Internet ulanyjylar Türkmenistandaky partlamalar barada habar bermegi başardylar

Internet ulanyjylar Türkmenistandaky partlamalar barada habar bermegi başardylar

Türkmenistan media we erkin söz üçin dünýäniň iň ýapyk döwletleriniň birisi, ýöne bu mobil telefonlary we internedi ulanyjylary ýarag ammarynda bolan partlama barada habarlary ýuwaşlyk bilen ýaýratmakdan saklap bilmedi.

Sowet döwründen bäri saklanylýan ýaraglaryň sklady 7-nji iýulda ýaryldy we Abadan şäherinde birnäçe partlamalara getirdi. Resmiler 15 adamyň wepat bolandygyny aýdýarlar, ýöne beýleki sanawlara görä adam ýitgileriniň sany 200-e ýetip biler.

Aşgabatdan 20 kilometrlikde ýerleşýän, 50 000 ýaşaýjysy Abadan şäheriniň ilaty ewakuasiýa edildi.

Garaşylyşy ýaly, informasiýa akymy hökümet tarapyndan berk kontrollyk edilýän ýurtda, bu partlama barada döwlet habar beriş şerişdelerinde 24 sagadyň dowamynda hiç zat aýdylmady. Telewideniýe ol täzeliklere derek konsert görkezdi. Diňe indiki gün agşamlyk olar ýangyna howply materiallaryň skladynda bolup geçen waka we onuň käbir ýakyndaky jaýlara ýangyny ýaýradandygy barada gysgaça habar berdiler.

Ýöne oňa çenli eýýäm daşary ýurtdaky media çeşmeleri ýerli bloggerleriň we mobil telefon ulanyjalaryň kömegi bilen bu habary ýaýradyp başlady.

“Abadanyň ýaşaýjylary internedi gorkusyz ulandylar, hem-de ýerde ýatan howply yaraglaryň we penjiresiz jaýlaryň suratlaryny telefonlara we kameralara düşürdiler. Bu zatlar özem şeýle agyr wagtda edildi!” diýip bir ýerli kommentator aýtdy.

Bir blogger özüniň başdan geçiren gorkusy barada ýazdy: “Partlamalaryň tolkuny adamlary öz gapylaryndan çykyp gaçmaga ýol bermedi we olary yza itekledi. Iň gorkuly ýerem, haçan-da gaçyp barýan wagtyň, öz ýakyn adamlaryň nirededigini bileňok. Kelläň üstünden bolsa ýarag snardýarlary üçup geçýär.”

Partlamanyň ýangyny görünen we sesi eşidilen ýeri bolan Aşgabat şaheriniň ýaşaýjysy şeýle gürrüň berdi: “Partlamalar başlanandan soň elektrik we telefon kesildi, hem-de men diňe gije sagat 1-de internede girip bildim. Oňa çenli men diňe SMS habarlaryny iberip bildim we internedi telefonymdan görüp bildim.”

Ondan soňky 3 günüň dowamynda sosial setler we forumlar Abadandaky ýangynlar, ýapylan ýollar we köp sanly tiz-kömek maşynlary barada Türkmenistandan has köp habarlary ýaýratdylar. Käbir forumlarda hatda ýaralananlar üçin gan tabşyrmak hem teklip edildi.

Türkmenistanyň ilatynyň bary-ýogy 1,5%-inde internet bar. Hökümet internedi mundan 4 ýyl öň töweregi hemmeleriň alyp bilmegine ýol açdy, ýöne köp internet sahypalarynyň bloklanmagy dowam edýär. Odnoklassniki we Facebook ýaly meşhur sosial setleri hem gaty haýal açylýar.

Bu öz telefonlarynyň üsti bilen internede girýän ulanyjylaryň kiçi toparynyň başarnyklarynyň has üstünlikli bolandygyny görkezýär. Olaryň käbiri maglumatlary internetde ýerleşdirmegi başardy, käbirleri bolsa daşary ýurtlardaky dostlaryna habarlary ugradyp, olary dostlarynyň üsti bilen sosial setlerde ýaýratdy.

Aşgabatdaky internet klubynyň administratory informasiýanyň beýle tiz ýaýrap bilenine we ony ýaýradan adamlaryň batyrlygyna geň galandygyny aýtdy.

“Abadanyň adamlary özleriniň azatdygyny subut etdiler, hem-de özlerine elýeterli bolan ähli häzirki zaman kommunikasiýalaryny ulandylar” diýip ol aýtdy.

Aşgabatly bloggeriň pikirine görä, informasiýanyň barlap bolmadyk akymy türkmen hökümetini ahyr-soňy nähilide bolsa bir habary ýaýratmaga mejbur etdi.

10-njy iýulda bu betbagtçylygy ýeňip geçmek üçin döredilen hökümet komissiýasynyň ýygnagy geçirildi we ol ýygnak barada ähli telekanallarda we metbugatda habar berildi.

Komissiýa wakalar barada öz wersiýasyny aýtdy: anyklanylmadyk partlaýjy materiallaryň yssy howa sebäpli partlamagy bilen we soňra harby ammarlara ýaýramagy bilen 15 adam wepat boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow günäkärleriň jenäýät jogapkärçiligine çekilmegi barada we Abadany gaýtadan gurmak barada görkezmeler berdi.

“Köp ýyllaryň dowamynda ilkinji gezek häkimiýetler berbagtçylyga adam ýaly jogap berdiler” diýip ýerli metbugat synçysy aýtdy. “Ýöne häkimiýetleri beýle etmäge internet habarlary mejbur etdi diýip ynam bilen aýtmak bolar.”

Niderlandlarda ýerleşýän Türkmenistanyň graždan demokratiki soýuzynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedow bu pikiri şeýle dowam etdi: “Türkmen internet ulanyjylary tarapyndan edilen işler, nähili kiçi göwrümde bolsada, adamlara hatda ýapyk we awtoritar döwletden özleriniň hakykaty habar bermäge bolan mümkinçiligine ynam döredýän synag ýaly bir zat boldy”.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Media
Frontline Updates
Support local journalists