Türkmen tomaşaçylary telewideniýeniň reformalaryna umytsyz seredýärler
Türkmen tomaşaçylary telewideniýeniň reformalaryna umytsyz seredýärler
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň döwlet telewideniýesini täzeden tankytlamagyna we onuň “pes hilli” programmalaryny gowulandyrmaga çagyrandygyna seretmezden, ýerli tele-tomaşaçylar hakykatda köp zadyň üýtgemejekdigini aýtdylar.
Iýul aýynyň 1-inde ministrler kabinetine ýüzlenende, Berdimuhammedow hökümet işgärlerine “Türkmen telewideniýesiniň gepleşikleriniň pes ideologiki we çeperçilik standartlaryny” düzetmek üçin tiz çäre görmeklerini buýurdy. Ol bu çäreleriň nähili görnüşde bolmalydygyny anyklamady, ýöne döwlet işgärlerine žurnalistleri bolup geçýän wakalar bilen habarly etmek üçin olar bilen hepdelik duşuşyklary geçirmegi tabşyrdy.
2007-nki ýylda döwlet başyna geçenden bäri Berdimuhammedow ýygy-ýygydan habar beriş serişdelerini tankytlap durýar. Synçylar programmalaryň hilini gowulandyrmaga hakyky synanyşyklaryň edilendigi aýdýarlar. Döwlet taze tele-stansiýalar we tehniki enjamlar üçin serişdeleri üpjün etdi. Ýöne onuň netijesini görkezer ýaly material ýok diýen ýaly.
“Döwlet telewideniýäniň işleýişini gowulandyrmak üçin millionlarça dollar sarp edýär. Işgärler ýerli ölçegler bilen seredeniňde ýokary aýlykda we olaryň gowy iş şertleri bar – täze enjamlar, aýratyn studiýalar we iş otaglary,” diýip Aşgabatda bir kommentator aýtdy. “Emma muňa seretmezden, telewideniýede görkezilýän programmalar iç-gysgynç we manysyz.”
Türkmenistanyň häzir efire goýberilýän 4 telekanaly bar, olaryň hemmesem döwlet tarapyndan dolandyrylýar. Olaryň ählisi – Altyn Asyr, Miras, Ýaşlyk we TW-5 – günde 16 sagat efire çykýar we 10 minutlyk rus dilinde hem täzelik berýär. Mundan başgada sputnik arkaly goýberilýän, köp-dilli tazelikler we saz kanaly TW-4 hem bar.
Bu bar bolan giň elýeterlilige seretmezden, ýerli tomaşaçylar umuman öz prezidentleriniň tele-programmalary manysyz diýip häziýetlendirmegi bilen ylalaşýarlar.
“Men türkmen kanallary hiç wagt görmeýärin. Ýerli telewideniýe diňe tans, hem-de hemişe “hormatly prezident”, “mähriban prezident” diýen ýaly sözler bilen gepleýän kelleleri görkezýär” diýip Aşgabadyň bir ýaşaýjysy aýtdy.
Bu adam dürli kanallaryň arasyndaky tapawudyň gaty azdygyny we olary tapawutlandyrýan ýeke-täk zat alyp baryjylaryň geýýän eşekleridigini aýtdy. Altyn Asyryň alyp baryjylarynyň hemmesi erkekler hem-de olar meňseş gara kostýum geýýärler we galstuk dakýarlar. Mirasyňkylar bolsa köplenç türkmen milli eşigindäki aýal-gyzlar.
“Olarda şahsyýetleriň doly meňzeşligi” diýip tomaşyçy aýtdy .
Neýtralny Turkmenistan döwlet gazetinde işleýän žurnalist üç tele-kanalda günde dört gezek efire çykýan, hem-de görkezilýän çärä baglylykda dört sagada çenli dowam edip bilýän “Watan” habarlar gepleşigini tankytlady .
Eger prezident Berdimuhammedow yzy konsert bilen gutarýan haýsydyr bir dabaraly çärä gatnaşsa, onda ähli programmalar aýrylýar we tutuş konsert prezidentiň şekiline we onuň daş-töweregine ünsi çekmek bilen görkezilýär.
Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň halkara žurnalistika fakultetiniň studenti bolan bir gyz ýerli telewideniýeni diňe ekzamenler üçin programmalaryň mazmunyny ýa-da täzelikleri alyp baryjylary gözden geçirmeli bolanda görýändigini aýtdy.
“Professional bolmadyk alyp baryjylar içgysgynç soraglary berýärler we jogap berýänleriň sözüni bölýärler. Olar munuň üstüni Berdimuhammedowy öwýän sözler bilen ýetirýärler” diýip ol aýtdy.
Prezidentiň türkmen telewideniýesine gönükdirýän yzygider tankydyna seretmezden, ýerli synçylar özleriniň gepleşikleriň mazmunynda ýa hilinde düýpli üýtgeşmeleri görjeklerine şübhelenýärler.
“Biziň onuň tankytlaryna üns bermäni goýanymyza köp wagt boldy” diýip bir gazediň žurnalisti aýtdy. “Bu däbe öwrüldi. Onuň hakyky üýtgeşmäni islemeýäni görnüp dur, bolmasa ol bu ýerde konkurensiýa döretjek garaşsyz kanallara ýol beredi ahyryn.”
Paýtagt Aşgabatdan 20 kilometrlikde ýerleşýän Abadan şäherinden bir pensioner özüniň alty aýdan bäri Russiýanyň kanallaryny görmäge mümkinçilik berjek sputnik tarelkasyny almak üçin pul toplap ýörenini aýtdy.
“Biziň telewideniýeçilerimiz ýaly işlemek mümkin däl” diýip ol aýtdy. “Görer ýaly zat ýok. Ähli kanallarda şol bir zat – häkimiýeti öwmek we gözboýagçylyk.”
Ol aýratynam häzirki ideologiýa gabat geler ýaly edilip, taryhyň üýtgedilip görkezilmegine gaharlanýar.
“Biziň telewideniýemize görä, Beýik Watançylyk Urşunam türkmenler ýeňen eken” diýip ol güldi.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy