Türkmenistan daşary ýurt diplomlary bilen hem işe alar

Türkmenistan daşary ýurt diplomlary bilen hem işe alar

Türkmenistan daşary ýurtda alnan akademiki kwalifikasiýalary hasap etmegini bes edeninden 7 ýyl soň, bu syýasat ýatyryldy. Munuň bilimli professionallara öň işlemäge mümkinçiligi bolmadyk wezipeleri almaga mümkinçiligi bermegi mümkin.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow mart aýynyň soňunda bu uly syýasat üýtgeşikligine buýruk berdi. Onuň aýtmagyna görä, daşary ýurt uniwersitetlerinde okan adamlaryňam öz başarnyklary bilen, onuň Türkmenistandaky “hemmetaraplaýyn reformalar” diýip atlandyrýan prosesine goşant goşup bilmegi zerur.

Berdimuhammedowdan öňki Saparmyrat Nyýazow 2004-nji ýylyň iýunynda döwlet edaralaryna daşary ýurtlarda bilim alanlary, olaryň türkmen ýokary bilim okuw jaýlaryny gutaranlardan bilim derejesi pes diýip, işden boşatmagy buýurdy. Spesialistleri şonda-da işinde saklamak gerek bolan ýerlerinde olara türkmen kwalikasiýaly spesialistlere garanda pes aýlyk berildi.

Hakykat ýüzünde, Nyýazow bu buýrugy bermezinden öňem daşary ýurtda bilim alan spesialistleri gysyp çykarmak iki ýyllap dowam edýärdi. Şol wagta çenli, adam hukuklary toparlarynyň hasabatlaryna görä, 11 000 mugallym we 15 000 saglygy saklaýyş işgärleri eýýäm işinden kowulypdy.

Bu syýasat professionallaryň köpsanlysyny ýurtdan gitmäge mejbur etdi, ýurtda galanlaram öz hünärine degişli bolmadyk işleri edip başladylar.

Berdimuhammedow 2007-nji ýylda ýurt başyna gelende Nyýazow döwrüniň sistemasyny reforma etmegi söz berdi, hem-de özünden öňkiniň käbir has zyýanly syýasatlaryny ýatyrmagy başardy. Ykdysadyýete ýetmeýän başarnyklar boşlugyny doldurmak üçin uniwersitetlerde studentler üçin ýerleriň sany artdyryldy, täze okuw bölümleri açyldy we studentlere daşary ýurtlara gitmäge ýol berildi. 2010-njy ýylda olaryň 2 500 töweregi ABŞ, Russiýa we beýleki Ýewropa ýurtlary, Türkiýe we Hytaý ýaly ýerleriň okuw jaýlarynda okadylar.

Okuwly professionallaryň ýetmezçiligi esasy problema bolup durýar. 2009-njy ýylda Aşgabat häkimligi tarapyndan geçirilen barlaglar ýolbaşçy işgärleriň 80%-niň öz işi üçin degişli kwalifikasiýasynyň ýokdugyny ýüze çykardy. Olaryň hemmesi Türkmenistanda bilim alanlar.

“Ähli uniwersitetlerde agalyk edýän, studentlere ýöne režimiň ideologiýasyny ýat tutdurmak we professional bilime üns bermezlik ýagdaýy ähli uniwersitetleriň ekspertleri däl-de prezidentiň işlerini ýatdan gaýtalap bilýän, emma iş instruksiýasyna düşünmegi başarmaýan robotlary taýýarlamgyna getirdi” diýip adynyň aýdylmagyny islemedik uniwersitet mugallymy aýtdy.

Berdimuhammedowyň şu wagta çenli eden üýtgeşmeleri gaty haýal ornaşdyrylýar, hem-de daşary ýurtdan dolanyp gelen studentlere iş tapmak entegem kyn düşýär.

“Şu wagta çenli häkimiýetler iş ýerlerine täzeçe pikirli ýaşlaryň gelmegini islemedi” diýip bilim ministrliginden bir bölüm müdüri aýtdy. “Logikanyň garşysyna, bize daşary ýurt diplomlaryny hasap etmäge ýol berilmedi”.

Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyň ýolbaşçysy Täjigul Begmedowa hökümediň daşary ýurt kwalifikasiýalaryny kabul edip başlamagynda halkara basyşynyň hem rol oýnandygyny aýdýar.

Ýöne Daşoguz welýatynda mugallymlar toparynyň gaty seýrek bitewilik görkezmegi hem bu netijä täsir eden bolmagy mümkin. Olar ýerli prokurorlary özleriniň deň aýlyk almalydygy baradaky arzlaryny goldamaga mejbur etdiler. Begmedowanyň aýtmagyna görä, ol mugallymlaryň kwalifikasiýalary hasap edilmänden soň, olara öz kärdeşlerinden az aýlyk berlipdir.

Prokurorlar bu ýagdaýa seredeninden soň, mugallymlara kem tölenilen aýlyklarynyň galan bölegini töläpdirler. Emma olaryň kwalifikasiýalaryny resmi taýdan hasap etmek entek amala aşyrylanok.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Education
Frontline Updates
Support local journalists