Türkmenistan Sudlaryndaky Gözboýagçylyk

Türkmenistan Sudlaryndaky Gözboýagçylyk

Turkmen National Security Ministry, Ashgabat. (Photo: IWPR)
Turkmen National Security Ministry, Ashgabat. (Photo: IWPR)

Sowet döwründen galan, has uly bolmadyk ykdysady jenaýatlary etmekde aýyplanýan adamlary ile göz etmek üçin edilýän sud prosesleri entegem Türkmenistanda gowy dowam etdirilýär, hem-de ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, bir sistema girenden soň, günälenýänlerde adalatly derňewe garaşmaga hiç umyt ýok. Döwlet üçin bu öz güýjüni we howpsyzlyk gulluklaryň güýjüni görkezmek, hem-de hökümediň jenaýata garşy göreşýänini görkezmek üçin mümkinçilik bolup durýär.

Bu prosesleriň iň soňkularynyň biri Daşoguz şäherinde bolup geçdi. Ýerli çaphananyň direktorynyň orunbasary we 9 sany sany işgäri kagyz ugurlamakda we ony ulanyp şahsy işleri çap etmekde günäkär hasaplanyldy we türmä basyldy.

“Döwlet derejesinde millionlap ogurlaýanlar türmä düşmeýär” diýip bir ýerli kommentator aýtdy. “Onuň ýerine kiçi ogurlyklar üçin, ýa-da ýalňyşlyk bilen bir agyr ýagdaýa düşen adamlar üçin aýratyn rehimsiz jeza beriş ulanylýar."

Şeýle prosesleri gurnamak, berk jeza beriş ulanmak, hem-de döwlet tarapyndan kontrollyk edilýän mediany ol işleri saýlap görkezmek üçin ulanmak Sowet systemasy astyndaky durmuşyň bir bölegidi. Bu garaşsyz Türkmenistanyň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe-de, onuň yzyny tutujy Gurbanguly Berdimuhammedow döwründe-de dowam etdirilýär.

Olar ýurduň ýagdaýy üçin günäkärläp boljak adamlary görkezmek üçin, hem-de hökümediň bu ýagdaýlara çäre görýänini görkezmek üçin ýönekeý telewizion çykyşlary gurnýarlar. Daşoguzdaky kommentator Nyýazow döwründe ynamdan gaçan hökümet ministrleri, ýerli häkimler, bank we bilim işgärleri masgaralamak üçin, köpçülikleýin ýigrenji güýçlendirmäge gönükdirilen media reportažlaryň bolandygyny ýatlady.

“Adamlar korrupsiýa baş goşanlar tarapyndan eýeçilik edilýän jaýlary, lýuks maşynlary, kilogramlap toplanan altyny we şaý-sepleri, halta-halta pullary görkezýän ol tele-programmalary çyndan gowy görýärdiler” diýip ol aýtdy.

Ýakynda geçen, nebit we gaz edarasynyň 25 işgäriniň işine sereden ýene bir toparlaýyn sud prosesine gatnaşan Daşoguzly bir adwokat prokuraturanyň suda getirip bildigiçe köp adam getirmäge çalyşýandygyny aýdýar. Esasy oýunçylar köplenç degilmän galýar. Suda ýetenler bolsa, hatda olaryň günä bildirilýän jenaýatdaky roly tötänleýin ýa garaşylmadyk bolsada, hökman gunäkär diýlip ykrar edilýär.

Adwokatlaryň aýtmagyna görä, eger jenaýat işi beýleki gulluklaryň ýerine Milli Howpsyzlyk Ministrligi (MNB) tarapyndan suda getirilen bolsa, onda günäkär edilýände aklanmaga hiç umyt ýok.

“Beýle işlerde, hatda gorag adwokaty öz müşderisiniň günäsizligini görkezýän ynandyryjy delil görkezsede, sudýa (kazy) diňe prokuraturanyň tapan delillerini ulanýar” diýip bir adwokat aýtdy.

Anonimlik şerti bilen gepleşen ýene bir adwokat Daşoguzyň pagta arasslaýjy zawodynyň 17 işgäriniň toparlaýyn sud edilişinde olaryň biriniň aklawjysy bolup çykyş edişini beýan etdi.

“Meniň müşderim zawodyň direktory bolup bir ýyldanam az işläpdir. Men suda ähli edilen ýalňyşlyklaryň ondan öňki ýolbaşçy döwründe bolandygyny görkezýän berk delilleri görkezdim” diýip ol aýtdy. “Emme sudýa bu işiň detallaryna seredip durmady, sebäbi ýerli MNB bölümi eýýäm uly bir ykdysady jenaýatyň üstüni açanyny yglan edipdi.”

Adwokatyň aýtmagyna görä, netijede onuň müşderisi öz etmedik jenaýaty üçin günäkär tapyldy.

Prosesiň görnetin düzgün bozmalar bilen geçirilendigine seretmezden, sud garaşylýan effekti getiripdir. “Suddan soň men adamlaryň meniň müşderimiň gürrüňini edişlerini eşitdim. Olar ol adam barada hiç zat bilenoklar, emma olar adalatyň dabaralanandygyna çyndan şat bolýarlar” diýip ol aýtdy.

MNB-niň pensiýa çykan general-leýtenantynyň aýtmagyna görä, kanun goraýjy organlar barlanylýan işleriň ähmiýetini ulaldyp görkezmegi, hem-de suda boldugyça köp adam ugratmagy öz işine öwürdiler.

“Hökümdaryň çalyşmagy [Nyýazowdan Berdimuhammedowa] howpsyzlyk edaralarynyň işleýşine hiç-hili täsir etmedi. Olar düýbünden üýtgedilmedi diýen ýaly, ýöne olaryň işleri öňküden azyrak reklama edilýär” diýip ol aýtdy. “Edil öňküler ýaly, içeri işler ministrliginiň, MNB-niň we prokuraturanyň derňew bölümleri ykdysady we beýleki jenaýatlary suda getirenlerinde boldugyça köpüräk adamy günäkärlemäge çalyşýarlar.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.


Rule of law
Frontline Updates
Support local journalists