Türkmen paýtagtyndaky seýrek jemgyýetçilik protesti

Türkmen paýtagtyndaky seýrek jemgyýetçilik protesti

Türkmenistanda demonstratsiýa düşünjesi ýok diýen ýaly. Şonuň üçin 50 töweregi adamyň 8-nji iýunda paýtagt Aşgabatdaky kaşaň konferensiýa jaýynyň öňünde protest gurnamagy gaty geň galdyrýan ýagdaý boldy.

Olar şäheriň gündogar bölegindäki öz ýaşaýyş jaýlarynyň ýumrulmagy baradaky planlara garşy protest etdiler. Şäher häkimiýetleri ol jaýlary bikanun gurlan hasaplaýar.

Demonstratsiýa çykanlar Oguzkent myhmanahanasynyň ýanynda ýygnandylar, sebäbi türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow köplenç bu myhmanhananyň konferens-zallarynda geçierilýän çärelere gatnaşýar.

Polisiýa bada-bad ol ýere geldi we demonstratsiýany ýatyrdy.

1991-nji ýylda Türkmenistan garaşsyz bolanyndan soň, bu ýumrulmak üçin bellenilen ýaşaýyş ýerlerine adamlar göçüp gelip we gowy tertipde ýaşaýyş jaýlaryny gurup başladylar. Wagt geçmegi bilen, jaýlaryň sany köpeldi we olar iki-gat jaýlara öwrülip başlady. Bu ýerlere il arasynda oýun edilip “Nahal-stroý” hem diýilýär.

Formal taýdan hiç-hili ýer eýeçiligi bolmandan soň, bu ýaşaýjylaryň oz arzlaryny sud edaralarynda aýtmaga hem uly umytlary ýok.

“Biziň çagalarymyz, agtyklarymyz şu ýerde ulalýar, indem döwlet biziň ýerimizi almak isleýär” diýip bir demonstratsiýa çykan aýtdy.

Maý aýynyň ahyrynda ýaşaýjylaryň topary öz jaýlarynyň ýumrulmagyny aňladýan şäher gurluşyk planlaryna garşy çykyp, ýerli häkimlige ýüz tutdy. Döwlet işgärleri olara jaýlaryň wajyp desga bolan ýol gurluşyk proýektiniň ugrunda durandygyny aýtdylar.

Eger döwlet ýer eýeleriniň emlägini has peýdalyrak iş üçin talap edip alsa, onda olar üçin kompensasiýa tölenmeli. Ýöne bu dürli sebäplere görä öz eýeçiligini degişli döwlet edaralary bilen registrasiýa edip bilmediklere degişli däl. Bu kiçijik protest çäresine gatnaşanlaryň köpüsi şu kategoriýa degişli, sebäbi olaryň eýeçiligini ykrar edýän hiç-hili dokumentleri ýok.

“Haçan-da olar meniň öýümi ýykmaga gelenlerinde menden registrasiýamy tassyklaýan subutnama görkezmegi soradylar, olam mende ýok. Indi men öýsüz, köçede galmaly bolaryn” diýip bir aýal maşgala aýtdy.

Türkmenistanda häkimiýetler köpden bäri köne jaýlary aýryp, olaryň ýerine täze binalary gurmaga ýykgyn edýärler. Berdimuhammedowdan öňki Saparmyrat Nyýazow pes jaýlardan duran merkeziň köp bölegini ýykyp, ýerine uly aýna-beton jaýlary gurmak bilen Aşgabadyň görnüşini üýtgedipdi.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists