Türkmenistanda ösüp barýan ýaşaýyş jaý bazary düşnüksüz bolmagynda galýar

Türkmenistanda ösüp barýan ýaşaýyş jaý bazary düşnüksüz bolmagynda galýar

The skyline of the Turkmen capital has been changed by glitzy new buildings, some of them containing luxury apartments. (Photo: Nathan Groth/Flickr)
The skyline of the Turkmen capital has been changed by glitzy new buildings, some of them containing luxury apartments. (Photo: Nathan Groth/Flickr)

Türkmenistanda emläk bahalary tiz ýokary galýar, hem-de hatda hiç kimiň güýji ýetmejek ýaly bolup görünýän lýuks jaýlaram elden ele geçýär.

Türkmenistandaky emläk agentlikleriniň aýtmagyna görä jaý bahalary iýun aýynda iň ýokary derejä çykypdyr. Paýtagt Aşgabadyň Mir mikro-raýonynda adaty iki komnatly kwartira häzir 70 ýa 80 000 ABŞ dollaryna satylýar - bu bolsa geçen ýylky bahadan iň bolmanda 30% ýokary. Bahalar paýtagtyň daşynda hem ýokary galýar.

"Jaý bahalary şu ýakynda gaty täsin - olar edil Ýewropadaky ýaly" diýip Aşgabatly emläk agenti aýtdy. “Muňa seretmezden, kwartiralar satylybam dur, alnybam dur."

Bu Merkezi Aziýa döwletiniň jäý bazary Sowet döwrüne degişli gurluşuklary, hem-de ýakynda gurlan, her kwadrat metri 1 000 dollar töweregi bolan, ýalpyldap duran beýik jaýlardaky lýuks kwartiralary öz içine alýar.

Bu bahasy gymmat jaýlar köplenç kompaniýalar ýa-da guramalar tarapyndan satyn alynýar, hem-de olar öz işgärlerine elýeterli kredit bilen şol jaýlary paýlaýarlar.

Ýerli kommentatorlar bahalaryň ýokary galmagyny birnäçe faktorlar bilen baglanyşdyrýarlar: bar bolan islegi kanagatlandyrmaýan ýaşaýyş jaýlarynyň umumy ýetmezçiligi, häkimiýetleriň islän wagty bar bolan jaýlary ýumurmak häsiýeti, hem-de bazary düzgünleşdirýän kanuny esaslaryň ýok bolmagy.

Annadurdy Hajyýew, Bollgariýadaky türkmen ykdysady analitigi, bu situasiýany gündogar bazaryna meňzetdi: “bu ýerde bar düzgünleşdiriji güýç satyn alýanlar we satýanlar. Döwlet bir gyrada tötänleýin synçy hökmünde dur."

Umuman, gurulmagy buýrulýän täze jaýlaryň sanynyň häkykat ýüzünde gereginden azdygyny Hajyýew belledi. Ol şu ýazdaky hökümet barlagynyň netijeleri ýatlap, ol barlaglara göra Ahal welaýatynda planlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň diňe üçden bir böleginiň gurulandygyny, Lebap welaýatynda bolsa ondan bir böleginiň gurlandygyny duýdurdy.

Hajyýew şeýlede türkmen häkimiýetlerini emläk eýeçiligini goraýan berk kanuny esaslaryň ýokdugyndan peýdalanmakda aýyplady.

"Bu olara ýaşaýjylary çykarmaga we islendik ýaşaýyş jaýyny ýumurmaga ýol berýär” diýip ol aýtdy. “Bu korrupsiýa bilen baglanyşykly – haçan-da bellenen ýerler gurluşyk etmek üçin berlende, ol kontraktlar öz adamlaryna berilýär, hem-de jaýlaram edil şonuň ýaly paýlanylýar."

Türkmenistanda bir ýerli häkimlik işgäriniň aýtmagyna görä bolsa, jaýlara bolan isleg adamlaryň kärendä bermekden girdeji gazanmak üçin jaýlary inwestisiýa hökmünde satyn almagy bilen baglanyşykly.

Türkmenistanda köp adamlar döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän jaýlarda ýaşaýarlar, sebäbi priwatizasiýa (hususylaşdyrmak) prosesi çäklendirilen moçberde amala aşyryldy.

Döwletden öz ýaşaýan jaýlaryny satyn almaga rugsat berlen toparlaryň birisi hem Türkmen-Rus iki graždanlygy bolan adamlar. Bu Kreml tarapyndan goldanan, Russiýanyň pasportyny elinde saklaýan adamlaryň Türkmenistandan emigrasiýasyna ýol bermek üçin döredilen planyň bir bölegi hökmünde edildi.

Aşgabatly adam hukuklary aktiwisti iki graždanlyk ylalaşygynyň 2014-nji ýylyň başynda tamamlanjakdygyny aýtdy, we şol sebäpli ol damlaryň öz jaýlaryny satmaga gyssanmagy mümkin. Onuň çaklamagyna görä, bu bahalaryň arzanlamagyna getirip biler.

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

 

Economy
Support our journalists