Türkmenistan: Ýerli saýlawlar adamlary höweslendirenok

Türkmenistan: Ýerli saýlawlar adamlary höweslendirenok

Thursday, 16 July, 2009
Türkmenistanda köp saýlawçylar 26-njy iýulda geçjek saýlawlaryň ýerlerde hakyky meseleleri çözmäge taýýar ýerli geňeşleri döretjegine ynamsyz seredýärer. Olary reformirlemek barada berlen sözlere seretmezden, NBCA-nyň synçylarynyň bellemegine görä, bu saýlanan guramalar öňkisi ýaly alaçsyz bolup galar.



Kandidatlary hasaba almak prosesi 5-nji iýulda başlady we merkezi saýlaw komissiýasynyň habar bermegine görä yurt boýunça 6 200 sany geňeş orny üçin 12 000-den gowrak kandidat saýlawa gatnaşýar. Saýlaw ýurtda ýeke-täk kanuny partiýa bolan demokratiki partiýanyň we dürli döwlet edaralarynyň wekillerinden bolan kandidatlar bilen çäklendirilen.





“Geňeşler” ýa-da kiçi posýoloklar, etraplar we oba ýerleri üçin wekilleriň ýygnagy häzir bir azyrak üýtgeşik düzgünler bilen saýlanylýar. Indi saýlanan agzalar öňki üç ýyl möhletiň ýerine bäş ýyl işlärler.



Geçen ýylyň oktýabrynda, Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow ýerli häkimiýetleri milli syýasatlary has gowy ornaşdyryja öwürmek üçin reformirlemegiň zerurdygyny aýtdy.



Geňeşler häzirki wagtda ýerli býudjetleri we salgytlary kesgitlemäge, hem-de suw we ýer dawalaryny düzgünleşdirmäge hukukly. Berdimuhammedowyň reformalaryna laýyklykda, olar şeýle-de öz wekilçilik edýän ýerlerine degişli meseleler barada milli parlamente teklipler berip bilerler.



Berdimuhammedow saýlawlar tamamlanandan soň merkezdleşdirilen häkimiýetden daşlaşmak prosesine üns berjekdigini duýdurdy. Ýöne NBCA muny diňe aýtmagyň aňsatdygyna ünsi çekýär. Sebäbi häzirki sistema berk ierarhiýany özünde saklaýar: iň ýokarda Prezidentiň özi bolup, ol ministrleri we ýerli häkimleri işe belleýär we boşatýar, hatda parlamentiň ýolbaşçysyny hem özi saýlaýar.



Synçylaryň aýtmagyna görä, şu wagta cenli ýerli häkimiýetleriň işleýşinde gaty az üýtgeşme duýuldy. Türkmenistanyň demirgazygyndaky Daşoguzdan bolan bir metbugat synçysy ýerli wekilleriň islendik wajyplykdaky haýsydyr bir çözgüdi kabul edenini ýatlap bilmeýändigini aýtdy.



“Käwagtlar bu ýerde hiç-hili ýerli wekil ýok ýaly bolup görünýär” diýip başga bir kommentator äydýar. “Ýerlerde ähli kararlar häkimler tarapyndan Prezidentiň syýasy programasyna laýyklykda kabul edilýär.”



Geçmişdäki saýlawlary ýatlamak bilen, gündogardaky Lebap welaýatyndan bolan aýal aktiwist indi suw geçirip bermegi ýa ýollary düzetmegi söz berýän islendik kandidata ynanmaýandygyny aýtdy. Sebabi bularyň hiç birisem amala aşyrylanok.



“Biziň hemmämiziň öz ajy tejribämizden bilşimiz ýaly, saýlawyň häzirki döwründäki söz bermeler adatça ýerine ýetirilmän galýar” diýip ol aýtdy.



Daşoguzdan bolan bir obalynyň aýtmagyna görä, yerli geňeşleriň beýle dereksiz bolmagynyň sebäbi olarda hiç-hili garaşsyzlygyň ýokdygy we diňe ýokardan gelýän buýruklary ýerine ýetirýändikleri bolup durýar.



“Bize kim saýlansada ýa-da hiç kim saýlanmasada hiç tapawudy ýok” diýip ol aýtdy.



Prezidentiň güýçli yerli häkimiýet döretmek we kandidatlary güýçlendirmek baradaky ynandyrmalaryna seretmezden, bu saýlaw kampaniýasy hem öňden tanyş ugura gitdi. Türkmenistanyň dürli böleklerinden adamlaryň aýtmagyna görä, kandidatlar howpsyzlyk gulluklary tarapyndan doly barlanypdyr we syýasata wepalydygy tassyklanypdyr, diňe şondan soň olary nominirlemäge ýol berlipdir.



Milli howpsyzlyk ministrliginden bolan we barlag prosesine gatnaşan ofiser: “Şonuň üçin ähli kandidatlar, edil şol bir inkubatordan çykan jüýjeler ýaly, biri-birine meňzeş” diýdi.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)



Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists