Türkmenistanyň birinji hususy gazeti ynamy ödemedi
Türkmenistanyň birinji hususy gazeti ynamy ödemedi
Türkmenistanda geçen aý çykyp başlan hususy gazet bu Merkezi Aziýa döwletinde indi ýol berlen ilkinji döwlete degişli bolmadyk habar beriş serişdesi bolup durýar. Ýöne synçylaryň aýtmagyna görä täze gazetiň berk kontrollykda saklanylýan döwlet habar beriş serişdelerinden tapawudy gaty az.
Rusgal gazetiniň birinji sany 17-nji sentýabrda çykdy. Hususy media serişdesine hökümediň ilkinji gezek ýol berjekdigi baradaky habarlar iýul aýynda ýaýradylypdy.
Türkmenistan hususy medianyň ösmegine 1991-nji ýyldaky garaşsyzlykdan bäri, post-sowet döwletleriniň içinde iň soňky bolup indi ýol bermäge çalyşýar. Döwlet tarapyndan dolandyrylýan metbugat we tele-radio kanallar ýurtdaky üstünlikler we prezidentiň eden işleri barada öwgüli we bir äheňli habarlary ýaýratmak bilen meşgullanýar.
Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Fridom Haus” gözegçilik guramasy Türkmenistany özüniň 2010-njy ýyl üçin metbugat azatlygy reýtinginde 196 ýurduň içinde 194-nji orna ýerleşdirdi.
Rysgal Türkmenistanyň telekeçiler we önüm öndürijiler birleşigi tarapyndan çap edilýär we şol sebäpli bu gazet iň bolmanda kagyz ýüzünde döwlete degişli däl bolup durýär.
Telekeçiler birleşiginiň işgäri ynandyrmaga çalşyp şeýle diýdi: “Biziň gazetimiz has erkin. Mysal üçin, biz beýleki metbugat serişdelerindäki ýaly döwlet habarlar gullugynyň materiallaryny kopiýa edimizok”.
“Bu ýerde peýdaly informasiýa köp” diýip ol aýal maşgala sözüniň üstüni ýetirdi. Ol gazetde çap edilen biznese başlamak we inwestisiýa tapmak boýunça maslahatlary we şeýle-de nahar bişirmek maslahatlaryny öz içine alýan beýleki bölekleri göz öňünde tutýar.
Ýerli metbugat synçylary Rysgalyň bar bolan beýleki gazetlerden düýpli tapwutlanmaýandygyny aýdýarlar. Edil beýlekiler ýaly munuňam baş sahypasynda prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň uly surady bar. Munuň bir tapawudy bu gazetiň gowurak kagyzda çap edilenligidir.
“Bu Türkmenistan ýa Neýtralnyý Turkmenistan ýaly has bir resmi däl” diýip Aşgabatly metbugat synçysy razylaşýar. “Ýöne bularyň arasynda düýpli tapawudam ýok. Baş sahypada şol bir portret, döwlet baştunanyna aýdylýan şol bir öwgiler, şol bir barlagçylar tarapyndan barlanylyp geçirilen mazmun.”
Ýerli bir žurnalist muňa has pes baha berdi we Rysgal “edil student gazeti ýaly, hiç-hili original materialsyz, hiç-hili analitiki makalasyz, hem-de gazetiň okyjylary bolan telekeçileriň hiç-hili garaýyşlary görkezmeýän gazet” diýdi.
Žurnalist özüniň mundan gowy zada garaşmandygyny aýtdy, sebäbi Türkmenistanda hiç-hili söz azatlygy ýa-da medianyň işlemegi üçin kanuny esaslar ýok. Hemme zat prezidentiň kararyna bagly.
“Berdimuhammedow ertir ýene bir gazeti ýa kommersiýa telekanalyny açmak barada buýruk berip biler, ýa-da ol bu hususy gazetem ýapyp biler” diýip ol aýtdy.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.