Türkmen migrasiýa kanunçylygynyň has-da berkidilmegi howsalalandyrýar.

Türkmen migrasiýa kanunçylygynyň has-da berkidilmegi howsalalandyrýar.

Friday, 18 December, 2009
Türkmenistanda immigrasiýa işgärlerine has köp hukuklary berýän täze kanunçylygyň kabul edilmegi, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylarynyň aýtmagyna görä, hereket azatlygyna geljekde has köp çäklendirme goýup biler.



Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan 2-nji dekabrda gol çekilen täze kanun Migrasiýa Gullugyna, mundan öň serhet gözegçileri tarapyndan ýerine ýetirilen passportlary barlamak wezipesi we ýörite harbylaşdyrylan güýçlere kontrollyk ýaly birnäçe hukuklary berýär.



Şeýle-de kanun migrasiýa gullugyna operatiw-gözleg işlerini ýerine ýetirmäge esas berýär, bu bolsa Aşgabatly adwokatyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň kanuny goraýyş we howpsuzlyk gulluklarynyň hukugy bolmagynda galsa gowy bolar.



“Bu täze howpsuzlyk gullugynyň döredilmegini aňlatýarmy?” diýip adwokat sorady.



Şu wagta çenli immigrasiýa we emigrasiýa 2005-nji ýyldaky kanun esasynda dolandyrylýardy.



Türkmenistandaky kommentatorlaryň aýtmagyna görä, migrasiýa gullugy eýýäm, daşary ýurtlylaryň ýurtda ýaşamagyna we türkmen graždanlarynyň hereketine çäklendirmeler goýmak bilen, öz güýjüni görkezip başlady.



“Migrasiýa gullugy özüniň döredýän “gara spisogy“ esasynda adamlaryň üstünden çäklendirilmedik kontrola eýe bolýar” diýip bu spisoga goşulandan soň daşary ýurda goýberilmeýän Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy. “Olaryň näme üçin beýle edenlerini hiç-haçan bilip bolmaýar. Olar düşündiriş berenoklar.”



Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Fondynyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowanyň belemegine görä täze kanun adamlara iň bolmanda bir hukugy – näme üçin migrasiýa gullugynyň degişli karara gelenini bilmek hukugyny berýär.



“Kanunda migrasiýa gullugy aç-açan tertipde hereket etmeli diýlip bellenilen, ýöne iş ýüzünde bu beýle däl” diýip ol aýtdy. “Beýleki bir madda seýle diýýär: “Migrasiýa düzgün bozmalaryny amala aşyrmakda aýyplanyp saklanylan we tussag edilen raýatlara migrasiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan näme üçin olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilýändigi aýdylmalydyr.” Ýöne, hakakyt ýüzünde, haçan raýatlar ýurtdan çykmakda problema duş geleninde, olar näme üçin ýurtdan çykarylman saklanylany barada hiç-hili informasiýa alyp bilenoklar.”



Adam hukuklary aktiwistleriniň garaşsyz çaklamalaryna görä 17 000 töweregi adam – žurnalistler, graždan jemgyýeti aktiwistleri, hökümede degişli däl guramalaryň agzalary, oppozisiýa agzalarynyň garyndaşlary we häkimiýete wepalylygy şubheli diýlip çaklanylýan adamlar – “gara spisoga” goşulan.



Spisokdaky islendik adam şahsy ýa-da iş maksatlary bilen Türkmenistandan çykjak bolanynda aeroport serhet postynda saklanylýar we reýsden aýrylýar.



Şu tomusda, daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan köp studentler, mysal üçin Gyrgyzystandaky Merkezi Aziýa Amerikan Uniwersitetinde okaýanlar, özleriniň tomus kanikulyndan soň Türkmenistandan çykyrylmaýandygyna göz ýetirdiler. Häkimiýetleriň näme üçin talyplary gysýany düşnüksiz bolup galýar.



Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylarynyň aýtmagyna görä, hereket etmek azatlygyna goýlan şeýle esassyz we düşündirişsiz çäklendirmeler sebäpli maşgala agzalary köplenç biri-birinden aýralykda galýarlar.



“Köplenç, migrasiýa gullugy [çykmaga rugsat almak üçin arza bilen bile tabşyrylan] pasporty yzyna gaýtaryp berenok ýa-da mohleti geçinçä saklaýar, soňra eýesi wagtynda yzyna soramady diýen bahana bilen yzyna gaýtaryp berýär” diýip Aşgabatly synçy aýtdy.



Aşgabatda bir maşgala bilen bolup geçen waka muňa gabat gelýär. Haçan-da onuň türkmen passportynyň möhleti geçeninde, bir erkek adam onuň doglan ýeri bolan Ermenistana deportasiýa edildi. Onuň aýaly birnäçe gezek dürli döwlet edaralaryna hat ýazdy, ýöne häzire çenli bu üstünlik getirenok.



“Oňa bärik gelmäge rugsat berlenok, migrasiýa gullugy we prezident geňeşi [Kanun goraýyş edaralarynyň garşysyna raýatlaryň arzlaryna seretmek boýunça prezidentiň komissiýasy] meniň hatlaryma jogap berenok, şonuň ýaly-da sudlar maňa arz etmäge ýol berenok” diýip ol aýal aýtdy.



Kommentatorlar täze kanunyň migrasiýa proseduralaryny gowulaşdyrjagyna şübhelenýärler.



“Biziň ýurdumyzda köplenç gowy kanunlar kabul edilýär, ýöne olary kim ýerine ýetirýär?” diýip ýurtdaky metbugat gözegçisi aýtdy. “Bu kanun olara bizi peseltmäge has köp hukuk berer.”





Frontline Updates
Support local journalists