Partlama türkmen şäherinde uly yz galdyrdy

Partlama türkmen şäherinde uly yz galdyrdy

This apartment block is located over six kilometres from the arms dump, yet its upper floors were gutted by fire. (Photo: IWPR)
This apartment block is located over six kilometres from the arms dump, yet its upper floors were gutted by fire. (Photo: IWPR)
Clearing up around a kindergarten hit by the blast. (Photo: IWPR)
Clearing up around a kindergarten hit by the blast. (Photo: IWPR)
A local sports stadium was used as a makeshift mortuary after the explosion. (Photo: IWPR)
A local sports stadium was used as a makeshift mortuary after the explosion. (Photo: IWPR)

 

Türkmenistanyň merkezi böleginde ýerleşýän Abadan şäherinde ýarag sklady ýananyndan iki aý soň ýerli ýaşaýjylar entegem ýumrulan bölekleri dikeltmäge çalyşýarlar.

7-nji iýulda harby skladlarda birnäçe partlamalar emele gelende türkmen paýtagty Aşgabatdan 20 km töweregi uzaklykda ýerleşýän Abadanyň 50 müň töweregi ilaty ewakuasiýa edildi.

Häkimiýetler 15 adamyň wepat bolandygyny aýtdylar, olaryň ikisi harby gullukçylar. Emma, emigrantlar tarapyndan dolandyrylýan adam hukulary boýunça işleýän habar beriş internet saýty Hronika Turkmenistana özünde bar maglumatlara görä 1 382 adamyň wepat bolandygyny, olaryňam üçden biriniň çagalardygyny aýtdy.

Ýarylan ok-ýaraglar daş-töwerekdäki öýleri we edara jaýlaryny ýumurdy. Ýarag skladlaryna ýakyn ýerleşen Güneş obasynda 127 oý ýer-ýegsan bolupdyr.

Abadan şäherine ugradylan hökümet barlagçylary ýangynyň howanyň has gyzgyn bolmagy netijesinde dörändigini aýtdylar.

Bu waka barada we ýerli adamlaryň habarlary ýurduň daşyna çykarmak üçin internedi ulanyşy barada goşmaça maglumatlar üçin şu makala serediň: Internet ulanyjylar Türkmenistandaky partlamalar barada habar bermegi başardylar.

Adamlar kem-kemden öz öýlerine dolanyp gelip başladylar. Hökümet Abadany gaýtadan dikeltmegi söz berdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow şäheri ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli planyny yglan etdi.

Ýöne häzirem şäher boş bolup görünýär. Ýerli ýaşaýjylar bolup geçen wakalary ýatdan çykarmak üçin köp wagtyň gerek boljakdygyny aýdýarlar.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy. 

Frontline Updates
Support local journalists