Türkmen telewideniýesinde sosial reklama gaty seýrek zat

Türkmen telewideniýesinde sosial reklama gaty seýrek zat

Sunday, 29 November, 2009
günlik okuw seminary Türkmenistanda entegem gaty seýrek zat bolan sosial reklamanyň wajyplygyny anyk görkezdi.



Türkmen paýtagty Aşgabatda 5-7-nji noýabr aralygynda geçirilen bu çärä döwlet saglygy goraýyş we bilim işgärleri, resmi ýaşlar we aýallar guramalarynyň wekilleri, hem-de döwlet tarapyndan dolandyrylýan metbugatda işleýän žurnalistler gatnaşdylar.



Sosial reklama we bildirişler Türkmenistanyň hökümet trapyndan berk kontrollyk edilýän metbugatynda we tele-radio ulgamynda gaty seýrek. Telwideniýede görkezilýän öýde gaz enjamlarynyň howpsuzlygy baradaky bildiriş bu ýagdaýdan üýtgeşik ýeke-täk mysaldyr.



Birleşen Milletler guramasynyň çagalar agentligi bolan ÝUNISEF-iň (UNISEF) goldamagynda geçirilen Milli Ene Süýdi hepdelegi muňa gowy subutnamadyr.



“Bu mesele boýunça hiç-hili tele ýa-da radio bildirişi bolmady” diýip döwlet telewideniýesinde işleýän žurnalist belleýär, “ýöne bu barada telewideniýe habarlarynda aýdyldy, hem-de bir million töweregi mobil telefon ulanyjylar ene süýdüniň ähmiýeti we ene süýdi barada ýakynda kabul edilen kanun barada habar aldylar”.



Onuň bellemegine görä täzeliklerde bu wakanyň beýan edilmegi BMG-nyň gatnaşmagy sebäpli bolmaly.



Aşgabatdaky hökümede degişli bolmadyk bir guramanyň wekili özüniň döwlet telewideniýesinden 1-nji dekabrda belenilýän bütindünýä SPID günine degişli reklama taýýarlamaga kömek sorandygyny, ýöne olaryň Saglygy Goraýyş ministrliginden ýörite rugsat gerek diýmek bilen ony yzyna gaýtarandyklaryny aýtdy.



“Hökümede degişli däl gurama üçin ýöne ýerden reklama goýaýmak aňsat däl” diýip tele-žurnalist aýtdy.



Körler jemgyýeti we lallar jemgyýeti we pensiýadaky mugallymlar guramasy ýaly toparlaryň agzalary hiç wagt telewideniýä ýa-da radio öz atlaryndan haýsam bolsa bir materialy goýbermeklerini sorap ýüz tutmandyklaryny aýdýarlar, sebäbi olar kimdir biriniň muny amala aşyrmaga razylaşjagyna şübhelenýärler.



“Biz günbatar ýurtlarynda şeýle görnüşli reklamalaryň bardygyny we olaryň kör adamlaryň duş gelýän problemalaryna jemgyýetiň ünsini çekýändigini, hem-de biziň ýagdaýymyza düşünmegi we bize mähirli seretmegi owredýändigini eşitsegem, biz öz habar beriş serişdelerimize ýüz tutmaga het edip bilmeris” diýip körler jemgyýetindäki bir işgär aýtdy.



Telewideniýe we radiýo neşe serişdelerini zyýany, garrylar ýa-da maýyplar baradaky aladany öňe süreninden, girdeji getirýän kommersiýa reklamalaryny efire goýbermegi makul bilýär.



Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) habarçylarynyň aýtmagyna görä, habar beriş serişdelerine belli bir wagty sosial reklamala sarp etmäge görkezme berýän kanuny düzgünnamalar bar bolan ýagdaýynda, bu habar beriş serişdeleriniň işgärlerinde we reklama berijilerde şeýle görnüşli materiallary taýýarlamaga ymtylyş döreder.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)









Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists