Türkmen jurnalistler hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar

Türkmen jurnalistler hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar

Wednesday, 29 April, 2009
Türkmen jurnalistler halkara standartlar boýunça işlemegi isleg bildirýarler, emma muny amala aşyrmak agyr, sebäbi ýurtda söz azatlygy boýunça berk gözegçilik dowam etdirýär.



Türkmenistanyň daşary yurt işleri boýunça Ministrliginiň we (EHHG) Ewropanyň Howypsyzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň merkezi tarapyndan gurnalan jurnalistler bilen paýtagta Aşgabatda geçirilen okuwy aprel aýynyň 3-ne tamamlandy.



Döwlet habarlar gullugy TDH okuwa gatnaşanlar ýerli tele we radiokanallaryň hem-de gazetlaryň jurnalistlary, daşary ýurtlaryň önde baryjy neşirleriň işleri bilen we metbugatyň azatlyklarynyň esasy örelgeleri bilen tanyşdylar diýip habar berdi.



“Okuw tamamlanandan soňra oňa gatnaşanlar bir agyzdan milli KHBS kämillişdirmegebagly hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada aýtdylar we bularyň hereketleri demokratiýa ösüşi galdyrmak barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň onde goýan esasy wezipeleriniň biri” diýip neşir ýazýar.



Türkmenistanda jurnalistlar üçin okuwlar seýrek geçirilýär, sonky ýyllarda ilkinji gezek 2009-njy ýylyň fewral aýynyň ahyrynda saglygysaklaýyşda meseleleriň dogry beýan etmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.



NBÇA-nyň media synçylary ýerli habarçylar tarapyndan okuwlar uly höweslenmeler bilen garşylanýar, sebäbi olar täze bilim we maglumat almakda uly zerurlyklary bar diýip belleýarler.



“Okuwda men köpçülikleýin habar beris serişdeleri köp ýurtlarda häkimiýetiň üstünden jemgyýet gözegçiliginiň orny tutýar diýip eşitdim, emma muna bizde entäk daş” diýip EHHG okuwyna gatnaşanlaryň biri aýdýar.



“Serhetsiz habarçylar” atly halkar jurnalistik guramasynyň 2008-nji ýylda söz azatlyklary babatynda barlaglaryna görä Türkmenistan Demirgazyk Koreýa we Eritreý bilen metbugatyň azatlyklaryny basylýan , we öz pikirleri üçin jurnalistlar yzarlanýan döwletleriň hasabyna degişli edilen.



Türkmenistan garaşsyz KHBS ýok. Ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň dolandyran wagtynda türkmen jurnalistikasy basyldy, ähli media işgärleriň yzyndan gözegçoilik goýulyp berk edebe laýyklygy girizildi.



2007-nji ýylda täze baştutan Berdimuhamedow özgertmeler syýasaty yglan edip ondan ozalky baştutan tarapyndan ýapylan jurnalistika bölümleri açdy we ýerli metbugatdan “täzeçe garamagy” talap edip başlady.



Emma metbugat üçin şertler onkiligine galýar.



Aşgabatda jurnalistler üçin ussatlyk sapagyny beren Wengriýadan tälimçiler Gabor Horwat we Iştwan Kulçar gatnaşamlaryň metbugatyň azatlyklarynyň ýorelgelerine uly gyzyklanma bildirdiler we “”Nädip bizde de hem şular ýaly azat metbugaty emele getirmeli ?” diýip sorandyklary barada gürrün berdiler.



Emma okuwa gatnaşan ýerli habarçylaryň köpüsi alan bilimleriniň durmuşda ulanyp boljakdygy näguman bolýandyklary barada aýtdylar.



“Hünär derejämizi biz elbetde ýokarlandyrdyk emma olary (bilimi) ulanmaga mümkin çilik ýok” - diýip telejurnalistlaryň biri gürrün berdi.



Aşgabatdaky media synçy öz pikirleri üçin jeza aljakdygy barada gorkylary türkmen jurnalistlara erkin okuw materiallary ýazmaga hem erk bermez diýip belledi.



Mysal üçin okuwda häkimiýetiň Aşgabatda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada beýanyny ýazmak teklip edildi, emma gatnaşyjylar bular ýaly tabşrygy ýerine ýetirmekden ýüz döndürdiler.



“Nädip biz prezidente bagly meseläni maslahatlaşyp we ýazyp beleli” - diýip habarçylaryň biri geň gorýar, - “biziň aramyzda ýörite gulluklaryň işgärleri bardyr we olar biziň maslahatymyz barada bilerler”.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWPR-nyň taslamasy. Taslama 2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists