Türkmenistanda Subsidiýalar Azalýar

Türkmenistanda Subsidiýalar Azalýar

Türkmen hökümedi öz ilatyna hemişe berýän subsidiýalaryny düýpli kemeltdi.

Iýul aýynda hökümet soňky 15 ýylyň dowamynda berilýän un subsidiýasyny aradan aýyrdy. Ol düzgün boýunça her maşgala ýörite kartoçkalar berlip, uny aýratyn pes baha bilen almak mümkindi.

Mundan başgada, häkimiýetler arzanladylan bahadan ýangyç alyp bilýän sürüjileriň sanyny hem azaltdylar. Bu hususy ýük maşynlarynyň eýeleriniň her 6 aý üçin 1 200 litr ýangyjy mugt alan döwrüniň soňuna çykdy. Indi diňe ýeňil maşynlaryň we kiçi ulaglaryň eýeleri 720 litr mugt benzini ýa-da dizeli her ýarym ýyl üçin talona alyp bilýärler. Motosikl eýelerine 240 litr berilýär.

Synçylaryň aýtmagyna görä, bu ýyl galla hasylynyň pes bolmagy un subsidiýasynyň kesilmegine getiripdir. Türkmenistan uny, edil beýeleki azyk harytlary ýaly, import hem edýär, ýöne ol getirilen un gymmat bahaly.

Iýmit we sarp ediş harytlarynyň bahalarynyň ählisi ýokary galýar, hem-de subsidiýalaryň kemeldilmegi ilata has agyr düşer.

Käbir ekspertleriň pikirine görä, hatda köp mukdarly gaz eksportlary bilenem, Türkmenistanyň 1991-nji ýyldan bäri tapawutly häsiýeti bolan subsidiýalary we ýeňillikleri bermegini indi hökümediň başarmajakdygyny boýun alan bolmagy mümkin.

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň bir işgäriniň aýdyşy ýaly, "Bu indi mugt durmuşyň soňy."

Ykdysady kommentator subsidiýalaryň ykdysadyýetiň köp bölegine ýaýrap, hakykatda zatlaryň bahasynyň näçedigini hasaplamagy kynlaşdyrýandygyny düşündirdi.

"Bize sagdyn konkurensiýaly sredany döretmek we garaşlylykdan daşlaşmak gerek, emma subsidiýa esaslanan ykdysadyýet muny kynlaşdyrýar" diýip ol aýtdy. "Men häkimiýetler bazar ykdysadyýetine tarap mundan soňam goşmaça ädimler äder diýip garaşýaryn."

Döwlet statistika edarasynyň ykdysadyýetçileriniň biri, benziniň bary-ýogy 22 ABŞ sentine durýan döwletinde, sarp ediljileri has pes bahalardan daşlaşdyrmaga wagt ýetendigini aýtdy.

"Bahalar hakykat bilen mundan köp wagt öň gabat gelmelidi” dýiip ol aýtdy. "Barybir bu ýerde hemme zat arzan."

Aşgabatly ykdysadyýetçi hem hökümediň dogry iş edýänini aýtdy, hem-de bu hereketleriň Türkmenistan ýaly resurslara baý bolan döwletlere maslahat berilýän syýasatlara gabat gelýändigini belledi.

"Geçişden Üýtgeşmelere tarap: Ýewropada we Merkezi Aziýada Durnukly we Düýpli Ösüş" diýlip atlandyrylýan Birleşen Milletler Guramasynyň ýakyndaky hasabaty elektrik toguny we ýyladyş çykdajylaryny subsidiýa etmegiň aýawly däldigni, hem-de sarp ediş endiklerini üýtgetmek üçin bahalaryň ulanylmalydygyny aýtdy.

"Häkimiýetler ykdysadyýeti modernizasiýa etmäge we bazar komponentlerini girizmäge çynlakaý çemeleşýärler, sebäbi olar hatda gaza baý döwletiňem subsidiýalary aýyrmak ýoly bilen gitmelidigine düşündiler" diýip ol aýtdy.

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.
 

Economy
Frontline Updates
Support local journalists