Türkmen we Özbek režimleri metbugat azatlygy boýunça dünýäniň iň erbet ýurtlarynyň arasynda

Türkmen we Özbek režimleri metbugat azatlygy boýunça dünýäniň iň erbet ýurtlarynyň arasynda

Sunday, 8 November, 2009
Türkmenistan we Özbegistan ýenede metbugatyň azatlygyna duşmançylykly dünýä ýurtlarynyň arasynda görkezildi.



“Araçäksiz Reportýorlar” halkara gözegçisi özüniň ýyllyk metbugat azatlygy indeksini 20-nji oktýabrda çap edeninde, Merkezi Aziýanyň iki iň erbet azatlyk çäklendirijilerine 175 ýurtdan ybarat spisokda 160-njy (Özbegistan) we 173-nji (Türkmenistan) ýerleri berdi. Diňe Eritriýa we Demirgazyk Koreýa Türkmenistandan pes ýerde goýuldy. Geçen ýylam bu iki döwlet gaty pes orunlary eýeläpdi – özbekler 162-nji we türkmenler 170-nji ýerdedi.



Bu pes baha iki döwleti “Araçäksiz Reportýorlaryň” sanawynda berk senzura öz güýjünde bolan, žurnalistler yzarlanylýan we tussag edilýän, hem-de ýyllaryň dowamynda gowulyga tarap üýtgeşme bellige alynmadyk iň repressiw döwletleriň kategoriýasyna goýýar.



“Özbegistanda we Türkmenistanda bu ýyl situasiýa düýpli üýtgemedi” diýip “Araçäksiz Reportýorlaryň” Ýewropa we post-Sowet bölüminiň başlygy Elsa Widal aýtdy. “Bu bizi gaty aladalandyrýar.”



Iki ýurtdaky kommentatorlaram pes reýtinglere ýurtlaryň mynasypdygy bilen ylalaşdylar. Olaryň aýtmagyna görä hökümetler söz azatlygyna hiç-hili üns bermezligi dowam etdiler, hem-de howpsyzlyk gulluklary metbugat serişdelerini olaryň öfislerine baryp görmek, hatlaryny äcyp barlamak, žurnalistleriň hereketine gözegçilik etmek, hem-de rugsat berilýän temalary olara aýtmak bilen, berk gözegçilikde saklaýarlar.



“Biz hatda öz islän zadyň barada ýazmagyň nähilidigini göz öňünede getirip bilemizok” diýip döwlet gazeti üçin işleýän Aşgabatly žurnalist aýtdy. Onuň ýazýan makalalary hemişe onuň baş redaktory tarapyndan bellenilen temalar barada.



Döwlet täzelikler gullugy TDH-nyň we 60 000 tiražly esasy hökümet gazeti “Neýtralnyý Turkmenistan-yň” habarlarynyň esasy bölegi ýurduň dolandyrlyşyny, esasanam Prizident Gurbanguly Berdimuhammedowyň täze galkynyşlar zamanasynyň üstünliklerini öwmek bilen gurşalan. Dört milli tele-kanallarynda we radio kanallarynda goýberilýän materiallaryňam mundan tapawudy ýok.



Türkmen žurnalistlerinde öz professional başarnyklaryny artdyrmaga mümkinçilikler gaty az sanly ya hiç-hili ýok, hem-de olaryň hiç birisi diýen ýaly yzarlanmakdan gorkup daşary ýurt metbugat gulluklary üçin işlemäge milt edip bilenok.



Garaşsyz žurnalistler 2008-nji ýylyň iýunynda, “Azatlyk” radiosynyň türkmen gullygynyň ştatdan daşary habarçysy Sazak Durdymyradow tussag edilip iki hepde ýapyk psihiatriki keselhanada saklanandan we ol ýerde gynalandan soň, has-da ägä bolmaly boldylar.



Metbugat synçylary žurnalistleriň Özbegistanda-da şuňa meňzeş basyş astyndadygyny aýdýarlar. Ýeke aýratynlyk bu ulyrak ýurtda başarnykly žurnalistleriň sanynyň köpüräk bolmagydyr, şeýlelikde häkimiýetler güýç ulanmak taktikalaryny has ýygy peýdalanýarlar.



Şu ýakynda 10-njy oktýabrda bolup geçen bir wakada, iki garaşsyz žurnalist Saýid Abdurahimow we Wasiliý Markow, Özbegistanyň Gyrgyzstan bilen serhetindäki Karasuw barlag-geçiriş nokadynyň ýanynda surat almak islänlerinde tussag edildiler. Milli howpsuzlyk gullugynyň ofiserleri olardan, şu ýylyň maýynda Andijan polisiýa bölümine ýaraglanan gozgalaňçylaryň hüjümi barada gürrüň berýän yerli adam hukuklary aktiwistiniň interwýusyny özünde saklaýan ýazgy ediş enjamyny konfiskasiýa etdiler.



Ýene bir ýakyndaky waka Dilmurod Saýidiň günälenmegidir. Bu žurnaliste adam hukuklary aktiwistleriniň aýtmagy boýunça toslama günäler esasynda 12 ýyl berildi.



Köp žurnalistler we metbugat analitikleri iki döwletde-de ýagdaýyň gowulanmagyna pessimistiki seredýärler.



“Men Özbegistanda indi köp wagtdan bäri işleýärin” diýip Russiýadan bolan žurnalist aýtdy. “Men Prezident Islam Karomowa duşdym. Bu duşuşykdan galan esasy täsir onuň metbugata bolan açyk ýigrenjidi.”



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)

Central Asia
Frontline Updates
Support local journalists