Berdimuhammedow prezident möhletini uzaldýar

Berdimuhammedow prezident möhletini uzaldýar

Monday, 14 July, 2008
Türkmen häkimiýetiniň teklibi boýunça geçirilýän konstitusion reformasy diňe prezidentiň wezipesini berkleşdirmek maksady bilen geçirilýär diýse-de bolýar, şonlukda häkimiýet şahalarynyň (kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we sud häkimiýetleriniň) deňlik prinsiplerini gazanyp bolmaz ýaly edilýär diýip, NBCA-nyň ekspertleri hasap edýärler.



Maý aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň häkimiýeti şu ýylyň sentýabr aýynda eýýäm güýje girizilýän konstitusion özgerişleriň jikme-jik sanyny yglan etdi.



Esasy täzelik bolup şonda Türkmenistanyň prezidentiniň ygtyýarlylygynyň 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzalandygy belli boldy.



Öz düzümine 2,5 müň adam alan wekilçilikli organlaryň biri bolan Halk Maslahaty, başga görnüşe geçirilen prezidentiň ýanyndaky maslahatçy organa öwrülýär, onuň uly bölegi Mejlisiň (Parlamentiň) düzümine geçýär.



Mejlis Konstitusiýa özgermeler girizmegi, kanuna düşündiriş bermek, konstitusion kanunlary kabul etmek we halkara ylalaşyklary gijä galdyrmaklyk bilen gadagan etmek, ýene-de kanun çykaryjy häsiýetli beýleki funksiýalary amala aşyrmak hukugyny alýar.



NBCA-nyň soragnamasyndan geçen ekspertler we hukuk goraýjylar teklip edilýän düzetmeleriniň ugruny şübhe bilen bahalandyrýarlar.



Döwletiň demirgazyk Daşoguz welaýatyndan bolan media-synçynyň pikirine görä, prezident Gurbanguly Berdimuhammedow Konstitusiýa üýtgetme girizmeginiň maksady edinip, özüne “möhletsiz” häkimiýet baştutanlygyny üpjün etmek bilen boldy, sebäbi hereket edýän kanun prezident wezipesiniň diňe bir gezek bäşýyllyk möhletini göz öňünde tutýar.



“Şy kadany özgertmek esasy maksady bolup, bu reformany başlan bolmagy mümkin” – diýip, ol aýdýar. Aşgabatdaky beýleki synçy pikirine görä, Berdimuhammedow öňki prezident bolan Saparmyrat Niýazowdan soň özüni birahat duýup, şonuň üçin iň bolmanda prezident möhletini uzaldyp, öz pozisiýalaryny berkitmekligiň wagty boldy diýip, hasap edýär.





2006-njy ýylyň dekabr aýynda biwagt aradan çykan öňki türkmen lideri hemişelik prezident statusyny aldy, emma ol derejäni oňa Konstitusiýa arkaly berkidilmäni, 1998-nji ýylyň dekabr aýynda bolan Halk Maslahatyň biragyzdan eden karary netijesinde berildi diýip, ol ýatladýar.



Ondan bäri prezident bolmagyň bäşýyllyk möhleti baradaky konstitusion kada häkimiýet tarapyndan äsgermezlik etmek bilen seredildi we döwlet baştutanynyň saýlawlary geçirilmedi.



Bolgariýada ýerleşen türkmen dissidenti Annadurdy Hajyýewiň aýtmagyna görä, eger-de prezident bilen bagly bolan özgertmelere seretmäni, başgaça aýdylsa, onda häkimiýet diňe Mejlisiň ygtyýarlygyny “kadalaşdyrmak” üçin we, häzir ygtyýarlygyny ýatyrmagy meýilleşdirilýän, Halk Maslahatyň peýdasyna birnäçe ýyl mundan öň alnan käbir funksiýalary gaýtaldandan Mejlise alyp bermek bilen bolýar.





Başga ähli zat öňki öňkiligine galýar – welaýat we kazyýet baştutanlary öňküsi ýaly bellenilýär, işden boşadylýar we diňe prezidentiň öňünde hasabat berýär. Degişli maddalaryň many-mazmuny däl-de, diňe beýan edilişi üýtgeýär.



Ondan başga-da, ýediýyllyk möhleti ygtyýarlygy bolan ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany hökmünde, prezident öňküsi ýaly diňe özüne hasabat berýän ministrler kabinetini özi düzýär.



Şeýle hem prezident tarapyndan prokuratura bolan täsiri has güýjeýär. Baş prokuror diňe prezidente hasabat beriji bolýar, häzir hereket edýän Konstitusiýa boýunça prokuroryň hasabatyny häzir ygtyýarlygyny ýatyrmagy meýilleşdirilýän Halk Maslahaty hem kabul edýärdi. Halk Maslahatyň köp ygtyýarlyklaryny alýan Mejlisde prokurordan hasabat almak hukugy bolmaýar.



“Eger-de häkimiýetlik zor bilen bir adamyň elinde bolsa, döwletiň parlamenti diňe özüne gerek bolan kanunlary we düzedişleri kabul etmek üçin edara hökmünde prezident tarapyndan seredilse, jemgyýetiň demokratizleşmegi we häkimiýetlik şahalarynyň bölünişi prinsipi barada nähili gürrüň etmek bolar?” – diýip, Hajyýew gahar bilen aýdýar.



Niderlandda ýerleşýän Türkmenistanyň Raýat demokratik soýuzynyň lideri Wýaçeslaw Mämedow hem Hajyýewiň sözi bilen ylalaşýar. Geçirilýän konstitusion özgermeler, esasanam, prezidente gös-göni boýun bolýan kada-kanun çäginde merkezleşdirilen dolandyrmany ýeňilletmek üçin meýilleşdirilýär, şonuň üçin reformanyň adalatly geçeriljegi barada pikir etmek hem gerek däl diýip, Mamedow aýdýar.





Beýleki hukuk goraýjylar täze türkmen Konstitusiýasynyň zerur bolmagyna-da şübhelenýärler.



“Beýle ýiti zerurlyk ýok, hakykatda ýurtda ýiti problema bolup durýan – bu hem Esasy kanuny ýerine ýetirmeklik. Kanuny berjaý etmek diňe raýatlara degişli bolman, eýsem wezipeli adamlara hem degişlidir” – diýip, adamlaryň hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa aýdýar.



Edil şeýle pikiri Aşgabat şäherindäki ýurust makulaýar.



“Häkimiýetiň düzüminde bolan adamlar döwletiň baştutanynyň niýetleriniň göz üçin edilýändigini has gowy bilýärler, munuň soňunda ýurduň ýagdaýyny üýtgetmek üçin hiç hili düýpli özgerişleriň edilmejegini, sebäbi Türkmenistanda bar meseleleri diňe bir adam çözýändigini oňat düşünýärler” – diýip, ýurist aýdýar.



(NBCA – Merkezi Azyýa ýurtlarynyň täzeliklerini tutuş regiýonyň synçylarynyň giň köpçüliginiň gatnaşmağynda analiz edýän hem teswirleýän dürli dilli gullugy döretmek ugrunda YWPR-iň bir proýektidir. Bu proýekt 2006-jy ýylyň awgusty bilen 2007-ji ýylyň sentýabry aralykda regionyň bäş ýurdunyň bäşisindede ýerine ýetirildi. İndi yaňadan maliýeleşdirilmegi bilen gulluk täzeden Özbegistan hem Türkmenistan wakalaryny beýan etmek işine başlaýar.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists