Tükmenistan ýerli häkimiýetleri ýönekeýleşdirýär

Tükmenistan ýerli häkimiýetleri ýönekeýleşdirýär

Täze kanunçylygyň Türkmenistanda ýerli häkimiýetlere köpüräk hukuklary berýändigine garamazdan, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylarynyň aýtmagyna görä, hakykatda dolandyryş häkimiýeti doly merkezleşdirilen ýagdaýynda galýar we onuň ýerlere geçmek mümkinçiligi az. 

Maýyň soňunda döwlet metbugatynda çap edilen kanunçylyk akty welaýat, etrap we şäher häkimlerine ösüş programmalaryny olaryň teklip edilýän býudjeti bilen bilelikde merkezi hökümede tabşyrmaga, hem-de soňra ol planlaryň maslahat edilişine gatnaşmaga hukuk berýär.

Kagyz ýüzünde, bu häzirki hemme çözgütler ýokardan kabul edilip aşaga ýetirlýän sistemadan düýpli özgerişlik.

Kanun şeýle-de ýerli ýerine ýetiriji wezipedäkilere, ýagny häkimlere olaryň ýerlerindäki saýlanan wekilleriň işine gatyşmagy gadagan etmek bilen, häkimiýetiň wertikal ierarhiýasyny gowşadýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow özüniň döwlet başyna geçen ýyly bolan 2007-nji ýylyň güýzünde ýurduň parlamentindenem köp hukugy bolan uly gurama Halk Maslatyny dargatmak bilen administratiw sistemany üýtgetmäge başlady. Ol şeýle-de jemgyýeti dolandyryşy has professional etmek üçin ýörite akademiýany döretmäge çalyşdy.

Emma, tankytçylar reformanyň görnükli netijeleri bermändigini we täze kanunyň zatlary kän bir üýtgetmejegini aýdýarlar.

Esasy problema dolandyryşyň ýokardan aşaga gaýdýan awtokratiki sistemasy üýtgemän galýar. Resmi işgärler karar kabul edişlikde hiç-hili hakyky güýje eýe däl, hem-de döwlet guramalarynyň işjeňliklerini prezidentiň özi anyklaýar. Sistemanyň içinde resmi işgärleriň tiz-tizden ýerleri çalşylyp durulýär.

“Döwlet işgärleri gaty berk merkezleşdirilen jemgyýeti dolandyryş sistemasynyň içinde işleýärler, olar ýokardan görkezme almaga öwrenişen. Olara täze metodlara we sistema gabat gelmek kyn düşýär” diýip döwlet işinde köp wagt işlän ykdysadyýetçi aýtdy.

Döwlet wezipelirine işe bellenmek ilki bilen kandidatyň syýasy gurluşa wepalylygyna we tanyşlyklaryna esaslanýar.

“Bu şahslar özleriniň wepalylygyny we gelip çykyşyny barlamak üçin synaglaryň birnäçesinden geçen adamlar” diýip ýurdyň demirgazygyndaky bir synçy aýtdy. “(Öňki prezident) Nyýazow döwründe kandidatlar özleriniň ýedi arkasy barada maglumat toplamaga borçly edildi. Berdimuhammedow bu barlag sistemalaryny ýok etmän saklady, ýöne indi bu diňe üç arka çenli gidýär we ýakyn garyndaşlary öz içine alýar.”

Döwlet işgärleriniň jenaýat edip tussag edilen, ýa-da oppozision garaýyşly ýa garaşsyz žurnalist we disident bolan garyndaşlarynyň bolmaly däldigini bir synçy düşündirdi.

Saýlanyş prosesiniň özi inisiatiwasy bolan adamlary gürrüňsiz aýyrýar.

“Ýerli häkimlik işgärleriniň hiç-hili inisiatiwasy ýok” diýip synçy aýtdy. “Hatda olarda bolaýsada, olar muny açyk aýtmaga gorkýarlar, sebäbi bu işden kowulmaga getirip biler.”

Adatdan çykmagyň bir aýratyn nusgasy hökmünde, ýerli döwlet işgäri öz etraby üçin işsizlik meselesini çözmek, gowy hilli agyz suwy bilen üpjün etmek we kanalizasiýa sistemasyny gurmak üçin ösüş planlaryny taýýarlap çykarypdyr.

“Köp wagtlap meniň planyma hiç-hili jogap bolmady’ diýip ol aýtdy. “Men ol barada soranymda, olar maňa öz ýerimde oturmalydygymy düşündirdiler. Men kimmişim, näme men olardan akyllymy? Meniň etrabymyň problemalaryny haçan we nähili çözmelidigini olar özleri gowy bilýärler.”

Türkmenistandaky ştatdan daşary žurnalistiň aýtmagyna görä ýerli hökümet işgärleri, hatda olarda indi kanuny hukuk bolsada, inisiatiwany öz boýnuna almaga we öz problemalary üçin özleri jogapkärçilik çekmäge taýýar däl.

“Olar her bir karar ýokardan merkezi hökümetden gelmeli diýen prinsipe görä işleýärler, hiç-hili özbaşdak inisiatiwa goldanylmaýar” diýip ol aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists