Türkmenistan: Hökümet sportyň ösdürilmegi bilen gyzyklanýar.

Türkmenistan: Hökümet sportyň ösdürilmegi bilen gyzyklanýar.

Thursday, 1 October, 2009
Türkmen hökümedi köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek umydy bilen uly sport desgalarynyň giňişleýin gurluşygyna girişýär.



18-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow sporta aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.



2020-nji ýyla çenli umumylykda 75 müň orunlyk 200 sport mekdebini we 100-den gowrak sport desgalaryny gurmak planlaşdyrylýar.



Berdimuhammedow ähli derejelerdäki döwlet işgärlerine “professional sport toparlaryna ähli-taraplaýyn goldawy” üpjün etmegi, sportyň dürli ugurlary boýunça Prezidentiň baýragy üçin tutuş ýurt ýaryşlaryny gurnamagy tabşyrdy.



2007-nji ýylda ýurt başyna geçmek bilen, täze türkmen lideri reformalary girizdi, özünden öňki Saparmyrat Nyýazowyň ýok eden operasyny, baledi we sirki gaýtaryp getirdi, mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda okuwlaryň öňki dowamlylygyny dikeltdi we ol ýerlerde bedenterbiýe sapaklaryna gaýtadan başlatdy.



Şeýle hem buz köşgi, olimpiýa suw sport toplumy guruldy we ýurdyň ähli welaýatlarynda stadionlar gurulmagyny dowam edýär.



Ýöne synçylarda bar bolan maglumatlara görä, orta ýaşly adamlarda-da, ýaşlarda-da sporta aýratyn ymtylyş entek görnenok.



“Obalardaky ýaşlar sporta gyzyganok, hatda şäherlerde-de [sport] seksiýalar beýle köp däl” diýip ýurduň demirgazygyndaky Daşoguzdan bolan synçy gürrüň berýär. “Mysal üçin bar bolan bedenterbiýe-sagaldyş toplumyndaky aýallar sport seksiýasy öz akymyna işleýär: aýallar sapaga gelýärler, olar üçin aýratyn instruktor bolsa ýok”.



Soňky ýyllaryň dowamynda bedenterbiýäniň okuw programmalaryndan aýrylmagy sebäpli köp trenerler we sportsmenler ýa sporty taşladylar, ýa-da ýurtdan göçüp gitdiler, hem-de adamlarda sporta bolan gyzyklanma pese gaçdy.



“Täze sport mekdeplerinde işlemäge adam tapylmaz” diýip ýürduň gündogaryndaky welaýat merkezi Türkmenabatdan bolan öňki sport arbitrleriniň birisi gynanyp gürrüň berdi.



Sport desgalaryny bina etmek boýunça uly planlar, gürrüňsiz, makullanmaga mynasyp, ýöne türkmen sportynyň gözgyny ýagdaýyny olaryň düzetjegine umyt az.



Ýurduň gündogaryndaky Lebap welaýatyndan metbugat eksperti, her welaýatda hereket edýän sport mekdepleriniň, şeýle-de professional taýýarlyk seksiýalarynyň boş bolup galýandygyny belläp geçýär.



“Stadionlaryň we seksiýalaryň bar bolmagyna seretmezden soňky 16 ýylyň dowamynda türkmen sportsmenleriniň hiç birisi olimpiýa oýunlarynyň baýragyna mynasyp bolmady” diýip metbugat eksperti belleýär.



Ol soňky gezek agyr atletika boýunça Altymyrat Orazdurdyýewiň 1989-njy we 1993-nji ýyllarda dünýa we Ýewropa kuboklaryny gazanandygyny ýatlaýar.



Kümüş olimpiýa medalyny bolsa Türkmenistan diňe 1960-njy ýylda, Rimdäki 17-nju tomusky oýunlarda gazandy. Bu ýerde Marat Nyýazow tüpeň atmak boýunça bu baýraga mynasyp bolupdy.



Ýerli sportsmenleriň dürli halkara ýaryşlaryna giňişleýin gatnaşmagyna hem duş gelmek aňsat däl.



“Sporty, gürrüňsiz, galdyrmak gerek. Ýöne muny diňe täze stadion gurmak ýoly bilen etmeli däl” diýip metbugat eksperti belleýär.





(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)



Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists