Türkmenistanda “demokratiki” ýerli saýlawlara bolan umyt az
Türkmenistanda “demokratiki” ýerli saýlawlara bolan umyt az
Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä Türkmenistanda dekabr aýynda geçiriljek ýerli saýlawlaryň hem edil öňkiler ýäly demokratiki däl ýagdaýda geçirilmegi doly mümkin zat.
Merkezi saýlaw komissiýasynyň 9-njy oktýabrdaky ýygnagynda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna wekilleri saýlamak boýunça 5-nji dekabrda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy.
Her dört ýylda bir gezek ýerli guramalara 40 wekil saýlanylýar.
Režimiň habarlaryny ýaýradýan Turkmenistan.ru täzelikler internet sahypasy ýerli saýlawlaryň demokratiki boljakdygyny we alternatiw kandidatlary hödürlejekdigini, hem-de halkara standartlaryna laýyklykda geçiriljekdigini aýtdy. Bu habara görä saýlaw kampaniýasynda “Köpçülikleýiň habar beriş serişdeleri bilen işleşmäge aýratyn üns berler”.
Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow hökümet başyna geçenden bir ýyl soň, 2008-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlary, hökümet liberalizasiýa ugrunda öňe gider diýlip edilen umytlary ödemedi. Ol saýlawlarda sesler ussatlyk bilen zerur adamlara gönükdirildi.
Berdimuhammedow tarapyndan öňe sürlen häkimiýeti ýerlere geçirmek boýunça ideýalaryň birisi ýerlerdäki wekillere oba hojalygyny ösdürmek üçin pikirleri milli parlamente ibermäge hukuk bermekdi.
2010-njy ýylyň iýunynda ýerli wekillere köpüräk hukuk bermek üçin we ýerlerdäki häkimleriň olara edýän täsirini kemeltmek üçin kanunçylyga üýtgeşmeler girizildi.
Ýöne bu reformalaryň tankytçylary saýlanan wekiller bilen bellenen ýerine ýetiriji işgärleriň arasynda aýratynlygyň gaty azlygyny, hem-de ähli zadyň entegem ýokardan dolandyrylýandygyny aýdýarlar.
“Döwlet hemme zada kontrollyk edýär” diýip Aşgabatly ýurist aýtdy. “Bu alternatiw diýlip atlandyrylýan saýlawlarda ýeňjek kandidatlaryň ählisi häkimiýetiň özüniň hödürlän adamlary bolar."
Munuň bilen Türkmenistanyň günortasyndaky etrap halk maslahatlarynyň biriniň wekili ylalaşdy, hem-de gerek saýlaw netijeleri gazanmak üçin ýerlerde prezidentiň wekilleriniň bardygyny aýtdy. “Hemme zat onuň [Berdimuhammedowyň] aýdyşy ýaly bolar” diýip ol aýtdy.
Adam hukuklaryny goraýjylar saýlaw kampaniýasynyň irki etaplarynda aç-açanlygyň bolmandygyny aýdýarlar. Merkezi saýlaw komissiýasy ýerli saýlaw guramalarynyň eýýäm bellenendigini we ýerly gözegçileriň sanawynyň tassyklanandygyny habar berdi, ýöne olaryň nähili esasda saýlanandygy aýan edilmedi.
“Bize habar berişlerine görä ähli zat edil öňkiler ýaly edilýär” diýip Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondyna ýolbaşçylyk edýän Täjigül Begmedowa öz toparynyň ýurtdan alýan maglumatlaryna esaslanyp aýtdy.
Kanunyň demokratiki saýlaw prosesi üçin esaslara ýol berýändigine seretmezden, gaty az adam bu kanunlardan habarly we gaty az adam ol kanunlara düşünýär.
“Kanunlar adamlara düşündirilmeýär, ol kanunlar düşegiň aşagynda gizlin saklanýar” diýip Köpetdag etrabyndan bolan bir sudýa (kazy) aýtdy.
Döwlet telewideniýesi üçin işleýän žurnalist saýlaw gününiň, edil Russiýada edilişi ýaly, göni efirde görkeziljekdigini aýtdy. “Käbir saýlawçylar Russiýanyň kanallaryny sputnik tarelkalary arkaly görýärler we olarda näme üçin bu [göni efirde görkeziş] bizde mümkin däl diýen sorag ýüze çykýar.”
Ses bermeli saýlawçy bu pikiri tankytlady we adamlaryň ses bermeginiň olaryň erkin saýlamaga hukugynyň bolanyny aňlatmaýandygyny aýtdy.
"Azat däl adamlar erkin ses berip bilermi?" diýip ol sorady. "Olar hemişe munuň erbet täsiri bolaýmasyn diýip yzyna serederler. Basyş etmegiň türmä basmak ýa işden kowmak ýaly birnäçe görnüşleri bolup biler."
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.