Institute for War and Peace Reporting | Giving Voice, Driving Change

Mugallymlar üçin attestatsiýa

Türkmenistanyň bilim ministrliginiň mugallymlaryň aýlyklaryny kemeldip, pul tygşytlamaga gönükdirilen ahyrky initsiatiwalary täze okuw ýylynyň öň ýanyndaky baýramçylyk keýpini bozýar.
By IWPR
ol teklipleriň biri eger mugallymlaryň çap etdiren makalalary bolmasa, olaryň aýlygyny kesmek barada. Mugallymlaryň bilimi barada ýörite synagdan, attestatsiýadan geçmek düzgüni bolsa, olaryň sanyny iň pes derejä ýetirmäge gönükdirilen. Eger mugallymlaryň kategoriýasy, derejesi ýokarlansa, onuň aýlygyny hem köpeltmeli. Egerde ortaça aýlyk 40 ýada 50 dollara deňeçer bolsa, ýokary derejeli mugallymyň aýlygy iki esse köp bolmaly.



Ministrligiň işgärleriniň bu initsiatiwalaryna prezident Saparmurat Niýazowyň iýuldaky hökümet mejlisinde eden çykyşynda “mugallymlar döwlet budjetiň tas ählisini diýen ýaly iyýär” diýmesi sebäp bolmagy mümkin.



Bilim edaralaryna ýakyn durýan, adynyň tutulmagyny islemedik çeşmäniň maglumatyna görä, makalalary bolmadyk mugallymlaryň hakyny 8 dollara deňeçer kemeltmek göz öňünde tutulýar. Görnüşi ýaly, muny bilim ministrligiň esasy maksady döwlet budjetini tygşytlamak bolan işgärleri aňsatlyk bilen düşündirýärler. Eger mugallym gazýetde makala çykartmasa, diýmek özüni ösdürmek barada işlemeýär. Hut şonuň üçin de, olar az hak almaly.



Matematika mugallymyň biri mekdep kollektiwlerinde dowul dörändigini aýtdy. Çünki, olaryň öňünde ýerine ýetirip bolmajak wezipe durýar. Sebäbi, problema barada makala taýýarlamaly we ony tizden tiz çap etdirmeli. Özem makala diňe Ruhnama barada bolmaly. Iň esasyda, Niýazow hakynda suwjuk öwgüleri ýazmaly diýip mekdep ýolbaşçysy Rahim Nazarowyň düşündirendigini matematika mugallymy habar berdi.



Türkmenistanda metbugatyň örän azdygy ýagdaýy hasam kynlaşdyrýar. 10 çemesi gazýetiň diňe ikisi her gün çykýar. Özem “Neýtralnyý Türkmenistandan” beýlekileri Türkmen dilinde.



Regionlarda ýagdaýlar hasam ýaramaz. Meselem, Lebapda diňe “Türkmen Gündogary” atly gazýet bar. Ol hepdede 3 gezek çykýar. Gazýetiň redaksiýasyndan aýtmaklaryna görä, “Türkmen Gündogary” mugallymlara we olaryň hünärine her näçe hormat goýsada, gazýetiň welaýatdaky bilim işgärleriniň ählisiniň makalasyny çap etmäge mümkinçiligi ýok. Mugallymlaryň attestatsiýasy bolsa, okuw terbiýeçilik işgärleri barada täze düzgünnama esasynda geçirildi.



Ýagdaýy biraz agyrlaşdyran şol düzgünnama bilen birlikde birinji we ikinji kategoriýaly mugallymlaryň sanyny iň pes derejä çenli azaltmak hakynda bilim ministrlikden görkezme gowuşdy. Bu barada Lebabyň bilim edarasyndaky çeşme aýtdy. Mekdep ýolbaşçylaryň biriniň sözlerine görä, indi kandidatlary saýlamak we tassyklamak bilen mugallymlaryň şurasy dälde, welayatyň bilim boýunça baş edarasynyň wekilleri meşgullanýar.



Täze düzgüne görä, aýlygyň birinji hem ikinji kategoriýasyny almak üçin okuwçyň welaýat hem-de şäher olimpiýadalarynyň ýeňijisi bolmaly. Mugallymlar bu talabyň ýerliklidigine şübhelenýärler. Sebäbi, eger şeýle bolsa, onda esasy ünsi bütin klasyň bilimini ösdürmäge dälde, aýratyn okuwçylara, ýagny olimpiýadaçylara bermeli bolar.



Başlangyç klasyň mugallymasynyň sözlerine görä, ol Türkmenistanyň näçe gaz çykarýandygyny bilmändigi üçin ikinji kategoriýany alyp bilmedi.