Türkmen aktiwisti pasport çäklendirmeleri barada çykyş edýär

Türkmen aktiwisti pasport çäklendirmeleri barada çykyş edýär

Natalýa Şabuns (Foto: N. Şabuns)
Natalýa Şabuns (Foto: N. Şabuns)

Türkmenistanly graždan jemgyýeti aktiwistiniň iki graždanlygy bolan adamlara pasport bermekden ýüz döndürýän döwlet işgärleriniň garşysyna aç-açan çykyş etmegi seýrek ýagdaý.

Aşgabatly Natalýa Şabuns 4-nji aprelde metbugat üçin beýannama ýaýratdy we onda türkmen häkimiýetleinden özüniň täze pasport üçin arzasynyň yza gaýtarylýanyny düşündirmegi sorady.

Bu Merkezi Aziýa döwletinde başgada köp adamlarda bolşy ýaly, Şabuns hem 1993-nji ýylda baglanyşylan ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda berilen türkmen we rus graždanlygyna eýe. Ondan bäri türkmen hökümedi iki graždanlygy birtaraplaýyn gadagan etdi, hem-de adamlary haýsam bolsa bir graždanlygy saýlamaga mejbur edip gelýär. Şabunsyň pikirine görä, oňa türkmen pasportyny bermezlik ony rus graždanlygyndan ýüz döndürmäg mejbur etmek üçin ulanylýan hilegärlik.

Şabunsyň duýdurmagyna görä indiki ýyldan, haçan-da täze türkmen pasportlary daşary ýurda çykmak üçin hökmany zada öwrülende, onuň ýagdaýyndaky adamlar gaty kyn güne düşerler.

Türkmenistanyň berk syýahat çäklendirmeleri sebäpli Russiýanyň pasportyny elde saklamak gaty özüne çekiji zat. Türkmen pasportly adamlar hatda gysga syýahatlar üçin ýurtdan çykmak üçinem wizalar almaly bolýarlar. Russiýanyň pasporty bolsa Russiýanyň özüne we öňki Sowet respublikalary bolan döwletlere wizasyz barmaga ýol açýar, hem-de başga ýurtlara gitmäni hem gaty aňsatlaşdyrýar.

Näçe adamyň iki graždanlygy bardygy barada resmi maglumatlar ýok, ýöne hukuk aktiwistleri bu sany 100 000 töweregi diýip çaklaýarlar.

Türkmen döwleti iki graždanlygy şübheli adamlar tarapyndan ulanylýan mekirlik diýip hasaplaýar. Adam hukuklary aktiwistleri we garaşsyz žurnalistler ýaly ynanylmaýan we päsgelçiliksiz syýahat etmek isleýän adamlar ondan peýdalanyp bilerler.

Adamlary ýa türkmen ýa-da, köpüräk islenilişi ýaly, rus graždanlygyndan ýüz döndürmäge itekleýän kampaniýa 2003-nji ýylda Russiýa pasportyny saklamak isleýän adamlaryň türkmen graždanlygyny ýitirjekdigi baradaky karar çykanyndan bäri dowam edip gelýär. Graždanlygyň ýitirilmegi adamlary tehniki taýdan daşary ýurtla öwrer we olarda öz öýlerine we emlägine hiç-hili hukuk galdyrmaz, hem-de olary ýurtdan çykarylmaga degişli eder.

Moskwanyň iki graždanlyk ylalaşygyny anulirlemändigi üçin bu entegem öz güýjünde galýar we Türkmenistanyň käbir ýaşaýjylary entegem daşary ýurtlara Russiýa pasporty bilen syýahat edýärler. Ýöne täze türkmen pasportlaryny bermek çäresi adamlary saýlamaga mejbur etmek üçin häkimiýetlere ýene bir mümkinçilik berdi.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi (MATB) Şabunsdan onuň ýagdaýyndaky adamlaryň başdan geçirýän kynçylyklaryna resmi wekilleriň berýän düşündirişi barada sorady.

Natalýa Şabuns: Bizde döwlet işgärlerini raýatlardan gelýän formal soraglara bir aýyň içinde jogap bermäge borçly edýän kanunyň bardygyna seretmezden, men olardan hiç jogap almadym. Men hemme ýere hat iberdim: migrasiýa gullugynada, [parlamentiň spikeri] Akja Nurberdiýewada. Migrasiýa gullugynda maňa rus graždanlygyndan ýüz döndürmek berk maslahat berildi. Olar konstitutsiýa girizilen üýtgeşmelere salgylandylar.

Şol sebäpli men 9-njy maýda, iki graždanlygy bolan adamlaryň hemmesi üçin amnistiýa yglan etmegi we bu diskriminasiýanyň soňuna çykmagy sorap, türkmen prezidentine [Gurbanguly Berdimuhammedowa] ýüzlenmegi planlaşdyrýaryn.

Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi: Siziň pikiriňizçe Türkmenistanda näçe adama rus graždanlygyndan ýüz döndürmek üçin basyş edilendir?

Şabuns: Beýle maglumat diňe içeri işler ministrliginiň arhiwinde bardyr, ýöne olam ýapyk edara. Türkmen graždanlygyndan ýüz döndürmek gaty çylşyrymly, hem adamlara ony etmek üçin kähalatda bir ýyl ýa ondanam köpüräk garaşmak gerek bolýar. Diňe bir gezek bu tiz bolup geçdi, olam haçan-da belli adam hukuklaryny goraýjy Andreý Zatokanyň maşgalasy deportasiýa edilende. Olary hem aldawa saldylar – häkimiýetler olara gitmezden öň öz meselelerini çözmäge wagt bermegi söz berdiler, emma soňra olara 24 sagadyň içinde gitmek tabşyryldy.

MATB: Kynçylyga sezewar bolýan şahslar aç-açan çykyş etmäge taýýarmy?

Şabuns: Gynansagam olar taýýar däl. Bolup geçýän zatlar barada alada döretmek üçin islendik synanyşygyň berk öňi alynýar. Onsoňam diňe protest etmek islän adamlar däl-de, olara ýakyn adamlarada temmi berilýär.

Bu problemanyň çözgüdi bir adamyň, ýagny prezidentiň elinde. Hatda kanun goraýjy edaralaryň uly işgärleri hem iki graždanlykly adamlara degişli meseleleri çözmek üçin kimde hukuk bardygyny bilenoklar.

MATB: Öz hukugyň üçin çykyş etseň türme düşüp biljek ýeriň bolan Türkmenistanda adamlar adalata ýetmek üçin näme etmeli?

Şabuns: Mende-hä muňa mysal ýok. Adamlar öz hukuklary üçin söweşende olary ýok edýärler. Halkara jemgyýetçiligi hem muňa üns berenok, bu bolsa häkimiýetlere edenini etmäge ýol berýär.

MATB: Siz adam hukuklaryny goraýjy hökmünde indi näme etmekçi?

Şabuns: Men Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedýewe açyk hat bilen ýüz tutmakçy we Türkmenistanda iki graždanlygy bolanlaryň garşysyna ulanylýan diskriminasiýany beýän etmekçi. Meniň pikirimçe bu meseläni gizlemän, oňa ünsi çekmek wajyp.

Türkmenistanyň içinde adamlara ýüz tutar ýaly hiç kim ýok. Hemme zady bir adam çözýär. Oňada daşardan basyş etmek gerek.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Frontline Updates
Support local journalists