Türkmen Garaşsyzlyk baýramy syýasy üýtgeşmeleri söhlelendirýär

Türkmen Garaşsyzlyk baýramy syýasy üýtgeşmeleri söhlelendirýär

Türkmenistan özüniň Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolmagynyň 19 ýyllygyny bellände hemişeki ýaly öz harby güýjüni we bagtly raýatlaryny görkezdi. Hemişekilerden ýeke tapawut bu çäräniň Aşgabadyň merkezi meýdançasynda geçirilmänligidir. Sebäbi ol ýerde entegem öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň awgustda aýrylan ägirt altyn statuýasyny çalyşmak üçin täze ýadygärligiň üstünde işleýärler.

Gün bilen bile aýlanýan statuýaly 63 metrlik ýadygärlik, 1991-nji ýylda Garaşsyzlyk alnan soň milli prezidente öwrülen we 2006-njy ýylda aradan çykynça ýurdy dolandyran öňki kommunist ýolbaşçysy Nyýazowyň daşynda gurnalan şahsyýet kultunyň bir bölegidi. Onuň yzyny dowam ediji Gurbanguly Berdimuhammedow şol bir awtoritar galypdan çykan adam hökmünde ýüze çykdy, emma Nyýazowyň kultynyň käbir has artykmaç aspektlerini ýok etmäge çalyşdy. (Bu barada: Öňki türkmen lideriniň altyn heýkeli aýrylýar.)

Berdimuhammedow we beýleki ýokary ýolbaşçylar paýtagtyň günorta bölegi bolan Berzeňňidäki Garaşsyzlyk güni paradyna gatnaşdylar. Bronly harby tehnika we artilleriýa bu ýerden geçdi we soňra samolýotlar ýokardan uçup geçdi. 19 sany meşhur Ahal-Teke tohumyndan bolan at we baýdaklary hem şarlary elinde saklaýan işçiler we studentler olaryň yzyny paradda dowam etdiler.

Gowy bezelen Ahal-Teke tohumlyk aty presidente onuň "Watan we türkmen halkynyň bagtyýar we şadyýan durmuşy üçin çekýän taýsyz zähmeti" üçin halkyň minnetdarlgynyň nyşany hökmünde sowgat edildi .

Paraddan geçýänler ol ýere diňe öz islegi sebäpli barmadylar.

"Adamlar özleriniň okamaga ýa işlemäge we öz maşgalasyny eklemäge bolan mümkinçiligini ýitirmezlik üçin gelýärler, bu uly çärelere olar zor bilen getirilýär" diýip bu çäräni telewizorda gören bir taryhçy aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists