Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Türkmenistandaky Amerika Garşy Hereketler

By News Briefing Central Asia

Amerika tarapyndan maliýeleşdirilýän Türkmenistanda iňlis dilini okatmak baradaky programmanyň ýapylmagy daşky dünýä tarap ýene bir penjiräniň gulplanmagyny aňladýar.

"Salam Amerika!" kursy soňky bäş ýylyň dowamynda işledi we ol Aşgabatdaky ABŞ ilçihanasy tarapyndan goldalyndy. Emma sentýabrda täze okuw ýyly başlananda bu programma dowam etdirilmedi. Emigrant täzelikler saýty bolan "Türkmenistanyň Hronikalary" munuň hökümediň görkezmesi boýunça ýapylandygyny habar berýär.

Awgust aýynda, Amerikan ilçihanasy, 20 ýyl ýurtda işländen soň, Parahatçylyk Korpusy programmasynyň hem bes edilýändigini yglan etdi. Mart aýynda, alty sany Parahatçylyk Korpusynyň meýletinçileri, häkimiýetler olaryň wizalaryny uzaltmakdan ýüz dönderenden soň, ýurtdan gitmeli boldular.

Eger olar diňe iňlis dili okatýanam bolsa, häkimiýetler daşary ýurtlylaryň ýürtda bolmagyna zyýanly täsir hökmünde seredýärler.

“Daşary ýurtlardan gelen ähli meýletinçiler potensial içalylar bolup, olar Türkmenistandaky ýuwaş adamlaryň durmuşyna galmagal getirip biler” diýip, adynyň aýan edilmegini islemedik bir resmi işgär aýtdy.

Ýelena Mätiýewa, häzir Niderlandlarda ýaşaýan asly Türkmenistanly žurnalist, 2009-njy ýylda studentleriň Gyrgyzystanda ýerleşýan Merkezi Aziýadaky Amerikan Uniwersitetine okuwa gitmekden saklanandygyny ýatlatdy. Onuň aýtmagyna görä şolam ýaşlary “bozýan daşary ýurt täsirlerinden” goramak üçin edilipdir.

“Amerikan bilim programmalaryna päsgel bermek bilen, häkimiýetler sosial, graždan, jemgyýetçilik we syýasy aktiwizmiň öňüni almaga çalyşýarlar” diýip ol belledi.

Entegem dowam edýän FLEX diýlip atlandyrylýan bir ABŞ programmasy mekdebiň soňky ýyllaryndaky okuwçylara bir ýyllap Amerikada okamaga we ýaşamaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistandaky bilim işgärleri häkimiýetletiň döwlet tarapyndan kontrollyk edilýän mediada programmany yglan etmegi gadagan etmekden başlap, programma gatnaşanlary basyş astynda goýmaga çenli, bu programma tabşyrýanlary saklamak üçin elinden gelenini edýändiklerini aýdýarlar.

Netijede, gündogardaky şäher Türkmenabatdan bolan bir mugallym: “Bezde öňler 500 ýa ondanam köp okuwçy [FLEX ýerleri üçin] ýaryşyň birinji raundyna gatnaşýardy, emma bu ýyl diňe 120 adam geldi” diýdi.

Programma barada gürrüň edip, Türkmen Bilim Ministrligi ABŞ-dan gaýdyp gelen okuwçylaryň “has garaşsyz, erkin pikirlenýän we öz hukuklaryndan habarly bolup, olara kontrollyk etmegiň mümkin däldigini" aýtdy.

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.