Özbegistan–Türkmenistan metbugatyň azatlygyna ynam ýok
Özbegistan–Türkmenistan metbugatyň azatlygyna ynam ýok
NBCA synçylary öz çaklamalarynda çökgünlik bilen ýagdaýyň gowlanmagyna esas ýok diýip belleýärler.
10-nji fewralda IPI her ýyldaky metbugadyň azatlyklary hakynda syn edişliginde Aziýa kontinentyna esasy üns berildi, onda “döwlet ýolbaşçylar jurnalistlara garşy emeli aýyplamalary taýýarlap olaryň garaşsyz we kritik seslerini ýatyrjak bolýarlar”.
Türkmenistanda jurnalistlar tussagda galyp olaryň yzarlanmagy dowam etdirilýar.
Mysal üçin 2008-nji ýylyň iýun aýynda RFE/RL-nyň ştatdan daşary jurnalisty Sazak Durdymyradow tussag edilip iki hepde turme kysymly ruhykeseller edaralarda geçirdi we tussaglyk mahaly gynaglar hem edilýardi.
Şondan soňra journalist daşary ýurt metbugatlar bilen hyzmatdaşlygy besetjekdigi barada ýazmaça dil hatyny bermeli boldy.
Türkmen hökümeti metbugat serişdeleriň üstünden doly gozegçiligi saklaýar, metbugatyň ýagdaýy prezident Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy we hökümete Gurbanguly Berdimuhammedowyň gelenden soňra hem ütgänok.
Özbegistana bagyşlanan böleginde geçen ýylyň tomysynda hukukgoraýjy we jurnalist Salijon Abdyrahmanowyň neşe serişdelerini satmak üçin saklamakda taýýarlanan aýyplama esasynda tussag edilendigi hem ýatlandyrylýar.
Ondan daşary hem metbugatyň Halkara instituty onlarça özbek jurnalistlaryň öz ýurtlaryny yzarlanmagy howpy üçin taşlap gitmeli bolýandyklaryny belleýär.
Özbek hökümeti BBC, Deutsche Welle, RFE/RL we rusiýanyň NTW teleýalymynyň akreditasiýalaryny ýatyryp jurnalistlara mydama basyş edip Özbegistandan gitmegi mejbur etdi diýip synda bellenýär.
Ýurtda erli KHS (köpçülikleýin habar beriş serişdeler) we internet – çaphanalaryň köplügine garamazdan ýurtda jurnalistlara beýan etmegi edilen gadagan mowzuklar bar.
“Berk gözegçilik ýazmaga höwesi gaçyrdy,” - diýip Fergan dolinadan jurnalistlaryň biri öz pikiri bilen paýlaşdy.
Özbegistanda we Türkmenistanda jurnalistikan esasy maksady auditoriýa obýektiw maglumatlary ýetirmek bu ýurtlarda ýok, jurnalistlaryň kär derejede ösmegi çäklenen, hökümet olaryň erkin döredejiliginiň ösmegine her hili böwet goýýar diýip media-synçylar unsi çekýärler.
Taşkentde jurnalistlaryň biri ýagny ol daşary ýurtda türgenleşme geçip gelenden soňra ol MHG-nyň işgäri tarapyndan sorag edilip, gelejekde bular ýaly çärelere gatnaşmakdan saklanmagy maslahat berilendigini gürrün berdi,
“Olar bizin ähli islän zatlarymyzy ýazarys diýip gorkýarlar,” – diýip korespondent teklip etdi.
Ýok häkimiýetlerin soň metbugata erkin “isleýşin ýaly ” işlemäge we ýazmaga ýol bermez diýip aşgabatdaky jurnalistlaryň biri garşy çykýar.
Ol hökümet jurnalistlaryň daşary yurt metbugatyna hakykaty ýazar diýip gorkýarlar we häkimiýetler üçin amatly däl zatlar dünýa jemgyýeti biler diýip pikir edýär.
“Bizde daşary yurt KHS hyzmatdaşlyk içalylyk bilen deňeşdirilýär,”- diýip jurnalist belleýär.
Türkmenistandaky NBCA media bilermeni geçen ýylyň güýzinde ýerli radiokanallayň biriniň korespondentine bilim hakynda makala ýazmagy teklip edip daşary ýurt çaphananyň wekili ýuz tutandygyny ýatlaýar.
Korespondentyň hem gorky bilen terk etdi.
“Men turmede otyrasym gelenok,” - diýdi.
(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)