Klassyky saz türkmenler ücin däl

Türkmenistanda saz mekdepler bilen uçilişelerini sanyny kemeltmek kararyna geldiler. Buny resmi suratda maddy mümkinçilik ýetmezligi bilen düşundürdiler, emma köp adam bu karar ýaş nesiliň rus hem-de günbatar medeniýetiniň üsti bilen dünýä klassygyna öwre

Klassyky saz türkmenler ücin däl

Türkmenistanda saz mekdepler bilen uçilişelerini sanyny kemeltmek kararyna geldiler. Buny resmi suratda maddy mümkinçilik ýetmezligi bilen düşundürdiler, emma köp adam bu karar ýaş nesiliň rus hem-de günbatar medeniýetiniň üsti bilen dünýä klassygyna öwre

IWPR

Institute for War & Peace Reporting
Tuesday, 31 October, 2006
Ady gizli galmasyny islän bilim ministrliginiň bir isğäriniň aýdyşy ýaly çagalary saza hem-de çeperçilige öwreşdirip olar çagalary medeniýetli akylly bolup ýetişdiremek niýetindediler. Saz bilen meşgullananda çagalar intelektual tarapdan ösýärler. Indi bu çagalar Türkemnistanyň ähli künjeklerinde saz derssiz galarlar. Bu bilim ministrliginiň işgäri bundan beýläk bu çagalar köçe terbiýesine goşulup narkomanlaryň hemde ogrylaryň tasirine düşerler diyip alada edýär.



Saz mekdepler hem-de uçilişeler Türkmenistanda gadaganlanan medeniyet edaralaryň spisogyny doldurdylar. Bundan öň, 2001-nji ýylda, president opera we balet teatrynyň ýapylmagy barada buýruga gol çekti. Bir gürrüň inde president hemmelere eşitdirip hakyky türkmen däl syngatlaryň hemmesi onuň halkyna ýat bolanyny hem-de ilaty ýoldan çykarynany tassyklady.



Aşgabat şäheriniň pensioner ýaşaýjysy, öňler TSSR-yň sungatda at gazanan işgäri nebis agyrmagy bilen obalarda saz kärhanalary ýeke medeniýet ojaglary bolandyklaryny aýdýar.



Onuň aýdyşyna görä, saz mekdeplerinin sanyny kemeltmesi bilen oba çagalaryn özlerini sazynda ökde görkezmäge mümkinçilik galmady.



Kemeltmeniň bahanasy prezidentiň çykyşy boldy, şol çykyşda ol bunuň ýaly edaralar olara bölüp berilen gözegçiliksiz pullary harjadyklary üçin şikaýat etdi.



Prezidentiň aýdyşy ýaly, medeniýet ministrligi welaýat administratsiyasy, teatrlar bilen ylalaşyp islän pul mukdaryny hasapdan aýyryp bilýärdi.



Türkmenistanyň Prezidenti Saparmurat Niýazow milli howpsyzlyk ministirligine medeniyet ministrliginiň işini, hem-de býudjet harjamalaryny gözegçilik astyna almagyny buýurýar.



Saz mekdepleriniň işgärleri ministrlik strukturalarynda parahorlyk hem-de döwlet pulyny biderek harjadygy hakykatdan bolandygy bilen razylar. Emma olaryň pikri boyunça bunuň üçin býurokratlar jogapkär. Mary şäheriniň saz mekdebiniň mugallymyň aýdyşyna görä, medeniýet ministrliginiň wekilleri döwlet puly üsti bilen baýlaşýarlar, emma prezidentiň kararynyň netijesinde ýönekeý işçiler hem-de mugallymlara zyýan getirer. 1000 mugallymdan köpüsi işşiz galar, bir topar okuwçy hem-de talyp saz bilimsiz galar.



Prezident diňe, milli Turkmen sazyny hem-de häzirki türkmen dilinde aýdylýan aýdymlary höweslendirýär. Soňky wagtlar peýda bolan milli, aýdymlarynda prezidenti şöhratlaýan aýdymçylaryň sany barha köpelip barýar. Sazy hem-de goşgylary sada, emma president hemma baýramçylyklara gatnaşan halk aýdymçylara olarýn sungadyny höweslendirmek üçin 10-15 müň dolar aýaman berýär.



Gije-gündiz telewideniýede, diňe habarlar gepleşiklerini bermek üçin gysga arakesme bilen, milli ansambllaryň hem-de meşhur estrada aýdymçylaryn kontsertlerini görkezýärler.



Estrada konsertsiz hiç bir dabaraly waka gecmeýär, bu täze söwda merkiziniň ýa-da türkmen serdarynyň ýadygarliginiň açylysy bolup biler.



Regional jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysynyň aýdyşy ýaly, ýaşlaryň sungada höwesi diňe halk gezelenjinde zehinsiz estrada aýdymçylaryň sintezatorly aýdymlaryny diňlemek bilen çäklenýär.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists