para tölemeli" diýip ol aýtdy. "Bu sud-med ekspertiza tölenmeli parany we trawma alan adamy bejertmek tölegini hem öz içine alýar."

Köp sürüjiler öz sürüjilik şahadatnamalaryny ekzamenden geçip däl-de, para töläp satyn alýarlar.

"Adamlar, aýratynam ýaşlar, sürüjilik mekdebine gatnap wagt ýitirmek islänoklar" diýip ýerli žurnalist aýtdy. "Olara häzirki günler 600 dollardan gowrak bolan tölegi berip, prawany satyn almak aňsadyrak."

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.netadresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

Health
Frontline Updates
Support local journalists