Türkmenistandan daşary jaň etmek

Türkmenistandan daşary jaň etmek

Queuing for SIM cards at a mobile phone agency in Ashgabat. (Photo: IWPR)
Queuing for SIM cards at a mobile phone agency in Ashgabat. (Photo: IWPR)

 

Haçan-da Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow geçen hepde döwlet eýeçiligindäki telefon we internet prowaýderine käýäninde, onuň hakykatda hyzmatyň derejesini gowulandyrmagy ýa-da ulanyjylara has-da düýpli gözegçilik etmegi isleýänine hiç kim düşünip bilmedi.

Awgust aýynyň 8-inde geçen ministrler kabinetiniň ýygnagynda Berdimuhammedow mobil we internet hyzmatlarynyň pes hilli we çäklidigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, isleg artýandygy sebäpli täze tehnologiýalary ornaşdyrmak zerur.

2010-njy ýylyň dekabrynda Russiýanyň MTS kompaniýasynyň Türkmenistandan gysylyp çykarylmagy bilen mobil telefon ulanyjylarda diňe bir mümkinçilik galdy: döwlet edarasy bolan Altyn Asyr.

Iýun aýynda Berdimuhammedow Altyn Asyra öz üpjün edýän hyzmatynyň hiline seretmegi tabşyrdy, hem-de özüniň hut aragatnaşyk ministri Owlýäguly Jumagelyýewi bu iş üçin jogapkär etjekdigini aýtdy.

Hatda SIM kartany satyn alaýmak hem gaty çylşyrymly iş we birnäçe sagat nobatda durmagy talap edýär. Müşderiler öz pasportlaryny görkezmeli bolýarlar we olaryň maglumatlary aýratyn bellige alynýar.

Adamlara iki SIM karta almak bolmaýar. Netijede USB-fleş modemi bilen internet ulanýanlaryň köpüsi ol modem bilen mobil telefonyň haýsam bolsa birini saýlamaly bolýarlar.

Ýerli inžener howpsyzlyk gulluklarynyň telefonlary diňleýändiklerini we ulanyjylara gözegçilik edýändiklerini aýtdy.

“Altyn Asyr [mobil telefon birikdirmeleri], şeýle-de öý telefonlary, düýpli gözegçilik astynda saklanýar” diýip ol aýtdy. “Gizlin gulluklar özlerinde bar bolan ulanyjylar baradaky maglumatlary hemişe täzeläp durmak isleýärler.”

Hatda Türkmenistan ýaly ýapyk ýurtda-da mobil aragatnaşygyň güýjiniň bardygy ýakynda aýan boldy. Abadan şäherindäki güýçli partlamanyň suratlaryny we ol baradaky maglumatlary ýerli ilat internede çykardy we olary tutuş dünýä gördi.  (Goşmaça maglumatlar üçin: Internet ulanyjylar Türkmenistandaky partlamalar barada habar bermegi başardylar.)

Käbir kommentatorlar häkimiýetleriň maglumatyň beýle derejede aňsat daşary çykarylmagyndan howatyrlanýandygyny aýdýarlar. Häkimiýetler hyzmaty gowulandyrmagyň ýerine informasiýanyň bu kanallaryny ýapmagy göz öňünde tutýarlar. (Goşmaça maglumatlar üçin: “Türkmenistanyň internet gorkusy”.)

“Bu tankyt etmeler ýaşaýjylar informasiýany mobil telefonlar arkaly geçireninden soň ýüze çykdy, men şonuň üçin aragatnaşyk indi has-da erbetleşer diýip çaklaýaryn” diýip Abadanly bir ýaşaýjy aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Media
Frontline Updates
Support local journalists