Türkmenistanyň gymmat garaşsyzlyk baýramy
Türkmenistanyň gymmat garaşsyzlyk baýramy
Türkmen häkimiýetleri bu ýurduň Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolmagynyň 20 ýyllygyny şu ýyl bellemek üçin fondlary bölüp goýdylar, emma bu Merkezi Aziýa ýurdunyň adamlary entegem baýramçylyk çäreleri üçin öz jübülerinden tölemeli bolar diýip howatyrlanýarlar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow ýanwar aýynda esasy bölegi oktýabrda belleniljek baýramçylyk çäreleri üçin 1,2 million amerikan dollaryny bölüp bermek barada merkezi banka görkezme berdi. Türkmenistanyň 5 welaýatynyň her biri deň möçberde öz paýyny alar.
Fondlaryň bölünip berlendigine garamazdan, Türkmenistanda köp adamlar özlerine bu gezegem däp boýunça töleýän “meýletin” goşantlaryny etmek zerur bolar diýip pikir edýärler.
“Garaşsyzlyk ýubileýi adamlaryň pulunyň hasabyna geçiriler” diýip günbatar Türkmenistandaky Balkan welaýatyndan bolan metbugat synçysy aýtdy.
Garaşsyz Türkmenistanyň birinji lideri 2006-njy ýylda aradan çykan Saparmyrat Nyýazow dürli reňkli çykyşlary we elleri baýdakly bagtly raýatlaryň toparlaryny öz içine alýan görkezme jemgyýetçilik çärelerini wagtly-wagtynda geçirip durýardy. Ol türkmen atynyň, gawunynyň, halysynyň we beýleki şuňa meňzeş baýramlar ýaly bellenip geçilýän 30-dan gowrak senäni kalendarda galdyryp gitdi. Bular üçin çykdajylar býudjet edaralaryndan bölünip alynýan uly summalar, ýa-da işgär aýlyklaryndan saklanylýan goşantlar arkaly ýapylýar.
Ýerli bir analitigiň hasaplamalaryna görä, ortaça döwlet gulluykçysy bir ýylyň dowamynda bir aýyň aýlygyna – ýa-da 200 dollara – deň bolan şeýle goşantlary etmäge mejbur bolýar.
Gündogar Türkmenistandaky döwlet haly kärhanasynyň haly dokaýjysy “özüniň” baýramy bolan haly gününi ýigrenýändigini boýun aldy, sebäbi ol şol günki resmi baýramçylyk çykdajylary üçin gaty köp nagt puly bermeli bolýar.
“Myhmanlar we döwlet işgärleri biziň agyr zähmet bilen gazanan pulumyzyň hasabyna gara öýdäki ýumşak halynyň üstünde oturyp baýram belleýärler we iýip-içýärler, bizem bezegli geýinip şadyýan öý eýeleri bolan bolýarys” diýip ol aýtdy.
Türkmenabat şäherindäki çaphananyň işgäri fewral aýyndaky baýdak baýramy üçin baýdak satyn almaga özlerinden pul çykarmaly bolýandygy üçin nägilelik bildirdi.
“Baýdaklar hemişe şemalda ýyrtylýar, günde solýar, hem-de dyngysyz baýramçylyklaryň dowamynda könelýär. Şonuň üçin täzesini alar ýaly bizden pul toplaýarlar” diýip ol aýtdy.
Ýurduň günorta-gündogaryndaky Baýramalydan bolan kommentator zor bilen alynýan goşantlaryň has adaty zat bolup barýandygyny aýtdy. Eger öňler milli baýramy bellenilýän edaralardan ýa-da olaryň işgärleriniň aýlygyndan pul alynýan bolsa, indi pul toplamak has umumy esaslarda geçirilýär. Mysal üçin, geçen ýyl ýurt boýunça ýaşulylar maslahaty Daşoguz welaýatynda geçirildi, hem-de munuň çykdajylaryny ýapmak üçin ähli ýerli mugallymlar, doktorlar we beýleki döwlet we hususy guramalaryň işgärleri 20-30 manat ortalygynda (11 dollar töweregi) goşant etmeli boldular.
Goşant etmekden ýüz dönderenler öz başlaryna betbagtçylygy satyn alýarlar.
“Hemmeler dymýarlar, sebäbi baýramçylyk fonduna goşant etmekden boýun gaçyrsa ýa ol barada nägilelik bildirse yzarlanjagyny we hatda işden kowuljagyny hemmeler bilýärler” diýip Aşgabatly bir adwokat aýtdy.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.