Interwýu: Türkmen Aktiwistiniň sud edilişi häkimiýetiň hakyky ýüzüni görkezýär

Interwýu: Türkmen Aktiwistiniň sud edilişi häkimiýetiň hakyky ýüzüni görkezýär

Monday, 2 November, 2009
29-njy oktýabrda, ekolog we adam hukuklary aktiwisti Andreý Zatoka demirgazyk Türkmenistandaky Daşoguz şäheriniň sudy tarapyndan bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi. Onuň adama hüjüm etmekde aýyplanmagy, aýratynam sud prosesiniň geçirilişiniň beýle gyssagly jemlenilmegi onuň tarapdarlarynyň arasynda uly gaharlanma döretdi.



Aktiwist 20-nji oktýabrda, köpleriň pikirinä görä häkimiýetler tarapyndan Zatokany masgaralamaga we çetleşdirmäge bahana döretmek üçin gurnalan hadysadan soň tussag edildi. (Bu baradaky habara seredip bilersiňiz: Görnükli türkmen aktiwisti gaýtadan tussag edildi.)



IWPR-nyň Türkmenistan we Özbegistan barada habar berýän Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi (NBCA) bölüminiň redaktory Inga Sikorskaýa, Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Fondynyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowadan bu waka kommentariýa bermegini sorady.



NBCA: Zatokanyň dostlary we işdeşleri bu jenaýata çekilmäniň ýasamadygyna we onuň hukuklarynyň bozulandygyna ynanýarlar. Bu pikirler berk esasdamy?



Begmedowa: Häkimiyetleriň aklaýjy tarapyň şaýatlaryna üns bermän günäkärlemek üçin gyssagly birnäçe şaýatlary tapyşlaryny we [aýdylyşyna görä hüjümde] ejir çekeniň bada-bat mediki barlagyny gurnaýyşlaryny nazara alsaň bu sud prosesiniň ýasamadygy görnüp dur. Subutnamalar toplamak we gözi bilen gören obýektiw şaýatlary tapmak aňsat däl, aýratynam baýramçylyk dowry [Türkmenistan 26-28-nji oktýabrda öz Garaşşyzlygynyň baýramyny belledi].



Adam hukuklarynyň bozulmalary açyk görnüp dur.



NBCA: Andreý Zatoka ýaly aktiwistler türkmen häkimiýetlerine nähili howp döredip bilýärler? Barybir, ol izolirlenen ýerde ýaşaýardy we işleýärdi hem oňa ýurtdan çykmaga rugsat berlenokdy ahyryn.



Begmedowa: Bu ýerde bir üýtgeşik howp ýok. Bu ýöne türkmen döwlet işgärleriniň mentaliteti. Olar repressiw sredada on-ýyllyklaryň dowamynda ýaşap gelýärler we netijede olar garaşsyz pikirli adamy duşman hökmünde görýärler. Eger bir şahs olaryň ünsüne bir gezekden köp düşse we [howpsyzlyk] gulluklarda onuň maglumaty bar bolsa, onda ol şahs awtomatiki ýagdaýda jemgyyetiň potensial howply agzasyna öwrülýär.



Daşoguzdan gelýän maglumatlara esaslansaň, hakimiýetler ýurtdan daşary çykýan informasiýanyň çeşmesini tapmaga görkezme beripdirler. Ýerli derňewçiler görnüşi ýaly ekolog Zatoka bilen Adam Hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasynyň arasyndaky baglanyşygy ýasamakdan gowyrak zat tapyp bilmändirler.



[redaktoryň belligi: Adam Hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy Wenada ýerleşýän topar bolup, ol öz internet sahypasynda adam hukuklary barada makalalar çap edýär. Munuň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulin, ol Daşoguzda ýaşan we Zatoka bilen daşky sredany goraýyş klubynda işlän. Häkimiýetler görnüşi ýaly Zatoka Türkmen Inisiatiwasy topary bilen aragatnaşykda diýip şübhelenipdirler.]



NBCA: Zatokaly wakadan soň Türkmenistanda bar bolan az sanly graždan jemgyýeti aktiwistleri nämä garaşyp bilerler?



Begmedowa: Internede girmekdäki çäklendirmeler bir azyrak artar we telefon gepleşikleri ýazgy ediler.



NBCA: “Hýuman Raýts Watç” (Human Rights Watch), “Memorial” rus adam hukuklary topary we beýleki guramalar türkmen häkimiýetine Andreý Zatokany boşatmagy ündediler, ýöne olaryň çakylyklary Aşgabatda ünsi çekmedi. Türkmen häkimiýetini diňlemäge başlatmak üçin nähili netijeli halkara mehanizmler bar?



Begmedowa: Geliň Türkmenistandaky häzirki ýagdaýa seredeliň. Ujypsyzja üýtgeşmelerem Günbatar ýurtlary tarapyndan öwülýär, hakykatda ol üýtgeşmeler günbataryň ýurtlary üçin taýýarlanan göz-boýagçylykdan başga zat däl. Bu yerde hiç-hili de-Başyzasiýa [köp wagt Prezidentlik eden Saparmyrat Nyýazowyň ulanan tituly “Turkmenbäşa” degişli] bolmady, hem-de Türkmenbaşy kulty kem-kemden täze lider [Gurbanguly] Berdimuhammedowyň daşyndaky şahsy kult bilen çalyşylýar.



Bu edil teatrdaky ýaly: şol bir senariýa, diňe üýtgeşik sahna we täze baş aktýor. Olar entegem ýurduň geljeginiň adamlaryň eline berilmeginiň mümkin däldigini, şeýle-de hemme zadyň “Hudaýyň saýlan adamyna” baglydygyny ykrar edýärler. Başgaça pikir etmek bolsa hudaýa garşy giden ýaly.



Bu ýerde öz içine [geljeki reformalatr üçin] öňünden goldaw hökmünde halkara guramalaryň Türkmenistana soňky iki ýylda beren has hormatly gatnaşygyny alýan köp yagdaýlaryň gorkezişi ýaly, ykdysady ryçaglara daýanmak has netijeli bolar. Yerli ýagdaýyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, bu ädimleri türkmen döwlet işgärleriniň ösen döwletlere saparlaryna çäklendirmeler goýmak bilen berkitmek mümkin. Ählisinden güýçli mehanizm ýokary döwlet işgärlerini bu döwletlere çagyrmaga weto goýmak bolar. Ýöne, beýle mehanizm dünýäniň güýçli döwletleri tarapyndan berk syýasy erki talap eder.



Gynansagam, bu berk erk häzirlikçe geo-syýasy gyzyklanmalar bilen alnyp gidilen.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists