Türkmen galla hasylynyň mukdaryna ynanmak kyn
Türkmen galla hasylynyň mukdaryna ynanmak kyn
19-njy iýulda bellenilýän hasyl baýramynyň öň ýanynda Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow daýhanlary bugdaýyň 1,2 million tonnasyny ýetişdirendikleri bilen gutlady. Bu geçen ýylkydan 50 prosent köp.
Eger bu şeýle bolsa Türkmenistanyň öz zerurlyklaryny ýapmak üçin gereginden artyk bugdaýy bolmaly, ýöne oba hojalyk ekspertleri bu sanyň dogrydygyna şübheli seredýärler.
“Meniňä ammarda 1,2 million tonna bugdaýyň durandygyna ynamym ýok” diýip günortadaky Mary welaýatynyn un-çörek edarasynyň öňki işgäri aýtdy. “Hasylyň hakyky mukdary berk goralýan syr bolup galýar.”
Ol “döwlet plany” esasynda öz borçlaryny ýerine ýetirendiklerini Prezidente görkezmäge çalyşýan ýerli ýolbaşçylaryň oba hojalyk statiskasyny yzygider galplaşdyrýandyklaryny düşündirdi.
“Hakykatda ýurt boýunça million tonnadan kem galla öndürildi. Galan 250 000 – 300 000 tonnasy artdyrylyp ýazylan” diýip ol aýtdy.
Beýleki synçylaram sanlaryň has ösdürilendigi bilen razylaşýarlar.
Demirgazykdaky Daşoguz welaýatyndan bolan synçy Prezident Berdimuhammedowyň iýun aýyndaky ministrler kabinetiniň ýygnagynda, 2009-njy ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri maslahatlaşylanda, ykdysady maglumatlaryň çişirilýändigine käýinendigini belleýär.
Döwlet statistika gullugynyň başlygy Kakamyrat Mommadow maglumatlaryň ýalňyşdygy üçin işden boşadyldy.
Daşoguzyň Könürgenç etrabyndan bolan 60 ýaşly daýhan, regiondan-regiona pese gaçýan önümçilik sanlarynyň nädip rekord derejeli hasyla getirýänini sorady.
“ Bäş welaýatdan diňe Lebap öz planyny dolup bildi. Daşoguza özüniň maksadynyň ýarysynam toplap bilmedi. Bu rekord sanlar we görlüp-eşidilmedik hasyl baradaky gürrüňler nireden geldikä?” diýip ol gyzyklandy.
Obalarda daýhanlar ýuwaşlyk bilen öz şahsy galla zapasyny toplaýarlar.
Türkmenistan öňki Prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan 90-njy ýyllaryň başynda girizilen uny kartoçka esasynda paýlamak düzgünini saklaýar. Iýmit kartoçkalary aýlyk esasda berlip, adamlara 4 kilogram arzanladylan un almaga rugsat berýär.
“Her maşgala berilýän un ýeterlik bolanok, şonuň üçin biz öz problemamyzy özümiz çözmeli bolýarys” diýip Mary welaýatyndaky Ýolöteniň bir obasyndan bolan daýhan näme üçin adamlaryň öz öndüren gallasyny toplaýandygyny düşündirdi.
Arzanladylan unyň her kilogramy 40 teňňe bolup, bu 14 amerikan sentine deň. Russiýadan we Gazagystandan import edilýän un dükanlarda we bazarlarda bar, ýöne gaty gymmat we esasan gurply adamlar tarapyndan satyn alynýar.
Türkmenistan gowy hilli gallany import etmäge mejbur bolýar, sebäbi gurak klimat şertleri onuň öz ösdürip ýetişdirýän bugdaýynyň diňe mal iými üçin yerliklidigini aňladýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň oba hojalyk departamentiniň 2005-nji ýyl boýunça maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ýyllyk bugdaý sarp ediş zerurlygy 2,5 million tonna deň, hem-de şonuň 300 000 tonnasy tohumlyk üçin ulanylypdyr.
(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)