Abituriýentleriň sany azalar
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmurat Türkmenbaşynyň bilim sistemasynda geçiren reformalary sebäbinden müňlerçe türkmen okuwçy ýyldan-ýyla ýokary okuw jaýlaryna girmek mümkinçilikden mahrum bolýarlar.
Abituriýentleriň sany azalar
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmurat Türkmenbaşynyň bilim sistemasynda geçiren reformalary sebäbinden müňlerçe türkmen okuwçy ýyldan-ýyla ýokary okuw jaýlaryna girmek mümkinçilikden mahrum bolýarlar.
Türkmenistanda bilim reformasy 1993 ýylyň 3-nji Maýynda “Bilim” programmasy yglan edilensoň başlandy. Bu syýasy programma boýunça bilim sistemasyna bir näçe üýtgeşme girizmek göz öňünde tutuldy. Täze reformalaryň netijesinde sowet bilim sistemasynyň ähli elementlary ýok edildi: 9 ýyllyk bilim programmasy hakynda karar kabul edilip, orta bilim programmasy 9 ýyla çenli gysgadyldy. Şonuň bilen birlikde, täze reforma boýyunça rus, özbek hem de gazak mekdepleriň sanyny azaltmagy göz öňünde tutuldy. Indi rus çagalar ene dilinde bilimi dine ýörite rus klasslarynda alyp bilerler. Şonuň ýaly klaslaryň sany bütin welaýat boýunça dine 5-6 sanydyr, we bunuň ýaly ýörite klaslarda diňe Orsyýetiň raýatlygy bar çagalar okap bilýär.
Geçirilen reformalaryň netijesinde ýokary bilim sistemasynyň dargamasy da bellendi. Ýokary okuw jaýlaryň okuw möhleti hem gysgadyldy. Öň ähliumumy hökmany okuw programmasy 4-5 ýyldan ybaratdy. Indi bolsa, okuw möhleti iki ýyl çenli gysgadyldy, galan iki ýyly bolsa talyplar halk hojalyk çäginde hünäri boýunça işläp geçirmeli. Diňe iki ýyl praktikadan soň talyplar ýokary bilim hakynda diplomy alyp bilýärler.
Şonuň ýaly özgerişler ýurdyň jemgyýeti täsin galdyrmadylar. Täze reformalar we 9 ýyllyk bilim sistemasy sebäpli çagalar daşary ýurtlarda bilim almak mümkinçilikden mahrum bolansoň, köp adamlar närazylyk bildirdiler. Täze attestat daşary ýurtlarda bilim almak üçin ýaramsyz boldy.
Emma türkmen uçyrumlar üçin bu garaşylmadyk erbet habar iň soň däl ekeni. 2003-nji ýylyň 5-nji Iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti täze karara gol çekti. Bu karar boýunça uçurymlar ýokary okuw jaýlara kabul edilmek üçin öňüden iki ýyl iş staj almalylar. Ýagny, ýaňa okuwy gutaran çaganyň Polis Akademiýasyna girmek niýeti bolsa, ol öňünden iki ýyla golaý hukugy goraýyş edaralarynda işlemeli.
Mary Welaýat Bilim Bölüminiň işgäri Gurban Nuryýew bilen geçirilen söhbetde bu ýyl abituriýentleriň sany üç esse azalar diýyen maglumat berildi. Gurbanyň aýdyşyna görä biziň şu wagtky bütinleý işsizlik döwrümizde iş tapmak örän kyndyr. Häzir ýokary bilimli hünärmenler iş tapyp bilenoklar, ýaňyja okuwy gutaran okuwçylar nirden tapsyn. Elbetde, käwagt çagalar ene-atasynyň tanyşlary arkaly iş tapan ýagdaýlary da bolýar. Emma, işe başlan soň, we iki ýyl geçen soň ýaşlar okamak islegini asla ýitirýärler.
Aşgabat şäheriň bir mekdebiniň uçurymy Aýna Meredowanyň pikrine görä, bu gowy oýlanylan we dogry syýasatdyr. Iki ýyl säher hassahanasynda sanitarka bolup işlän soň, Aýna bu hünäriň bar aýratynlyklary bilen duş boldy hem medisina institudyna girjek niýetinde gutarnykly karara geldi. Onuň aýdyşy ýaly, tejribe işinden soň teoriýadan ders almak gaty gyzykly hem de peýdalydyr.
Emma, köp ýerli hem-de daşary ýurt ekspertleriň pikrine görä, Türkmenistanyň häzirki bilim sistemasyna düzedişler girizilmelidir, daşary ýurt standartlaryna laýyk gelen hem-de milli azlyklaryň bähbitlerini nazara alan bilim programmasy işläp taýarlanmalydyr.
Uçurumlaryň özleriniň aýdyşyna görä, olar çykalgasyž ýagdaýa düşdiler. Olar ne öz ýurdynda okuwa girip bilýärler, ne daşary ýurtda, ne de iş tapyp bilýärler. Geçen ýyl okuwy gutaran Amanyň aýdyşy ýaly, ol ilki bilen öňki sowet döwletleriň birine okamana gitjekdi. Aman ol taýda bir ýyl taýarlyk kursyna gatnamana da razydy, cünki ony 9 klas bilimi bilen birinji kursa kabul etmezdiler. Ony ikirjiňlen zat, ol bir näçe ýyl daşary ýurtda okap watanyna gaýdan soň ol ýene de işe girip bilmez, çünki daşary ýurt diplomy Türkmenistanda güýçsüzdir. Amanyň aýdyşyna görä ol hem-de onuň deň-duşlary çykalgasyz ýagdaýa düşdiler: ne okamana, ne de işlemäne mümkinçilik tapyp bilýarler. Onuň aýdyşy ýaly, häzirki nesliň ýaşlary öžüni hiç bir zada ýaramaýan hem-de jemgyýetiň gereksiz gatlagy ýaly duýýarlar.