Türkmenistan Rus aragatnaşyk kompaniýasyny ýurtdan çykarýar

Türkmenistan Rus aragatnaşyk kompaniýasyny ýurtdan çykarýar

Russiýanyň mobil telefon kompaniýasynyň kontraktynyň Türkmenistanda duýdansyz ýatyrylmagy ulanyjylara gaty agyr urgy boldy, hem-de olaryň öňdenem çäkli bolan internet birleşmesini kemeltdi.

Türkmen häkimiýetleri MTS kompaniýasynyň lisenziýasynyň 21-nji dekabrda tamamlanýandygyny aýtdylar. Emma käbir müşderiler rus kompaniýasynyň girizip başlan we adamlara daşardan gelýän informasiýany senzurasyz elýeterli etmegi mümkin bolan täze tehnologiýalary öňüni almak maksadynyň hakyky isleg bolandygyna ynanýarlar.

MTS öz telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili we 2009-njy ýylyň soňunda girizen mobil internet hyzmatlary üçin, we şeýle-de geçen ýylda internedi has-da elýeterli eden 3G USB modemlerini girizmegi sebäpli, ulanyjylaryň arasynda uly meşhurlyk gazandy.

“MTS öz abonentlerini mobil terminallaryň üsti bilen internet resurslara prowodsyz we ýokary tizlikli baglanyşygy üpjün etdi” diýip bir hyzmatdan göwni biten müşderi aýtdy we bu hyzmatyň döwlet mobil aragatnaşyk kompaniýasy bolan Altyn Asyryň hyzmatyndan hem arzan hem hili boýunça gowy bolandygyny belledi.

MTS-in bazardan çykarylmagy bilen onuň 2,5 milliona golaý bolan müşderileriniň köpüsi öz telefonlary üçin Altyn Asyr SIM kartasyny almak üçin nobata durmaly boldular.

“Telekommunikasiýa bazary doly ýumrulyşa sezewar boldy” diýip Turkmentelekom döwlet kompaniýasynyň bir işçisi aýtdy. “Öz mobil aragatnaşygyndan kesilen adamlar milli operatoryň ofislerine topar bolup geldiler, operator bolsa bu islege çydap bilmedi we öz işiniň hilini has-da erbetleşdirdi.”

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 2007-nji ýylda döwlet başyna geleninde ol käbir internet elýeterliligine ýol berdi, mekdeplerde internet birikmelerini döretmäge çagyrdy, hem-de birnäçe internet kafeleriniň açylmagyna mümkinçilik berdi. Bu öňki prezident Nyýazowyň izolýasiýa ediş syýasatlaryndan tapawutly üýtgeşme bolup göründi.

2009-njy ýylyň ýanwarynda Berdimuhammedow mobil telefon we internet birikmeleriniň hiliniň gaty pesdigi üçin hatda aragatnaşyk ministrini işden hem boşatdy.

Ýöne, öýde ýa-da ýurduň 30 sany internet kafeleriniň birinde internede girip bolýandygyna seretmezden, häkimiýet berk kontrollygy elde saklaýar we özleriniň gowy görmeýän daşary ýurt web-sahypalaryny, hatda sosial setleri hem, bloklaýar. Internet kafelere gelýän adamlardan hökman öz dokumentini görkezmek soralýar, hem-de olaryň ugradýan hatlary we girýän sahypalary ýazgy edilýär.

Käbir ulanyjylar MTS-iň ýapylmagynyň internet hyzmatlarynyň çagini has-da daraltmak islegi bilen baglydygyna ynanýarlar.

“Hakimiýetler bizi Milli Howpsyzlyk Ministrligi tarapyndan kontrollyk edilýän Türkmentelekom we Altyn Asyr hyzmatlaryny ulanmaga mejbur etmek üçin MTS-i bilgeşleýin ýapdylar” diýip Aşgabatly bir ulanyjy aýtdy. “Indi olar “gybatçylary” we “halk duşmanlaryny” tapmak üçin informasiýa akymyny filterden geçirerler.”

Tejribeli metbugat synçysynyň aýtmagyna görä internet ulanyjylaryň sanynyň birden artmagy gizlin gulluklar üçin elektron hatlary gözden geçirmegi kynlaşdyrdy.

Internet kafeniň işgäri bolsa beýle garaýyşlar bilen razylaşmady, hem-de MTS-iň 3G setiniň we ýokary-tizlikli maglumat geçiriş enjamlarynyň entegem diňe pes tizligi hödürleýän Türkmentelekom üçin has göni kommersiýa howpuny döredeni üçin bu kompaniýanyň ýurtdan çykarylan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists